moonlight
27.10.2023 00:43
Şu gün bir adamyñ durmuşy barada gürriñ edesim gelýä. Рустам Набиев barada gürrüñimiz. Gullukdaka şul oglan kazarma jaýy ýumrulýa, bulam içindekä. 7 sagatlap bitonlañ içinde ýatýa. Aýagyny gowy mynjyratýar. Näme üçin 7sagat ýatýar diýip sorasañyz, tehniki maşynlar gijä galýar. Soñ balnissa alyp gitýäler we doktorlar biziñ gerekli enjamlarmyz ýok, Moskwa alyp gitmeli,Moskwa çenlem ýaşar öýdemizok, aýakly jaýlanyñyz gowy dälmi gaýtam diýäler. Kakasam eşdip erbet bolýa. Men öz boýnuma alyp äkitjek diýýär we alyp gitýär. Kesýäler aýagyny. Rustam:"Özüme gelip ynanyp bilmedim. Özümi kabul edip bilmedim aýaksyzdygyma seredip, 2 aýlap depressiýada gezdim. Soñ bir ýerden özüme pikir gelip başlady. Ýa obiçno adamlar ýaly ýaşamaly saña şans berildi, ýada ikinjisi henizem bar ýaşasyñ gelmese.." diýip düşünje geldi özüme diýip aýtýar we kabul edip başlaýa özüni. Öz söýüşýän gyzyna:"Sen menden gidip bilersiñ, men hiç hili gaty göremok senden, düşünýän señ ýagdaýña" diýýär. Söýgülisem:"Şu temada aýdanyñ iñ soñky gezek gürleýşiñ bolsun" diýä. Rustam soñ obicno adamlar ýaly ýaşap başlaýar. Sport bilenem meşgullanýa, işleýärem, maşynam alynýa, jaýam alynýa. Söýgülisi bilen toý hem tutýar. Çagajyklary bolýa:"Hasam özüme ynam geldi, gyzjagazym bolandan soñ" diýýär..
Bir gün köçeden gidip barýarka, bir aýagy ýok biri ýolda pul diläp dur diýä. Barýa we maşynyñ aýnasyny açyp, näme boldy agam diýip sorapdyr. Ol adamam aý aýagymy gidirdim, ýaşasym gelenok, durmuş manysyny ýitirdi, içýänem çekýänem diýipdir. Rustamam işigi açyp, meñ 2 aýagymam ýok agam, durmuş manysynam ýitirenok, men özimi kemem göremok, çagajyklarymam bar, gelnimem bar, öýümem bar diýip jogap beripdir we ol adam hic hili geplemändir... Ýöne Rustamyñ ýene bir zat edesi gelipdir. Russiýada iñ beýik dagy Elbrus dagyna çykasy gelýä. Oñada bilýänsiñiz ýöne mönee adamlar çykyp bilenok, janyñ sag bolanda-da gaty kyn ol daga çykmak. Diri galmaýanlar hem bar. Rustam ýylgyryp:"Men özümden çekinemok, utanamok, gelnimem menden utananok, özümi ilden kemem göremok. Gyzlarym bar bular bir gün ulanar uly gyz bolar, menem garrarn. Şonda biri gyzlaryma señä kakañ iki sany aýagam ýok diýse, meñ gyzymam a señ kakañ 2 ayagy bolubam Elbrus dagyna çykyp bildimi? Meñ kakam aýaksyz çykyp bildi diýip jogap berer ýaly diýip, bir giden adamlar bilen bu daga çykmak üçin ýola düşýä.. Kyn boldy diýä. Aglaýan, özüme kimdirn diýän diýä, näme üçin beýle karara geldiñ ýatda öýüñde ýyljajyk ýerde bolup ýörşiñ näme diýip öz özüme käýinýän diýä. Soñam ýarty ýol geçenimden soñ kelläme gelýä öýdäkileri ýatlaýan, ýyljajyk ýerde oturandyrlar gelnim, çagajyklam diýä. Soñam öz-özüne Hudaýa şükür hemme zat gowy. Begenýän diýä. Ahyry geçýä ol ýollary, çykýa Elbrus dagyna...
Henizem Rustam kömek etýä adamlara fiziçeski kömek (eli bilen), başarsa finansovy ýagdaýda-da kömek etýä mätäç adamlara. Menem şu wakany siziñ bilen paýlaşasym geldi, özüñiz many çykararsyñyz diýip umyt etýän..
25
72
sscc
27 Oktýabr 2023
Ynam👍👍👍
gulshatayewa97
27 Oktýabr 2023
Gyzyň wepalylygy diýjekmi, oglanyň umydy diýjekmi gözüň ýaşardýa...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.