moonlight
25.10.2023 17:53

Adaty zatlardan ýüregim gysýar,

Köp zatlary alamogam piňime...

Aý üstüne giden bolardym birwagt,

Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi

Kimdir birine...


Sesim ýetdiginden aýdym aýdýaryn,

Çekjek bolup ümsümligiň ünsüni.

Yhlaslarym puç bolupdyr, owarram!

Gorkýan bilip-bilmän ýykaryn öýdüp

Umydymyň göwnüni.


Suwa bakyp öz keşbimi synlaýan,

Seredip gözlermiň garajygyna.

Goý, başgalar näme diýse diýsinler!

Men saňa söz berýän, söz berýän, kalbym!

Seni aýajagyma!


Arşda guşlar menden beter elenýär,

Olaryňam derdi ýetik çemeli.

Menem bir pel-pelläp uçsadym Gökde,

Çünki Ýerde söýen duýgularymyň

Baram emeli...


02:45

21.10.2023


Enemähri GUWANOWA

27
52
gurbanowa
25 Oktýabr 2023
👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.