myrataly_
10.06.2024 12:02

Maýyplygyna garamazdan, durmuşda uly üstünlik gazanan 13 şahsyýet



Çäklendirilen fiziki beden adamlary üstünlikden alyp galmaýar. Ykbalyň ýowuzlyklaryna garşy duran şahsyýetleri bilýärsiňizmi?

Eger-de öz ukyp-başarnyklaryňyzdan şübhelenýän bolsaňyz, bu makaladaky fiziki güýji pes bolan meşhur şahsyýetler barada okap, täze üstünliklere yola düşmegiň wagty geldi. Olaryň duýgy we akyl taýdan berkligi, çydamlylygy adamlary çäksiz haýrana goýdy hem-de ähli kynçylyklara garşy göreşip, maksatlaryna tarap aýdyň okdurylmagy başardy.

1. Franklin Delano Ruzwelt

ABŞ-nyň in meşhur prezidenti bolan Franklin Delano Ruzwelt 1921-nji ýylda poliomiýetit keseli bilen keselleýär. Bu kesele garşy elinden geleniçe garşy göreşýär, emma ony bu kesel maýyplar arabasyna ömürlik ornaşdyrýar. Şeýle- de bolsa, Franklin Ruzwelt beýik işleri amala aşyrmakdan we üstünlige ýetmekden ýüz öwürmeýär.

2. Helen Adams Keller

Meşhur Amerkialy ýazyjy, mugallym hem-de syýaýatçy taryhda şekillendiriş sungatyň bakalawr derejesine ýeten ilkinji bolup ker-kör şahsyýet bolýar. Ol özüniň fiziki mümkinçilikleriniň pesligine garamazdan, Amerkanyň Raýat azatlyklary birleşiginiň düýbüni tutujy, işçileriň we aýal-gyzlaryň hukuk-azatlary ugrynda gaýratly göreşiji bolup taryha girýär.

3. Luis Braýn

Çagalykda tötänleýin pyçak bilen gözüni yaralan Luis Braýn wagtyň geçmegi bilen kör bolup galýar. Şeýlelikde, Braýl dünýäde henizem giňden ulanylýan körler we görmeýänler üçin ýörite şrifti tapýar.

4. Stiwen William Hawking

Stiwen William Hawking ady bütin äleme belli
bolsa gerek. Ol 20 ýaşynda bütinleý ysmaz bolýar, soňra bokurdak operasiýasy sebäpli gürlemek
ukybyny yitirýär. Hawking sag eliniň kömegi
bilen otyrgyjyny dolandyrýar, emma bu
bökdençlikler oňa tanymal fizik we astrofizik
bolmagyna böwet bolmaýar. Häzirki wagtda ol
talyplara fizika ylmyna çuňňur aralaşmaga
ýardam berip, Keurig uniwesitetinde mugallym
bolup işleýär.
27
166
myrataly_
09.06.2024 16:11

Beýniniň 2 tarapyny hem ulanmak mümkinmi?



Ylmy barlaglaryň netijesinde her adam şol bir wagtda diňe bir tarapyny köp ulanyp bilýär. Ol hem başarnygyňyza görä haýsy tarapy köp ulanýandygyňyz üýtgeýär. Alymlara görä beýniniň çep tarapy köplenç hasaplama ýaly amallary yerine yetirmäge ökde sag beýni bolsa dil ugurlaryna ökde diýip çaklanylýar. Elbetde bu maglumat her yerde üýtgeşikdir. Emma hemme maglumat çeşmeleri we lukmanlar tarapyndan beýniň köplenç diňe bir tarapy işjeň görnüşde işleýär diýip tassyklanylýar.

Diýmek adamlaryň köp bölegi diňe bir tarapyпу köp işledip bilýär. Emma 2 tarapy hem köp işledip bilmek mümkinmi? Bu soragyň jogabyny görmek ilki bilen biz çagalara seredip bileris. Alymlaryň aýtmagyna görä çagalar täze öwrenýänligi üçin häzir beýnindäki baglanşyklar doly kemala gelmeýär. Şonuň üçin 2 tarapy hem deň işjeň ulanyp bilýar.Ýöne çaga ulaldygyça öwenýär we birzatlara yöriteleşýär. Şeýdip diňe bir beýniniň bir tarapy işlemäge başlaýar.

Geleli 2 tarapy ulanmaklyga. Onuň üçin dürli maşklar bar. Olaryň biri saglakaý bolsaň çep eliň bilen ýazgy ýazmak, Çepbekeý bolsaň hem sag el bilen. Ýagny 2 el bilen yazmak. Muny öwrenmek mümkin. Onuň üçin ilki bolup 1-nji synpdaky ýaly harplardyr sanlary ýeke ýekeden ýazmagy öwrenip başlamaly. Elbetde ol 1günde bolup bilmez emma her gün maşk etseňiz 1 aý ýada ondan köp wagtda kanagatlanarly ýagdaýa gelersiniz. Bu proses beýnniiň 2 tarapyny hem işledýär diýip çaklanýar.

Başgada bir obyekt hakynda üýtgeşik atlar pikirlenmek ýagny şol obyektiň öz maksadyndan başga zatlar pikirlenmek hem 2 tarapyň arasyndaky baglanşygy güýçlendirer. Muňa mysal bolup ruçka bilen ýazylýan däl-de pozulýanlygyny pikr etmek we ş.m. Elbetde bu maşka ilki başda gülkünç gelip biler. Emma ol hem 2 tarapyň arasyndaky baglanşygy güýçlendirýär.

Mundan başga hem beýni maşklary köp. Şeýle maşklar etmek has işjeň beýnä eýe bolmagyňyza kömek eder.
22
75
myrataly_
09.06.2024 10:49

Ýigidi endiginden tana!



Seni endigiň tanadýar. Seniň nähili adamdygyňy endiklerine görä kesgitleýärler. Endikleriň köpüsi bolsa wagtyň geçmegi bilen häsiýete öwrülip gidýär. Täze tanyşlyklarda özüň barada näçe oňat gürrüňler etseň ediber, barybir adamlar seni tanamak üçin wagt talap ederler we wagtyň geçmegi bilen seni tanap başlarlar. Nädip tanarlar?! Elbetde, endikleriňe seredip tanarlar. "Bir adamy tanajak bolsaň, uzak yolda yoldaş bol" diýen nakyl hem hut şu maksat bilen aýdylan bolmaly meniň pikirimçe. Uzak ýolda ýanyňdaky ýoldaşyňa özüňi bolşuňdan gowy edip görkezip bilmersiň, bu mümkin däl. Sebäbi ýol uzak, haýsy bir hereketiňe timar berjek?!

Onsoňam adamyň herbir hereketine ýasama görnüşde timar bermegi o diýen aňsadam däl. Sebäbi adam yasama hereket etjek bolsa, her bir hereketine üns bermeli, seresaplyk bilen hereket etmeli. Bu seresaplygyň yzy gelmeýär, bir aýlap dowam etmegi hem mümkin, hatda ömürboyy dowam edibem biler. Içki dünýäsi bilen hereketleri arasynda gapma-garşylyk bar bolsa başga alajyň näme?! Endik bolsa içki dünýä bilen hereketleriň sazlaşmagydyr. Şeýle sazlaşykda adam özüni örän rahat duýýar. Beýni we aň kuwwatlygyna goşmaça ýük münmeýär, adam tebigy hereket edip bilýär.


Şol sebäpli-de men içi-daşy bir adamlara hormat goýýaryn. Hatda baryp ýatan bihepbe bolsa-da. Sebäbi bihepbe adam aslynda yasama gowy görünýärlerden müň esse gowy...

21
130
myrataly_
08.06.2024 17:37

Ýatmazdan öň kitap okamagyň
5 peýdaly usuly
color =orange>


1. DÖREDIJILIKLI PIKIRLENMEGIN ÖSMEGI



Nil Geýmanyň «Kitap elinizdäki düýşdür» diýen sözlerini ýatlaň. Onsoň hem ylmy açyşlara düýşleriň sebäp bolup bilýändigini taryh telim yola subut etdi. Şeýlelikde, düýşleriň beýnimiziň çuňluklarynda yatan ylham gorumyzy köredip bilýändigine ynапуň.

Başarjaň we döredijilikli pikirlenmegi başarýan adamlar hemişe diýen ýaly şol bir zadyň pikirinde gezýändir öýdýärsinizmi? Ýok, beýle däl. Garaşylmadyk täsin pikir käte başga bir ugurlar bilen baglanyşykly pikirlerden hem döräp biler.

Onsoň hem döredijilikli pikirlenmegi başarmagyň ilkinji şerti dünýä we bolup geçýän zatlara tapawutly garamagy öwrenmekdedir. Ýatmazdan öň okalan kitap bu babatda size ýardamçy bolup biler.

2. ÜNSÜN GÜÝÇLENMEGI



Tehnologiyalar döwründe haýsy hem bolsa bir zatda ünsüňi jemlemek aňsat däl. Muňa telewizor, internet, sosial torlar, daş- töweregimizdäkileriň täsirleri zyýan ýetirip biler.

Eger yatmazdan ozal 15-20 minut çemesi kitap okasaňyz, bu ünsüňizi bir ýere, ýagny kitaba jemlemäge ýardam eder. Okamak üçin düşünmek we ünsi jemlemek zerur. Diýmek, kitap biziň üçin ünsi jemlemek bilen bagly maşkyň serişdesine öwrülip biler.

3. MAGLUMAT GORUNYŇ BAYLAŞMAGY



Zehinine hormat goýan adamlarymyzdan ilkinji soraýan zatlarymyzyň biri haýsy kitaplary okandygy. Eger şeýle bolsa, zehinli we giň dünýägaraýyşly bolmaga barýan ýol kitap okamagyň üstünden geçýär diýip bileris. Kitap öwrenmegiň, uky bolsa öwrenmek amalyny durmuşa geçirmegiň serişdesi.

Uklan wagtymyz günüň dowamynda öwrenen maglumatlarymyz beýnimizde yerleşýär. Onda has peýdaly maglumatlaryň orun tutmagyny haýsy birimiz islemeris?! Maglumatlary bolsa okamak bilen baýlaşdyryp bolýar.

4. DARTGYNLYLYGYŇ AÝRYLMAGY



Eliňizdäki gyzykly eseri bir sagatlap okamak beýniňdäki islendik dartgynly ýagdaýy aýryp, in bolmanda, ep-esli ýeňledip bilýär. Nerw dartgynlylygynyň ynsan saglygyna edýän ýaramaz täsiri barada, belki, size lukmanlar gürrüň berendir. Şonuň üçin hem maksadymyz şol täsirler baradaky gürrüňi ýene bir gezek gaýtalamak däl. Ýöne Angliýanyň uniwersitetleriniň birinde geçirilen barlaglar ýatmazdan öň kitap okamagyň dartgynlylygy 68 göterime çenli azaldyp bilýändigini görkezdi. Galanyny özüňiz pikir ediň!

5. ÇALT UKLAMAK



Günüň dowamynda islesek-islemesek beýnimiz dürli täsirlenmeler bilen ýadaýar. Ýadawlykdan soňra dynç almak üçin yerimize geçip, uzak wagtlap uklap bilmän ýa gije ukymyzyň bozulyp, birki sagatlap çirim etmän oturýan wagtlarymyz bolýar. Şol wagt ýakynyňyzda bolsa kitap okap görüň...
22
52
myrataly_
08.06.2024 11:37

Nädip puluňy gerekmejek zatlara sarp etmekden saklanmaly color =red>



...Köpimizde bolýan ýagdaý, haçan-da haýsydyr bir zadyň yşkyna düşüp, wagtlaýyn joşgunyň täsirinde bolýarys-da, aslynda satyn almak islemeýän zadymyzy satyn alýarys. Şeýle-de bolsa, köpçülik näme-de bolsa özüniň şol hili isleglerine garşy göreşmäge ukyply we wagtyň geçmegi bilen, netijede, zerur däl hasap edýän zatlarymyzy bolgusyz söwda etmek meýilleri, dessine pul harçlamak islegleri öz-özünden galyberer. Emma şeýle ýerliksiz söwda etmek, hatda gerekmejek zatlary hem satyn almak meselesinde onuň güýçli täsirine düşýän adamlar bolýar, bu edil olaryň durmuş endigine öwrülen ýaly. Şeýle adamlara «şopogolikler» diýilýär, olar köpsanly gereksiz, amatly bolmadyk we görnüp duran pes hilli zatlary satyn alýarlar, bular üçin ep-esli pul harçlaýarlar, soň bolsa olary ýerliksiz alandyklary üçin özlerini günäkärleýärler.

Marketologlar alyjynyň ünsüni özüne çekmek üçin aň-düşünjä we duygulara täsir edýän, satyn almaga höweslendirýän ýörite psihologik hileleri ulanýarlar. Bu hilelere mysal hökmünde şu aşakdakylary getirmek bolar:

• reňk ulanmak. Açyk reňkli önümler (gyzyl, mämişi we ş.m.) birbada göze ilginç bolýar, şonuň üçin bu reňkdäki önümler alyjylary özüne çekýär;

• ortatap adamyň gözüne deň gelýän
beýiklikdäki tekjelerde, adatça, möhleti
tamamlanyp barýan, ýa bolmasa-da iň
gymmat harytlar goýulýar;

• taktil duygular - harytlary eliniz bilen köp gezek ellemezlige çalşyň, esasanam satyjy ony eliňize berse almakdan saklanyň. Taktiki aragatnaşyk, hatda zerur däl önümi hem satyn almak üçin aňasty islege sebäp bolýar;

• yslar we sesler. Dükanlarda köplenç alyjynyň eşidişine we ys alşyna täsir etmek usulyny ulanýarlar. Yakymly saz dartgynlygyny peseldýär, tankydy garaýşyňy aradan aýyrýar we gerekmejek zatlary hem satyn almaga mejbur edýär. Bu ys babatda hem şeýle: tagamly iýmitiň, gymmat bahaly atyryň, gymmat deriniň ysy...

Aşakda «hemme zatdan we köp» satyn almaly diýen islegiňi çäklendirmegiň birnäçe ýönekeý we täsirli usullary getirilen.

Supermarkete aç halyňyza gitmäň - sebäbi, beýle ýagdaýda köpsanly gerekli-gereksiz gymmat hem-de zyýanly harytlary - çipsleri, süýjülikleri, et delikateslerini we şuňa meňzeş zatlary satyn alyp bilersiniz.

Özbaşyna sanaw düzüň we ýanyňyz bilen çäkli möçberde pul alyň.

<Eger-de gymmat bir zady halaýan bolsaňyz we sizde ony nädibem bolsa satyn almaly diýen isleg dörän bolsa, bu ýagdaýda özüňize birnäçe sorag berip görüň: «Muny satyn alman bilmerinmi?», <<Şuny satyn almasam näme bolarka?», «Bu zady öýde saklamaga ýerim bir barmy?», «Bu zady nähili ýagdaýda ulanarkam?».

Söwda edeninizde iki ýa-da üç gün ara wagt salyň. Bu döwürde pikiriňizi üýtgedip bilersiniz.

Bir gün birine sowgat bermek üçin ýa-da aýratyn bir pursatda ulanmak maksady bilen «ätiýaçlyk>>> arzan ýadygärlik sowgadyny satyn almak hem ýerliksizdir. Olar öýüňizde ulanylman ýatar, puluňyz bolsa biderek ýere harçlanar.

Öz-özüňi ynandyrmak üçin aşakdaky delilleri ulanyp bilersiňiz:

• ownuk gereksiz zatlar köp ýer tutýar we tertipleşdirmegi kynlaşdyrýar;
• men olary zyňaryn, artykmaç hapalar bolsa, esasanam, plastik önümler tebigata zyýan ýetirer;
• Söwdadan tygşytlan bu pullarymy sagdynlygymy berkitjek bir zatlary satyn almaga ýa-da medeni dynç alyş ýa-da şypahana ýaly bir yere gitmek üçin sarp etsem gowy bolar (teatra, konserte, sport zalyna we ş.m.)

14
43
myrataly_
07.06.2024 22:03

Üstünlikli baý adamlaryň syrlary



1-nji syr: Güýçli isleg

Durmuşda köp zady gazanmak isläp bilersiniz, emma köp zady gazanmak üçin amatly pursady we yhlasly ýapyşmagy unutmaly däldir. Daş- töweregiňizdäki adamlaryň näme üçin hiç zadynyň ýokdugyny pikirlenip görüň? Hawa, olaryň ýeňmek üçin islegi yok.

2-nji syr: Maksady saýlamak

Islegleriňize görä, özüňiz üçin belli bir maksat saýlamasaňyz, üstünlikli bolup bilmersiňiz.

3-nji syr:Energiýa ätiýaçlygy

Arzuwlaryňy maksada geçirmek hemmesi däldir. Şol maksatlaryňa ýeterlik derejede güýjiň we energiýaň bolmasy hökmanydyr.

4-nji syr:Maýilnamalary düzüň

Dünýädäki ähli baý adamlaryň meýilnama düzmekden başlandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Ähli işleriň başy, gowy meýilnamadan başlanýandyr.

5-nji syr: Döredijilikli çemeleşiň

Meýilnamalaryňyza döredijikli çemeleşiň. Hyýallaryňyzda maksatlaryňyzy göz öňüne getiriň. Döredijilikli çemeleşme sizi üstünlige getirip biler.
6-njy syr: Töwekgelçilik!

Töwekgelçilik etmeýän kişiler ýaşanoklar diýlişi ýaly, mümkinçilikleri elden gidirmezlik üçin hereket ediň.

7-nji syr: Başga adamlaryň pullaryny nahilli ulanmalydygyny öwreniň

Bir iş alyp barmak üçin maýa goýum goýmaklygy hemme kişi bilýan bolsa gerek, emma pul goýmak däl-de, şol puluň aýlanyşygyna gözegçilik ediň. Başga adamlar nämelere pul sarp edýändigini öwreniň.

8-nji syr: Güýçlenmek

Millioner Jon Pol Gettiniň belleýşi ýaly:" Peýdaly iş geleşikde 1% işgär güýji gowudyr, 100% öz güýjimden” diýýär. Diýmek, işgärleriniň güýjini dogry ulanmak bilen, gowy netijeler ýetip bolar. Öz güýjizi aýawly harç ediň.

9-njy syr: Tutanýerlilik

Bir başlan işinizi oňuna çenli dowam etdirmegi başaryň. Millionerler päsgelçiliklere garamazdan maksatlaryna tarap yzygider hereket edýändikleri üçin millioner bolýandyrlar.

10-njy syr: Öz-özüňi dolandyrmak

Düzgün bolşy ýaly, üstünlik gazanan adamlar uly erk-islege eýedir we özlerini ýaltalyk etmäge yol bermeýän adamlardyr.

11-nji syr: Akylly adamlar bilen gatnaşyň

Baý we üstünlikli adamlaryň töwereginde bolmak bilen, olaryň nähili pikir edýändiklerini öwrenmäge mümkinçilik alarsyňyz. Şol bir restoranlara, şol bir edaralara, şol bir wakalara baryp görmek bilen, sizi gyzyklandyrýan baglanyşygy tapyp, zerur tanyşlary gazanyp bilersiniz.
23
71
myrataly_
07.06.2024 15:38


Nädip sowalgaňy oýlanyşykly sarp etmeli we harajadyňy meýilleşdirmegi öwrenmeli? color =yellow>

Işleýän adamlaryň hemmesi diýen ýaly aýlyk alanlaryndan bir hepde geçensoň, bu aljyraňňylyk duýgusyny başdan geçirýän bolsalar gerek: «Pullarym nämä sowuldyka?». Pul özbaşyna tiz hem-de düşnüksiz ýagdaýda gutarýan häsiýete eýedir. Pulunyň hasabyny has ykjam we ýerlikli ýöredip bilýänler gaty bir känem däl, ýöne ony tygşytlamagy öwrenmek welin edip boljak zat.

Ilkinji bilen, biderek zatlara nähiliräk derejede pul sarp edilýänini göz öňünde tutmaly.color =red>Nobatdaky, onunjy gezek satyn alynýan, zerurlygy bolmadyk pamada ýa-da yene-de bir göwnüňe ýaran telefon daşy, ýolugra tiz tagama sowlup, garbanara bir zatlar almak, süýji tagamly gazly suw, ownuk-uşak möhüm bolmadyk egin-eşik almak, wagtly-wagtyna restorana girmek, köplenç halatda gijä galyp, jemgyýetçilik ulagynyň ýerine taksa münmek bularyň ählisi bir aýyň dowamynda ortatap adamlaryň köpüsiniň möhüm däl ýere sarp edýän harajatlarydyr.

Adamyň puly näçe köp bolsa, şonça-da köp sowýar.color =red>Girdeji näçe köpeldigiçe, çykdajy hem şonça artýar. Diňe käbir adamlar girdejisiniň has köpelýändigine garamazdan, öz maddy ýagdaýyny adaty tygşytlylykda saklap bilýärler. Biziň pulumyzyň köp harçlanmagyna bolsa daş- töwerek hem-de moda täsir edýär. Sosial media ulgamynyň, modanyň, haýsydyr bir meşhur bloggeriň sahypasyndaky «owadan durmuşyň» kartinalary köpleri «prestiži satyn almaga»,
ýagny illerden pes bolmazlyga we maddy
ýagdaýyny hemmelere görkezmäge mejbur edýär.

Puluňyzy ýerliksiz sarp etdirýän salym wagtlyk arzuwlaryňyza erk etmek isleýän bolsaňyz, gündelik durmuşyňyza zeper ýetirmezden, olardan kem-kem araňyzy açmaly bolarsyňyz.color =red>Mysal üçin, günde işde ýadap günortanlyga çykyp, onda-da golaý-goltumdaky kafeleriň birinde garbanýan bolsaňyz, onda mundan el çekip bolmaz, diýmek bu dogry çözgüt däl. Ýagdaýyňyza görä geýinmek isleýän bolsaňyz we muny netijesiz hasap etseňiz, tygşytly geýinmegiňizi dowam etmeli bolarsyňyz, bu hem ýerlikli çözgüt däldir. Yöne, her günde aýak üstünden sowulýan tiz tagamlarymyz we ýerliksiz içgiler hem-de çipsdir beýleki tebigy däl iýmitlerden welin agzymyzy çetleşdirip bileris. Egin-eşik satyn alanymyzda hem örän ünsli bolup, haýsydyr bir marketing hilelerine düşmejek bolmalydyr.
Iň gowsy harajatlaryň hasabyny ýöretmek we býujetiňi aýa, hepdä we her güne bölüp meýilleşdirmekdir,color =yellow>özüňe has gerek bolan harytlaryň sanawyny düzmek bilen, ýanyň bilen gereginden artyk pul almazlyk. Bu bolsa gerekmejek zatlara pul sowmakdan saklar. Eger gündelik satyn alýan zatlarymyzy her günde ýazyp goýsak, onda nähili ownuk-uşak zatlara pul harçlaýanymyzy görüp bileris.
Eger maddy ýagdaýyň mümkinçilik berýän bolsa, onda artykmaç galan pullaryňy «içi pully howpsuzlyk ýassygymyz» üçin süýşürmek has ýerliklidir. Bu babatda ykdysatçylar aýlyk girdejiniň iň bolmanda 5-10%-ini tygşytlap goýmagy maslahat berýärler.

Pul tygşytlamakda <50/30/20» shemasy bar. Bu shema laýyklykda, aýlyk gazanjyň 50%-i has wajyp bolan sarp ediş harajatlaryna (iýip-içgi, jemagat hojalyk hyzmatlary, ulag, gerek bolan dermanlar...), 30%-i - o diýen bir zerur bolmadyk harajatlara (güýmenje, garaşylmadyk çykdajylar, sport türgenleşikleri we ş.m) sarp edilip, galan 20%-i bolsa «içi pully howpsuzlyk ýassygy» üçin tygşytlanylýar. Aýlyk girdejiniň köplügine görä, bu shemany özüňe laýyk görnüşde hem gurap bolar. Dogry, eger wajyp zatlar üçin sowýan puluň möçberi aýlygyň 80%- ine deň bolsa, onda <50/30/20» shemasyndan peýdalanyp bolmaz. Munuň ýaly ýagdaýda diñe gazananyň 5-10%-ini tygşytlamak ýörelgesine eyermek dogry bolar.
Eger örän uly bir zada pul sarp etmeli bolsaňyz, 3-4 aýlap onuň üçin gazanjyňyzdan mümkin boldugyndan pul süýşürmek ýerliklidir, emma aýlygyňyzy dolulygyna diýen ýaly şoňa harçlasaňyz indiki aýlar günüňizi dolamak kyn düşse gerek.

Bu bir «Köp bilip azyňdan galmak» diýen ýaly gatnaşyklardyr. Şonuň üçin has arzan zady satyn almak isleýän bolsaňyz, nämä pul berýäniñiz barada oýlanyň. Köplenç beýle tygşytlylyk arzan bahadan alnan haryt hiç zada yaraman galan halatynda çykdaja sezewar edýär.
color =yellow>

19
53
myrataly_
05.06.2024 22:49

24 sagat: Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolup geçýärcolor =blue>

Biziň ýaşaýan dünýämizde 24 sagadyň dowamynda ululy-kiçili täsin wakalardyr hadysalar bolup geçýär. Biz köplenç bu wagty bolaýmaly ýaly, ähmiýetsiz hasaplaýarys, ýöne käbir jandarlar üçin Yer ýüzüniň bir güni bütin ömürdir.

Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolýar?

7 ýertitreme, 18 müň tüweleý, 8,6 million ýyldyrym.

Takmynan, 18 million adam doglan gününi belleýär.

Takmynan, 365 müň adam dünýä inýär.

Her gün bir agaç planetanyň iki ýaşaýjysy üçin ýeterlik bolan kislorody bölüp çykarýar.

Orta hasap bilen her birimiz günde 15 gezek gülýäris.

Ynsan ýüregi günde 104 müň gezek urýar.

Kagyz haltalary ýasamak üçin 40 müň agaç, hajathana kagyzy ýasamak üçin 27 müň agaç kesilýär.

Ösümlikleriň, mör-möjekleriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň 150-200 görnüşi daş-töweregiň hapalanmagy, ýeriň zaýalanmagy we daşky gurşawa zeper ýetmegi sebäpli yok bolar.

Hytaýly daýhanlar 510 müň tonna tüwi ýygnaýarlar.

Dünýä ýüzi boýunça 1,700 ,000 tonna miwe ýygnalýar.
Ortaça, her bir adam takmynan 48 müň sany söz aýdýar.

Bütin dünýädäki towuklar 190 million yumurtga berýärler.

Dünýädäki adamlar her gün hajathananyň suwuny 22 milliard gezek goýberýärler. Bu suw mukdaryna adamzadyň ýarysy suwa düşüp bilerdi.

142 müň awtoulag öndürilýär. Eger bu täze öndürilen awtoulaglar zynjyr görnüşde hatara düzülen bolsa, olaryň uzynlygy takmynan 512 kilometre barabar bolardy.

Adam her gün 23 müň gezek dem alýar.

Adam bedeninde her günde 50 trillion öýjük ölüp, täzeden döreýär.

Adamyň 40 - 100 aralygynda sany saçy dökülýär.

Adamlar bir günde 800 million apelsin, 1 milliard alma, 1,5 milliard sany bolsa banan iýýärler.

Adam saçlary 0,35 millimetr ösýär.

24 sagat maýyp güjügiň gysga ömri.

Bir günde adamlar şulary satyn alýarlar:
• 570 müň sany telewizor;

• 3,4 million sany telefon;

• 540 million sany gazet;

• 820 müň sany golf topjagazy.

Her günde 2753 sany kitap çap edilýär.

Ýer ýüzünde 24 sagadyň dowamynda Gün bir gezek dogup, bir gezek batýar. Şeýle-de bolsa, Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) astronawtlary günde 16 gezek Günüň doguşyny we 16 gezek Günüň batyşyny görýärler.

Ýer togalagymyzda her günde bolup geçýän wakalar örän köp bolsa-da, köplenç olara ähmiýet bermeýäris. Bir günde köp sanly janly- jandar dünýä inýär we ölýär, ekinler ösýär we miweler bişýär, köp mukdarda önüm öndürilýär. Tebigatyň ýaşaýşy yzygiderli ösüp-ýetişip dowam edip dur, adamzat işleýär, kämilleşýär.

24 sagadyň içinde milliardlarça jandar üçin ýaşaýyş üpjün edip, ullakan özgerişler sikli başdan geçirilýär. Bu zatlaryň ählisi planetamyzy her pursatda ajaýyp wakalaryň bolup geçýän ýerine öwürýär.

25
199
myrataly_
29.04.2024 21:02

Haŷsysy has kyn



Käwagt pikirlenýän, haýsy has kyn? Gözüň dolan wagty aglamazlykmy, damagyň dolan wagty ýuwudynyp bilmezlikmi? Giden sen bolsaň has kynmy, galan sen bolsaň has kynmy...
GİTMELİMİ, GALMALYMY? Kynçylyklara garşy gelmekmi, ýa-da "ýazgyt" diýip şol kynçylygy gujaklamakmy?
Adam bolmak kynmy, adamlary tanamak kynmy? Bilýän hemmesi kyndyr welin, haýsy has beteri...

Ölmekmi

Ŷaşamakmy.
28
320
myrataly_
28.04.2024 19:16

Gyzyklyja


Şu ŷerde görŷän profilleriňiz haŷsy agzalara degişli
1)
2)
3)
4)
5)
6)
7)
8)
9)
10)
11)
12)

Arasynda tanalŷan agzalaram,tanalmaŷan agzalaram bar. Biraz kynlasdyrmak ucin etdim onam

47
516