myrataly_
08.06.2024 17:37

Ýatmazdan öň kitap okamagyň
5 peýdaly usuly
color =orange>


1. DÖREDIJILIKLI PIKIRLENMEGIN ÖSMEGI



Nil Geýmanyň «Kitap elinizdäki düýşdür» diýen sözlerini ýatlaň. Onsoň hem ylmy açyşlara düýşleriň sebäp bolup bilýändigini taryh telim yola subut etdi. Şeýlelikde, düýşleriň beýnimiziň çuňluklarynda yatan ylham gorumyzy köredip bilýändigine ynапуň.

Başarjaň we döredijilikli pikirlenmegi başarýan adamlar hemişe diýen ýaly şol bir zadyň pikirinde gezýändir öýdýärsinizmi? Ýok, beýle däl. Garaşylmadyk täsin pikir käte başga bir ugurlar bilen baglanyşykly pikirlerden hem döräp biler.

Onsoň hem döredijilikli pikirlenmegi başarmagyň ilkinji şerti dünýä we bolup geçýän zatlara tapawutly garamagy öwrenmekdedir. Ýatmazdan öň okalan kitap bu babatda size ýardamçy bolup biler.

2. ÜNSÜN GÜÝÇLENMEGI



Tehnologiyalar döwründe haýsy hem bolsa bir zatda ünsüňi jemlemek aňsat däl. Muňa telewizor, internet, sosial torlar, daş- töweregimizdäkileriň täsirleri zyýan ýetirip biler.

Eger yatmazdan ozal 15-20 minut çemesi kitap okasaňyz, bu ünsüňizi bir ýere, ýagny kitaba jemlemäge ýardam eder. Okamak üçin düşünmek we ünsi jemlemek zerur. Diýmek, kitap biziň üçin ünsi jemlemek bilen bagly maşkyň serişdesine öwrülip biler.

3. MAGLUMAT GORUNYŇ BAYLAŞMAGY



Zehinine hormat goýan adamlarymyzdan ilkinji soraýan zatlarymyzyň biri haýsy kitaplary okandygy. Eger şeýle bolsa, zehinli we giň dünýägaraýyşly bolmaga barýan ýol kitap okamagyň üstünden geçýär diýip bileris. Kitap öwrenmegiň, uky bolsa öwrenmek amalyny durmuşa geçirmegiň serişdesi.

Uklan wagtymyz günüň dowamynda öwrenen maglumatlarymyz beýnimizde yerleşýär. Onda has peýdaly maglumatlaryň orun tutmagyny haýsy birimiz islemeris?! Maglumatlary bolsa okamak bilen baýlaşdyryp bolýar.

4. DARTGYNLYLYGYŇ AÝRYLMAGY



Eliňizdäki gyzykly eseri bir sagatlap okamak beýniňdäki islendik dartgynly ýagdaýy aýryp, in bolmanda, ep-esli ýeňledip bilýär. Nerw dartgynlylygynyň ynsan saglygyna edýän ýaramaz täsiri barada, belki, size lukmanlar gürrüň berendir. Şonuň üçin hem maksadymyz şol täsirler baradaky gürrüňi ýene bir gezek gaýtalamak däl. Ýöne Angliýanyň uniwersitetleriniň birinde geçirilen barlaglar ýatmazdan öň kitap okamagyň dartgynlylygy 68 göterime çenli azaldyp bilýändigini görkezdi. Galanyny özüňiz pikir ediň!

5. ÇALT UKLAMAK



Günüň dowamynda islesek-islemesek beýnimiz dürli täsirlenmeler bilen ýadaýar. Ýadawlykdan soňra dynç almak üçin yerimize geçip, uzak wagtlap uklap bilmän ýa gije ukymyzyň bozulyp, birki sagatlap çirim etmän oturýan wagtlarymyz bolýar. Şol wagt ýakynyňyzda bolsa kitap okap görüň...
22
50
Rova
8 Iýun 2024
1) diñe eserlerde şeýle bolaýmasa 5) Ýalan şol men 2lere çenli oturýan gyzygyp 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.