myrataly_
18.01.2024 17:53
Kleopatranyň mazary nirede❓
Owadanlygy, pähim-paýhasy we rimli general Mark Antoniý bilen bolan söýgi gatnaşyklary hemişelik ýatda galan Kleopatra taryhyň in tanymal zenanlarynyň biri. Antoniý bilen Kleopatranyň söýgüsinin kyssasy biziñ günlerimizde-de bütin dünýäni jadylaýar. Betbagtlyk bilen gutaran bu kyssa Antoniý we Kleopatranyň nikalaşmagy bilen başlanýar. Är- aýal bolandan soñ, rimli general gündogaryň iñ uly sözi geçginli adamyna öwrülýär. Bu ýagdaý Rimi we Müsüri gapma-garşy ýagdaýa getirýär. Iki ýurduň arasyndaky oñşuksyzlyk Aktium deñiz söweşine çenli baryp ýetýär. Söweş gutaranda Antoniý bilen Kleopatra gaçmaga mejbur bolýar. Şol wagtam Antonä Kleopatranyň ölendigi habar berilýär Söýgülisinin ölümine döz gelip bilmedik Antoniý özüni öz gylyjynyň üstüne oklap ölenini gowy görýär. Kleopatra bolsa ýurdunyň Rimiñ golastyna girmegini özüne namys bilýär. Rowaýata görä ol özüni zäherli ýylanyň üstüne oklap, özüni ýylana çakdyryp ölýär. Yöne taryhçylar Kleopatranyň ýanynda göterýän zäheri içip ölendigini çaklaýar. Yene bir rowaýata görä meýdi mumyýalanyp, söýgülisi Antoniniň ýanynda jaýlanypdyr. Emma häzire çenli geçirilen arheologik barlaglar Kleopatranyň mazaryna degişli hiç bir yzyň üstünden barmady. Eger Kleopatranyň mazary tapylsa, bu gymmatly açyş Tutanhamonyň galyndylarynyň meşhurlygyny tozanyna garjakdygy şübhesizdir.
27
263
sazsoft
21 Yanwar 2024
@garlawac_, Şonaýt! 😁👍
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@garlawac_, 👍👍👍
237i
18 Yanwar 2024
Agzalarñ kopusi tazelenipdirmai
myrataly_
18 Yanwar 2024
myrataly_
18 Yanwar 2024
@alone_girl_05, Seyle bolany ucin
myrataly_
18 Yanwar 2024
@alone_girl_05, Ol agza ignor etmage gaty okde).Siz yeke gozlan
myrataly_
18 Yanwar 2024
@237i, Salam. @alone_girl_05, Size uly sowgat bereris,yone yeke ozin gozlege cyk
237i
18 Yanwar 2024
Hemmä 😁🖐gyzgyn Salam🔥men yene geldim doslar😁✌🖐
myrataly_
18 Yanwar 2024
@alone_girl_05, Ol towerekde dal bolaymasa🤔
myrataly_
18 Yanwar 2024
@medik_, Ŷagşy gowy bizem.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.