Troýa urşy bolan wakamy ýa-da çeper fantaziýa?
bolan Antik dünýäniñ çözülmedik iñ uly syry megerem Troya urşunyň hakykatda bolup- bolmandygydyr. Troýa rowaýaty Gomeriñ "Iliada" poemasynda garşymyza çykýar. Geñ ýeri, Gomeriñ ýazanlary uzak wagtlap rowaýat hasaplanyp gelindi we üns berilmedi. Birdenem XIX asyrda ýewropalylar bu rowaýata arka durup, hakykatda wakalara esaslanýandygyny öne sürmäge başladylar. Troýada näme bolup geçipdi? Rowaýata görä troýaly Paris Spartanyň hökümdary Menelaýyň görmegeý aýaly Yelenany (Елена Прекрасная) alyp gaçýar. Şoň üçinem akalar Kiçi Aziýadaky Troýa şäherinin üstüne ýöriş edýär. Yöne bu şäheri eýeläýmegem añsat iş däl. Belent diwarlary aşyp bilmejeklerini bilen akalar tagtadan uly at ýasap, esgerlerini şol atyň içine ýerleşdirýärler. Şeýdibem "guş uçsa ganatyndan..." jyda düşürýän gala diwarlary sowgat diýip ugradylan tagta at arkaly aşylýar. Şol gije Troýanyň hökümdary Priam we troýaly erkeklerin barsy öldürilýär. Bu waka taryhyň iñ meşhur harby pirimlerinin biri hasaplanýar. Yöne munuñ näçerägi dogruka? Taryhçy Gerodot Troýa urşunyň b.e.öñki XIII asyrda bolup geçendigini ýazýar. Matematikaçy Erastofan bolsa b.e.öñki 1184-83-nji ýyllara yşarat edýär. Taryhy Troya şäheriniň bolandygy çaklanylýan ýer Türkiýäniñ häzirki Çanakkale bogazynyň
golaýyndaky Hisarlyk diýen ýerde yerleşýär. XIXasyryň ahyrlarynda Genrih Şliman tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu yerde köpsanly areheologik tapyndylaryň üstünden barylýar. Gomeriñ gürrün beren döwrüne degişli birnäçe peýkam okunyň ujy we adam süñkleri tapylýar. Günbatarly taryhçylar bu wakanyň hakykatdanam bolup geçendigini aýtsa, türk arheologlarydyr taryhçylary Troýadaky gazuw-agtaryş işlerinin ylmylykdan uzakdygyny öñe sürýär.