moonlight
27.10.2023 16:29
"...MEN ÝÖNE - G.EZIZ"

Men düýş gördüm. Düýşümde poeziýa bagynyň içinde aýlanyp ýörkäm, maňa Bagban duşdy we ol mähir bilen döşüme poeziýa gülüni dakdy-da, meni ýola salyp goýberdi.
1958/11 — 6

Öýde maňa käýeýärler. Esasanam — kakam. Ir ýatmagymy talap edýär. Men oňa giç ýatmaga endik edendigimi aýdýaryn. Ol bolsa bir-iki gün kitaplaryňy eliňe almasaň, soňra ýuwaşýuwaş olary ýatdan çykararsyň diýýär.
1958/11


Düýn Mämmet Seýidiň ýanyna bardym. Ol güldi-de: — Sen, how, her ýetene ýassyk bolup barýaň-la! — diýdi. Ol meni goldaýar. Men hakda aýdylýan zatlaryň esasy ýok diýýär. Hemişekileri ýaly, ol maňa ynanýar. «Miwesiz agaja daş zyňylmaýar». Onuň şu sözleri meniň ruhumy göterdi. Marks: «Poetu nužna bolşaýa laska» diýip, nähili dogry aýdypdyr. Birnäçe dogmatikler şindi edebiýatda barkalar, meniň iki ýaňagym mydam gyzaryp durar. Nähili küteklik!
19/1 — 1963 ý.

Sen öz-özüňe düşünmek isleseň, öz adamçylygyňy, gylyk-häsiýetiňi öwrenmek isleseň, Ýerdäki öz ornuňy bilmek isleseň näme etmeli? Bu meseläni dört diwary akyldarlaryň kitaby bilen bezelen jaýyňda çözüp bilmersiň. Olar seniň dünýä düşünmegiňe kömek eder, sen özüňde şol kitaplary ýazanlaram açarsyň, emma öz-özüňi açyp bilmersiň. Onuň üçin diňe halka gitmeli. Sen özüňi diňe özgelerden, olar bilen bolan tanyşlyklardan, gatnaşyklardan taparsyň. Hiç bir adamyň oý-pikiri, häsiýeti, ýeten medeni derejesi adamlardan, jemgyýetden daşarda açylmaýar. Mende özgeler ýaşaýar. Men özümi özgeleriň üsti bilen açýaryn.
15/VI — 68 ý.

Öýkünjeňligiň gutaran ýerinde şahyr başlanýar. Ol ýazýar, köpleriň aýtmagyna görä, oňat ýazýar, ony söýýärler. Ýöne günleriň biri ol özüne öýkünip başlaýar. Muňa çarhyň boş aýlanmagy diýilýär. Muňa öz şahyrçylyk talantyňa buýsanmak, tersine aýtsak weli, öz zehininiň barlygyna müňkürligiň ýoklugy diýilýär. Şahyr her gezek stoluň başyna geçende ýa-da her gezek täze goşga başlamazdan öň, öz güýjüne müňkürlik etmese, goşgynyň şowly çykmajagy belli. Öz-özüňe ynamyň başlanan güni şahyr gutarýar.

Şahyr şahsyýet bolmaly. Näsini aýdýaňyz. Diňe şahyr däl — her bir adam şahsyýet bolmaly. Galyberende-de, şahsyýetden şahyr döremeýär, tersine, şahyrdan şahsyýet döreýär.

Şahyr iň oňat goşgusyny ölenden soň ýazýar.
30/VIII — 68 ý

GURBANNAZAR EZİZOW..
30
100
sscc
28 Oktýabr 2023
@moonlight,bolia 🙂
moonlight
28 Oktýabr 2023
@Kmg gurt, salam, sag boluñ
moonlight
28 Oktýabr 2023
@sscc, salam. Barlanyp goýular. Howlukmañ
sscc
28 Oktýabr 2023
Menin goyberen postlarym hic goyulanokda namedenka?
sscc
28 Oktýabr 2023
@moonlight, Salam onatmy yagdaylaryn?
angelface
28 Oktýabr 2023
@moonlight, hmm bolia sagbolun
moonlight
27 Oktýabr 2023
@angelface, salam şu günde, ertirde bolar belli wagtyny bilemok menem
angelface
27 Oktýabr 2023
Salam siz yarysyn hacan boljagyny bilyaminay
seneca
27 Oktýabr 2023
Hakykatdanam ussat we beýik şahsyýetimiz.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.