https://owrenmeli.app/69538-igidi-endiginden-tana.html#comment
myrataly_
09.06.2024 10:49
Ýigidi endiginden tana!
Seni endigiň tanadýar. Seniň nähili adamdygyňy endiklerine görä kesgitleýärler. Endikleriň köpüsi bolsa wagtyň geçmegi bilen häsiýete öwrülip gidýär. Täze tanyşlyklarda özüň barada näçe oňat gürrüňler etseň ediber, barybir adamlar seni tanamak üçin wagt talap ederler we wagtyň geçmegi bilen seni tanap başlarlar. Nädip tanarlar?! Elbetde, endikleriňe seredip tanarlar. "Bir adamy tanajak bolsaň, uzak yolda yoldaş bol" diýen nakyl hem hut şu maksat bilen aýdylan bolmaly meniň pikirimçe. Uzak ýolda ýanyňdaky ýoldaşyňa özüňi bolşuňdan gowy edip görkezip bilmersiň, bu mümkin däl. Sebäbi ýol uzak, haýsy bir hereketiňe timar berjek?!
Onsoňam adamyň herbir hereketine ýasama görnüşde timar bermegi o diýen aňsadam däl. Sebäbi adam yasama hereket etjek bolsa, her bir hereketine üns bermeli, seresaplyk bilen hereket etmeli. Bu seresaplygyň yzy gelmeýär, bir aýlap dowam etmegi hem mümkin, hatda ömürboyy dowam edibem biler. Içki dünýäsi bilen hereketleri arasynda gapma-garşylyk bar bolsa başga alajyň näme?! Endik bolsa içki dünýä bilen hereketleriň sazlaşmagydyr. Şeýle sazlaşykda adam özüni örän rahat duýýar. Beýni we aň kuwwatlygyna goşmaça ýük münmeýär, adam tebigy hereket edip bilýär. Şol sebäpli-de men içi-daşy bir adamlara hormat goýýaryn. Hatda baryp ýatan bihepbe bolsa-da. Sebäbi bihepbe adam aslynda yasama gowy görünýärlerden müň esse gowy...
21
130