moonlight
01.11.2023 10:45
Men pula: "Sen häzir hem bir bölek kagyz sen diýdim".
Pul ýylgyrdy-da: "Elbetde bir bölek kagyzdyryn, emma häzire çenli durmuşymda musur bedre görmedim" diýdi.
****

Kynçylyklaryň köpeldigi saýyn, dostlaryň azalýar

*****
Durmuşyňdan närazy bolsaň, mazary zyýarat et

*****
Eger şeýle güýçli bolsaň, mazarlyga bar. Senden güýçliler sessiz ýatyr

*****

Özüňi nähili ýokarda duýsaňam, senden ýokarda biriniň barlygyny unutma.

*****
Nokat nähili kiçi bolsada, emma islendik gürrüňi saklaýar.

*****

Möjek aç ölsede, itiň käsesinde nahar iýmeýär..
23
80
moonlight
28.10.2023 13:14
Aýt, hany,
Dogryñdan gel-de, aýt maña,
Gussalarñy durmuş basyp, ýitmänkä.
-Näçe gezek meñ belgime jañ edip,
Öçürip agladyñ, gudok gitmänkä?..
25
88
moonlight
27.10.2023 16:29
"...MEN ÝÖNE - G.EZIZ"

Men düýş gördüm. Düýşümde poeziýa bagynyň içinde aýlanyp ýörkäm, maňa Bagban duşdy we ol mähir bilen döşüme poeziýa gülüni dakdy-da, meni ýola salyp goýberdi.
1958/11 — 6

Öýde maňa käýeýärler. Esasanam — kakam. Ir ýatmagymy talap edýär. Men oňa giç ýatmaga endik edendigimi aýdýaryn. Ol bolsa bir-iki gün kitaplaryňy eliňe almasaň, soňra ýuwaşýuwaş olary ýatdan çykararsyň diýýär.
1958/11


Düýn Mämmet Seýidiň ýanyna bardym. Ol güldi-de: — Sen, how, her ýetene ýassyk bolup barýaň-la! — diýdi. Ol meni goldaýar. Men hakda aýdylýan zatlaryň esasy ýok diýýär. Hemişekileri ýaly, ol maňa ynanýar. «Miwesiz agaja daş zyňylmaýar». Onuň şu sözleri meniň ruhumy göterdi. Marks: «Poetu nužna bolşaýa laska» diýip, nähili dogry aýdypdyr. Birnäçe dogmatikler şindi edebiýatda barkalar, meniň iki ýaňagym mydam gyzaryp durar. Nähili küteklik!
19/1 — 1963 ý.

Sen öz-özüňe düşünmek isleseň, öz adamçylygyňy, gylyk-häsiýetiňi öwrenmek isleseň, Ýerdäki öz ornuňy bilmek isleseň näme etmeli? Bu meseläni dört diwary akyldarlaryň kitaby bilen bezelen jaýyňda çözüp bilmersiň. Olar seniň dünýä düşünmegiňe kömek eder, sen özüňde şol kitaplary ýazanlaram açarsyň, emma öz-özüňi açyp bilmersiň. Onuň üçin diňe halka gitmeli. Sen özüňi diňe özgelerden, olar bilen bolan tanyşlyklardan, gatnaşyklardan taparsyň. Hiç bir adamyň oý-pikiri, häsiýeti, ýeten medeni derejesi adamlardan, jemgyýetden daşarda açylmaýar. Mende özgeler ýaşaýar. Men özümi özgeleriň üsti bilen açýaryn.
15/VI — 68 ý.

Öýkünjeňligiň gutaran ýerinde şahyr başlanýar. Ol ýazýar, köpleriň aýtmagyna görä, oňat ýazýar, ony söýýärler. Ýöne günleriň biri ol özüne öýkünip başlaýar. Muňa çarhyň boş aýlanmagy diýilýär. Muňa öz şahyrçylyk talantyňa buýsanmak, tersine aýtsak weli, öz zehininiň barlygyna müňkürligiň ýoklugy diýilýär. Şahyr her gezek stoluň başyna geçende ýa-da her gezek täze goşga başlamazdan öň, öz güýjüne müňkürlik etmese, goşgynyň şowly çykmajagy belli. Öz-özüňe ynamyň başlanan güni şahyr gutarýar.

Şahyr şahsyýet bolmaly. Näsini aýdýaňyz. Diňe şahyr däl — her bir adam şahsyýet bolmaly. Galyberende-de, şahsyýetden şahyr döremeýär, tersine, şahyrdan şahsyýet döreýär.

Şahyr iň oňat goşgusyny ölenden soň ýazýar.
30/VIII — 68 ý

GURBANNAZAR EZİZOW..
30
100
moonlight
27.10.2023 00:43
Şu gün bir adamyñ durmuşy barada gürriñ edesim gelýä. Рустам Набиев barada gürrüñimiz. Gullukdaka şul oglan kazarma jaýy ýumrulýa, bulam içindekä. 7 sagatlap bitonlañ içinde ýatýa. Aýagyny gowy mynjyratýar. Näme üçin 7sagat ýatýar diýip sorasañyz, tehniki maşynlar gijä galýar. Soñ balnissa alyp gitýäler we doktorlar biziñ gerekli enjamlarmyz ýok, Moskwa alyp gitmeli,Moskwa çenlem ýaşar öýdemizok, aýakly jaýlanyñyz gowy dälmi gaýtam diýäler. Kakasam eşdip erbet bolýa. Men öz boýnuma alyp äkitjek diýýär we alyp gitýär. Kesýäler aýagyny. Rustam:"Özüme gelip ynanyp bilmedim. Özümi kabul edip bilmedim aýaksyzdygyma seredip, 2 aýlap depressiýada gezdim. Soñ bir ýerden özüme pikir gelip başlady. Ýa obiçno adamlar ýaly ýaşamaly saña şans berildi, ýada ikinjisi henizem bar ýaşasyñ gelmese.." diýip düşünje geldi özüme diýip aýtýar we kabul edip başlaýa özüni. Öz söýüşýän gyzyna:"Sen menden gidip bilersiñ, men hiç hili gaty göremok senden, düşünýän señ ýagdaýña" diýýär. Söýgülisem:"Şu temada aýdanyñ iñ soñky gezek gürleýşiñ bolsun" diýä. Rustam soñ obicno adamlar ýaly ýaşap başlaýar. Sport bilenem meşgullanýa, işleýärem, maşynam alynýa, jaýam alynýa. Söýgülisi bilen toý hem tutýar. Çagajyklary bolýa:"Hasam özüme ynam geldi, gyzjagazym bolandan soñ" diýýär..
Bir gün köçeden gidip barýarka, bir aýagy ýok biri ýolda pul diläp dur diýä. Barýa we maşynyñ aýnasyny açyp, näme boldy agam diýip sorapdyr. Ol adamam aý aýagymy gidirdim, ýaşasym gelenok, durmuş manysyny ýitirdi, içýänem çekýänem diýipdir. Rustamam işigi açyp, meñ 2 aýagymam ýok agam, durmuş manysynam ýitirenok, men özimi kemem göremok, çagajyklarymam bar, gelnimem bar, öýümem bar diýip jogap beripdir we ol adam hic hili geplemändir... Ýöne Rustamyñ ýene bir zat edesi gelipdir. Russiýada iñ beýik dagy Elbrus dagyna çykasy gelýä. Oñada bilýänsiñiz ýöne mönee adamlar çykyp bilenok, janyñ sag bolanda-da gaty kyn ol daga çykmak. Diri galmaýanlar hem bar. Rustam ýylgyryp:"Men özümden çekinemok, utanamok, gelnimem menden utananok, özümi ilden kemem göremok. Gyzlarym bar bular bir gün ulanar uly gyz bolar, menem garrarn. Şonda biri gyzlaryma señä kakañ iki sany aýagam ýok diýse, meñ gyzymam a señ kakañ 2 ayagy bolubam Elbrus dagyna çykyp bildimi? Meñ kakam aýaksyz çykyp bildi diýip jogap berer ýaly diýip, bir giden adamlar bilen bu daga çykmak üçin ýola düşýä.. Kyn boldy diýä. Aglaýan, özüme kimdirn diýän diýä, näme üçin beýle karara geldiñ ýatda öýüñde ýyljajyk ýerde bolup ýörşiñ näme diýip öz özüme käýinýän diýä. Soñam ýarty ýol geçenimden soñ kelläme gelýä öýdäkileri ýatlaýan, ýyljajyk ýerde oturandyrlar gelnim, çagajyklam diýä. Soñam öz-özüne Hudaýa şükür hemme zat gowy. Begenýän diýä. Ahyry geçýä ol ýollary, çykýa Elbrus dagyna...
Henizem Rustam kömek etýä adamlara fiziçeski kömek (eli bilen), başarsa finansovy ýagdaýda-da kömek etýä mätäç adamlara. Menem şu wakany siziñ bilen paýlaşasym geldi, özüñiz many çykararsyñyz diýip umyt etýän..
25
72
moonlight
26.10.2023 11:37
∆. Wifiñyza parol goýanda "2444666668888888" şu paroly goýmagyñyzy maslahat berýän. Sizden paroly soranlarynda " bir 2 üç 4 bäş 6 ýedi 8" diýip jogap berersiñiz))


∆. Ýaponiýa pasporty dünýäde iñ güýçli pasportdyr, bu pasport bilen siz 189 döwlede gidip bilersiñiz.


∆. YUNESKO-nyñ sanawyna görä okeanlarda 3 milliona golaý batan gämiler bar.


∆. Dünýä saglyk guramasy "Who" görä ýaş bölümleri:
1. 0-17 -ýetginjeklik.
2. 17-45 -ýaşlyk
3. 45-65 -orta ýaş
4. 65-80 -garry(ýaşuly)
5. 80-99 -uzyn ömürli.
33
218
moonlight
25.10.2023 17:53

Adaty zatlardan ýüregim gysýar,

Köp zatlary alamogam piňime...

Aý üstüne giden bolardym birwagt,

Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi

Kimdir birine...


Sesim ýetdiginden aýdym aýdýaryn,

Çekjek bolup ümsümligiň ünsüni.

Yhlaslarym puç bolupdyr, owarram!

Gorkýan bilip-bilmän ýykaryn öýdüp

Umydymyň göwnüni.


Suwa bakyp öz keşbimi synlaýan,

Seredip gözlermiň garajygyna.

Goý, başgalar näme diýse diýsinler!

Men saňa söz berýän, söz berýän, kalbym!

Seni aýajagyma!


Arşda guşlar menden beter elenýär,

Olaryňam derdi ýetik çemeli.

Menem bir pel-pelläp uçsadym Gökde,

Çünki Ýerde söýen duýgularymyň

Baram emeli...


02:45

21.10.2023


Enemähri GUWANOWA

27
53
moonlight
23.10.2023 14:58

∆.19-njy asyrda pasporta surata nähili düşmek özüñe bagly ekeni. (1nji surat)


∆.Bu gyz söýgülisi bilen aýrylandan soñ oña 27000 gezekden gowrak jañ, 12000 gezekden gowrak sms, 127 gezek sesli sms, 47 gezek bolsa poçta uradanlygy üçin tussag edildi. (2nji surat)


∆.Meşhur futbolçy Antuan Griezmanyñ çagalarynyñ doglan günleri:

08.04.2016

08.04.2019

08.04.2021.


∆.İslam Mahaçew Aleksander Wolkanowski bilen urşunda 1nji rauntda Wolkanowskini nakaunt etdi we ýeñiş gazandy. Ýeñişinden soñ ol şeýle sözler aýtdy:

"Bu ýeñişimi men nyşanlajak däl. Palestinada we İsraelde bigünä çagalar ölýän wagty biziñ begenmäge hakymyz ýok, urş gutarmagyny dileýän.."


∆.Ronaldo hiç haçan tatuirovka(bedeniñe çekilýän surat, çyzgy) etmezlige söz beripdir.

We ýene bir täsin maglumat, Ronaldonyñ hormatyna muzeý hem bar.

32
239
moonlight
22.10.2023 21:29

Myhmanlar gidip barýarka, kijjikge çaga "seni alyp galýas" diýmek milli prikolymyz.



-Bol pizza sargaly.

+Biz berhizde ahyry?

-Ýör onda pyýada gidip alaly.



Syýahat etmäni gaty gowy görýän.

Argentina, Kuba, Germaniýa, Awstraliýa ýaly ýurtlara vpn bilen aýlandym.



Toýa gideniñizde "näme guýaýyn?" diýip soranlarynda näme diýjegiñizi bilmän "kola guýaýsana" diýýäñizmi sizem?)

32
202
moonlight
22.10.2023 10:47

Ynsan özüne hakykatdan zerur zat üçin her näme bolsada wagt tapýar..


Fýodr Dostoýewskiý

31
60
moonlight
21.10.2023 18:12

Jackie Chan-yñ Oskar baýrak gowşurylyş dabarasynda sözlän sözi..


Men häzirem bärde duranyma ynanyp bilemok. Bu belkem düýş bolsa gerek. Öñler Oskar baýrak gowşurylyş dabarasynda, her ýyl kakam bilen tomaşa ederdim. Käwagtlar bolsa, ejemem biz bilen bile görerdi. Şonda elmydama kakam: " Oglum, sen kinolaryñ bilen dünýä boýunça birnäçe baýraklary aldyñ. Ýöne sen haçan hut şu baýragy alarsyñ?" diýip sorardy. Menem kakamyñ ýüzüne seredip gülip: "Kaka men diñe urşly komediýa kinolarna düşýänä" diýip jogap bererdim.. birnäçe ýyldan soñ şeýdip Hollywood-a geldim. Bärde uly studiolar we režissýor bilen duşuşdym. Soñra bolsa dostumyñ öýüne ornaşdym.. şonda men bu kiçijik owadan zady(oskar baýragyny) onuñ öýünde göremde, elime alyp ogşap ysgap gördüm. Görseñ häzirem onda meñ barmak yzlarym durandyr. Hawa, dostum ony saklapdyr. Şonda men özüme menem edil şular ýalagyny isleýän diýdim. Muny size aýtýan, çünki adam diýlen halk ynanmazak bolýar.. we ahyry 56 ýyllyk kino insturiýasyndan, 200-denem köp kinolardan we birnäçe döwülen süñklerden soñra, oskar baýragyny aldym. Men dogduk mekanyma, göbek ganymyñ daman ýeri, birnäçe garagollyk eden ýerlerim ajaýyp Hankok şäherine we özümiñ watanym bolan Hytaý ýurduna örän minnetdardyrn. Men özümiñ Hytaýlydygyma buýsanýan, we şeýle hem maña şunça ýyllap birnäçe zatlary öwreden we meni azajygam bolsa meşhur eden Hollywood-a sag bolsun aýtmak isleýän..

22
54