myrataly_
19.01.2024 19:14
Orta asyrlarda Ýewropada ýaşan adamlar nämüçin ölýänçä tans etdiler?

1518-nji ýylda Strasburgda ýaşayan Frau Troffea atly bir aýal öyünden çykyp, darajyk köçede ýöremäge başlady. Soñra ol saza däl-de, öz aýdýan gaharly aýdymyna ýanap tans etmäge başlady. Adamlar aýalyň nägileligini eşdipdi. Çaltlyk bilen ýaýylan bu telbelik bütin obany gaplap aldy. Belli bir wagtdan soñ 400-e golaýa adam iýmän-içmän tans etmäge durdy. Taryhçylar bu wakany "tans eden çuma" diýip atlandyrdy. 1375-nji ýylda şuña meñzeş ýagdaý Ren sebitinde bolup geçdi. Şular ýaly waka Ýewropanyň dürli ýerlerinde orta asyrlaryň dürli wagtlarynda birnäçe gezek gaýtalandy. Täsin fenomeniñ sebäbi hiç wagtam düşündirilmedi. Orta asyrlarda ýaşan adamlaryň bu wakalary şeýtanyň işidir öýdýärdi.Biziñ döwrümizin taryhçylary we psihologlary tansly çuma wakalarynyň köpçülikleýin psihogenetik keseliñ netijesidigini öñe sürýär. Hünärmenlere pikiriçe bular ýaly ynjalyksyzlyk duýgy we añ bilen baglanyşykly stresin agdyklyk edýän döwürlerinde orta çykýar. Orta asyrlar uruşlardan, keselçiliklerden, gytçylykdan we ölümlerden doludy. Psihologlar bu wakany trawmadan soñky stres bozuklygy (wakadan soñky newroz?) diýip düşündirýär. Tans edijiler özlerini şeýle bir isterik, şeýle bir gaharly alyp barypdyr welin, käbir şäherlerde bezemen geýnen bay adamlaryň üstüne topulmaga başlapdyrlar. Hünärmenlerin öñe sürşi ýaly çuma we umytsyzlyk hakykatdanam isterik tans epidemiýasyna iterdimikä? bolmasa jemgyýeti ýaralaýan başga bir waka bolup geçdimikä? Heniz anygyny bilýän ýok.
26
108
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
🤔
myrataly_
19 Yanwar 2024
Taryhyn syrly wakalaranyň yene biri 📌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.