Maýyplygyna garamazdan, durmuşda uly üstünlik gazanan 13 şahsyýet
5. Frida Kahlo
Meksikaly Frida Kahlo 6 ýaşynda poliomiýelite keseline ýolukýar. Ada adamlar ýaly ýaşamak we syýahat etmek islegi Frida Kahlony ýöremek ukybyna getirýär, emma ömrüniň dowamynda agyr agyrylar sebäpli köp wagtyny keselhanada geçirmäge mejbur bolýar. Muňa garamazdan, onuň köp sanly sungat eserleri dünýäniň birnäçe muzeýlerinde altyn hazyna hasaplanylýar. Frida Kahlo barada "Frida" filmi onuň kyn durmuşy barada surata düşürilýär.
6. Lýudwig Wan Bethowen
Bu beýik şahsyýetiň ykbal yoluna ynamak juda kyndyr. Orta gulagynyň çişmegi sebäpli, bu meşhur nemes kompozitory ýokary derejä ýeteninden sonra, eşidiş ukybyny ýitirýär. Emma bu bökdençlikler hem Bethoweni hakyky sungat eserlerini döretmäge böwet bolmaýar.
7. Migel De Serwantes
Beýik Ispaniýaly ýazyjy, has takyky, "Don Kihot" romanynyň awtory Migel de Serwantes Lepanto söweşinde agyr ýaralanyp, çep elini yitirýär. Bu oňa dünýä belli ýazyjy bolmaga we meşhur romanlary döretmäge päsgel bermeýär.
8. Winsent Wan Gog
Ajaýyp eserleri dür merjenlerine deňelýän Wan Gog häzirki zaman sungatyna uly goşant goşan ussat suratkeş hasaplanylýar. Bu beýik şahsyýet agyr depresiýadan ejir çekip, keselhanada bejergi alýar. Onun ömri gaty pajygaly ýagdaýda tamamlanýar.
9. Albert Einşteýn
Otnositellik teoriýasynyň awtory we Nobel baýragynyň eýesi Albert Einşteýn üç ýaşynda hat-da gürläp bilmeýärdi. Ol autizm we disleksiýa keselinden ejir çekýärdi.
10. Erik Weihenmaýer
Ýetginjeklik döwründe görejinden mahrum bolan Erik üstünli türgen bolmagy başardy. Onuň tutanýerli we batyrlygy Ewerest daglarynyň yokaryna galmaga kömek berdi. Mundan başga- da, dünýäniň iň beýik 7 dagyna dyrmaşmagy başaran Erik üstünlikli şahsyýet bolup, taryhda uly yz galdyrmagy başarýar.