moonlight
21.10.2023 18:12

Jackie Chan-yñ Oskar baýrak gowşurylyş dabarasynda sözlän sözi..


Men häzirem bärde duranyma ynanyp bilemok. Bu belkem düýş bolsa gerek. Öñler Oskar baýrak gowşurylyş dabarasynda, her ýyl kakam bilen tomaşa ederdim. Käwagtlar bolsa, ejemem biz bilen bile görerdi. Şonda elmydama kakam: " Oglum, sen kinolaryñ bilen dünýä boýunça birnäçe baýraklary aldyñ. Ýöne sen haçan hut şu baýragy alarsyñ?" diýip sorardy. Menem kakamyñ ýüzüne seredip gülip: "Kaka men diñe urşly komediýa kinolarna düşýänä" diýip jogap bererdim.. birnäçe ýyldan soñ şeýdip Hollywood-a geldim. Bärde uly studiolar we režissýor bilen duşuşdym. Soñra bolsa dostumyñ öýüne ornaşdym.. şonda men bu kiçijik owadan zady(oskar baýragyny) onuñ öýünde göremde, elime alyp ogşap ysgap gördüm. Görseñ häzirem onda meñ barmak yzlarym durandyr. Hawa, dostum ony saklapdyr. Şonda men özüme menem edil şular ýalagyny isleýän diýdim. Muny size aýtýan, çünki adam diýlen halk ynanmazak bolýar.. we ahyry 56 ýyllyk kino insturiýasyndan, 200-denem köp kinolardan we birnäçe döwülen süñklerden soñra, oskar baýragyny aldym. Men dogduk mekanyma, göbek ganymyñ daman ýeri, birnäçe garagollyk eden ýerlerim ajaýyp Hankok şäherine we özümiñ watanym bolan Hytaý ýurduna örän minnetdardyrn. Men özümiñ Hytaýlydygyma buýsanýan, we şeýle hem maña şunça ýyllap birnäçe zatlary öwreden we meni azajygam bolsa meşhur eden Hollywood-a sag bolsun aýtmak isleýän..

22
54
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.