https://owrenmeli.app/69484-nadip-puluny-gerekmejek-zatlara-sarp-etmekden-saklanmaly.html#comment
myrataly_
08.06.2024 11:37
Nädip puluňy gerekmejek zatlara sarp etmekden saklanmaly color =red>
...Köpimizde bolýan ýagdaý, haçan-da haýsydyr bir zadyň yşkyna düşüp, wagtlaýyn joşgunyň täsirinde bolýarys-da, aslynda satyn almak islemeýän zadymyzy satyn alýarys. Şeýle-de bolsa, köpçülik näme-de bolsa özüniň şol hili isleglerine garşy göreşmäge ukyply we wagtyň geçmegi bilen, netijede, zerur däl hasap edýän zatlarymyzy bolgusyz söwda etmek meýilleri, dessine pul harçlamak islegleri öz-özünden galyberer. Emma şeýle ýerliksiz söwda etmek, hatda gerekmejek zatlary hem satyn almak meselesinde onuň güýçli täsirine düşýän adamlar bolýar, bu edil olaryň durmuş endigine öwrülen ýaly. Şeýle adamlara «şopogolikler» diýilýär, olar köpsanly gereksiz, amatly bolmadyk we görnüp duran pes hilli zatlary satyn alýarlar, bular üçin ep-esli pul harçlaýarlar, soň bolsa olary ýerliksiz alandyklary üçin özlerini günäkärleýärler.
Marketologlar alyjynyň ünsüni özüne çekmek üçin aň-düşünjä we duygulara täsir edýän, satyn almaga höweslendirýän ýörite psihologik hileleri ulanýarlar. Bu hilelere mysal hökmünde şu aşakdakylary getirmek bolar:
• reňk ulanmak. Açyk reňkli önümler (gyzyl, mämişi we ş.m.) birbada göze ilginç bolýar, şonuň üçin bu reňkdäki önümler alyjylary özüne çekýär;
• ortatap adamyň gözüne deň gelýän
beýiklikdäki tekjelerde, adatça, möhleti
tamamlanyp barýan, ýa bolmasa-da iň
gymmat harytlar goýulýar;
• taktil duygular - harytlary eliniz bilen köp gezek ellemezlige çalşyň, esasanam satyjy ony eliňize berse almakdan saklanyň. Taktiki aragatnaşyk, hatda zerur däl önümi hem satyn almak üçin aňasty islege sebäp bolýar;
• yslar we sesler. Dükanlarda köplenç alyjynyň eşidişine we ys alşyna täsir etmek usulyny ulanýarlar. Yakymly saz dartgynlygyny peseldýär, tankydy garaýşyňy aradan aýyrýar we gerekmejek zatlary hem satyn almaga mejbur edýär. Bu ys babatda hem şeýle: tagamly iýmitiň, gymmat bahaly atyryň, gymmat deriniň ysy...
Aşakda «hemme zatdan we köp» satyn almaly diýen islegiňi çäklendirmegiň birnäçe ýönekeý we täsirli usullary getirilen.
Supermarkete aç halyňyza gitmäň - sebäbi, beýle ýagdaýda köpsanly gerekli-gereksiz gymmat hem-de zyýanly harytlary - çipsleri, süýjülikleri, et delikateslerini we şuňa meňzeş zatlary satyn alyp bilersiniz.
Özbaşyna sanaw düzüň we ýanyňyz bilen çäkli möçberde pul alyň.
<Eger-de gymmat bir zady halaýan bolsaňyz we sizde ony nädibem bolsa satyn almaly diýen isleg dörän bolsa, bu ýagdaýda özüňize birnäçe sorag berip görüň: «Muny satyn alman bilmerinmi?», <<Şuny satyn almasam näme bolarka?», «Bu zady öýde saklamaga ýerim bir barmy?», «Bu zady nähili ýagdaýda ulanarkam?».
Söwda edeninizde iki ýa-da üç gün ara wagt salyň. Bu döwürde pikiriňizi üýtgedip bilersiniz.
Bir gün birine sowgat bermek üçin ýa-da aýratyn bir pursatda ulanmak maksady bilen «ätiýaçlyk>>> arzan ýadygärlik sowgadyny satyn almak hem ýerliksizdir. Olar öýüňizde ulanylman ýatar, puluňyz bolsa biderek ýere harçlanar.
Öz-özüňi ynandyrmak üçin aşakdaky delilleri ulanyp bilersiňiz:
• ownuk gereksiz zatlar köp ýer tutýar we tertipleşdirmegi kynlaşdyrýar;
• men olary zyňaryn, artykmaç hapalar bolsa, esasanam, plastik önümler tebigata zyýan ýetirer;
• Söwdadan tygşytlan bu pullarymy sagdynlygymy berkitjek bir zatlary satyn almaga ýa-da medeni dynç alyş ýa-da şypahana ýaly bir yere gitmek üçin sarp etsem gowy bolar (teatra, konserte, sport zalyna we ş.m.)
14
43