mgm
14.08.2023 22:51

Ýakyn dostum (fantastiki hekaya)1-nji bölüm

Serdar bilen Leýliniň maşgalasynda bu gün unudylmajak şatlykly waka boldy. Olaryň ogul perzentleri dünýä inipdi. Dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, ähli ýakynlary olaryň şatlygyny paýlaşýardy. Toý uludan tutuldy. Bäbejigiň adynada Begenç goýdular, sebäbi ol bäbejik maşgalanyň begenjidi. Begençjik şeýlebir mähirli enaýyja çagajykdy welin oňa gözi düşen öwrülip ikilenç seretýärdi...

Begençjigiň kakasy Serdar telekeçidi. Şol sebäpden hem öýüň rysgal-döwleti ýetikdi...

Begenç maşgalanyň ýeke perzendi bolandygy üçin ony lälik saklaýardylar. Ýöne Begenç näçe läliksiredilsede akylly çagady. Ol ýöräp, gepläp, gepe söze düşünip ugrapdy. Begenjiň akyllylygy adaty däldi. Ol deň-duşlaryndan gepi sözi, etýän hereketleri bilen tapawutlanyp durdy. Onuň pikirleri caganyňky ýaly däl-de uly adamlaryňky ýalydy. Mekdebe başlan güni bu ýagdaýy mugallymlary hem duýupdy. Mugallymlary Begenjiň ene-atasyna saýlanyp okaýandygyny ýöne kä wagtlar öz-özi bilen gepleşýändigini aýtýardylar. Serdar bilen Leýli ogulynyň öz-ozi bilen gepleşýändigine başda ynanmadylar. "Mugallymlary ýalňyş düşünendir, mekdepde bir dosty bilen gepleşendir" diýip pikir etdiler. Ýöne Begenç soň soňlar öýde-de öz-özi bilen gepleşip ugrady. Begenjiň kakasy muny alada edip "Saglyk merkezine" äkitdi. Lukmanlar Begenji barlagdan geçirip fiziki taýdan sagdyndygyny, psihologiki näsazlyk bolup biljekdigini aýtdylar we psihologa ugrukdyrdylar. Psiholog Begenç bilen ikiçäk gürleşdi. Begenç oňa "Egninde kepderi bardygyny we onuň bilen gürleşýãndigini" aýtdy. Psiholog geň galyjylyk bilen Serdary otagyna çagyrdy. Oňa:"Men intäk Begenç ýaly hassa duşmadym, gynansakda Begenje bejergi berip bilmerin" diýip ahmyrly gepledi. Begenjiň özüne gürrun beren zatlaryny kakasynada aýtdy. Serdar bolsa hiç zat aýtman psiholog bilen hoşlaşdy. Öýlerine dolandylar. Begenç ýolda kakasyna :"Kaka meni psihologa äkitmek gerek dälä men näsag dälä" diýip dillendi. Kakasy bolsa ogluna gep goşmady. Öýe geldiler. Bolan zatlary Serdar Leýlä gürrüň berdi. Leýlide ýagdaýa hem geňirgendi hem gynandy. Begenjiň hem boluşy gün günden maşgalany aladalandyrýardy. Begenç hiç kim bilen gepleşesi gelenokdy şol öz hyýalyndaky kepderi bilen gepleşerdi, gülüşerdi, oýnardy wagtyny öz hyýaly dosty bilen geçirerdi. Başga dosty ýokdy.

Kakasy Serdar Begenji ol psihologdan bu psihologa alyp giderdi, ýöne hiç peýdasy degenokdy. Begenç baran äkli psihologlaryna:"Men näsag däl kakam meni iň ýakyn dostumdan ayyrmak üçin size getirdi" diýip janygyp gürrüň bererdi. Ahli psihologlar Begenje bejergi bermän ugratýardylar.

Serdar inni psiholog gözlemedi....

Dowamy bar

Awtory: Gapurowa Maýsa (M.G.M.)

41
180
mgm
03.08.2023 20:52

SYRLY GAPY (fantastiki hekaýa) 2-nji bölüm

Ol ilki kiçijik zatlary arzuw edip başlapdy. Hemme arzuwlary hasyl bolupdy. Sagat giç bolupdy. Öýüne pul alyp gaýtdy. Ol gapyny gulplady. Ýolda gelýärkä alyp gaýdan puluna öýe gerekli harytlary alyşdyrdy.

Her hepde Melike özüne gerekli zatlary ol otagdan alyp durdy. Bu gün jigisiniň 18 ýaşy dolýardy. Şol sebäpden jigisi üçin gymmat bahaly ulag aldy. Ulagy jaýda arzuw edip alypdy. Işden gaýtýan wagty jigisini çagyrdy. Ulagy sürmek üçin "Tikinçilik öýüniň" we töwerekdäki dükanlaryň garawuly- Hoşgeldi aga haýyş etdi. Hoşgeldi aga ýarawsyz bolsada sürüjilik şahadatnamasy bardy, Melikäniň ýüzünden geçip bilmän ulagy sürmäge razy boldy. Ýolda Melikä bu gymmat bahaly ulagy nädip alandygyny sorady. Melike bolsa"Maksadyň doglan gününe aldym" diýdide syr bermedi. Hoşgeldi aga ýene-de dil ýardy "Bahasama gymmatdyr munuň?!" Şonda Melike "Aýda geçmeli edip garaşaryna aldym" diýdide dymdy. Şeýdip öýe ýetdiler. Hoşgeldi aga öýe girmegini çaý içip gitmegini sorasalarda ol razy bolup durmady we iş ýerine gaýtdy. Dost ýarlaryny goňşylaryny çagyryp kiçiräk doglan gün bellediler. Maksadyň gözi diňe täze maşynyndady, ol şeýlebir sürmäge howeslenipdi. "Derrewjik sürüjilik kursuna ýazylyp "Sürüjilik haty" alaýyn" diýip pikir öwürýärdi. Doglan gün hem sowuldy ertesi iş günidi. Melike işine gaýtdy. Maksat hem iş görüşmäge kakasynyň işlän mebel sehine gidipdi. Maksady kakasynyň işdeşleri tanady. Baran güninden işe alyp iş öwredip ugradylar. Işden soň iki dogan ýadaw halda öýe bile dolandylar. Görseler işiklerinde täze maşynlary ýokdy. Maksat aladalanyp polisiýa habar bermek isledi. Ýöne maşynda hiç bir dokument ýokdy. Şol sebäpli habar berip bilmediler. Maksat gaty gynanypdy. Goňsylaryndan sorady, "ýolda góren eşden bardyr" diýip, töwerekdaki adamlardan sorady, emma, ne góren bardy ne duýan hiç kimiň ulagdan habary ýokdy...Soň bir gün Melikede öýde ýygnap goýan pullaryny gözledi ýöne tapmady.... Ýagny ol otagdan alynan ähli 24 sagatdan soň ýitip ýok bolýandygyny bildi. Ol otag hakda hiç kim bilen gepleşmedi otagy ýapyp açaryda tapan ýerine gömüp goýdy. Şeýdip "Syrly gapy" ýapylypdy "Arzuwlaryňy hasyl etýän otaga" bolsa gaýdyp girmändi.


-Işläp der dökmedik zadyň haýry bolmaz. Tötänlik bilen tapylan baýlyk uzaga gitmez. Aňsatlyk bilen gazanylan puluň gadry gymmaty bolmaz. "Çekseň zähmet-ýagar rehnet"

Soňy

Awrory: Gapurowa Maýsa (M.G.M.)

27
173
mgm
01.08.2023 22:56
Syrly gapy (fantastiki hekaýa)

Daň şemaly mylaýym öwüsip, guşlaryň jürküldisi owaz bolup eşdilýän,gül-gülalekleriň hoşamaý ysy kalbyňy heýjana salýan ýaz säherleriniň biridi. Melike daň bilen oýanyp öyüň işine gümra bolup ýördi. Onuň yz ýany bolsa jigisi Maksat oýanypdy. Melike 21 ýaşynda, ýetişen gyzdy, Maksat bolsa 16 ýaşynda ýetginjekdi. Melike jigisini gaty gowy görýärdi, ezizläp saklaýardy. Melike her gün jigisinden we kakasyndan öň turup ertirligi taýýarlap goýardy. Doganlaryň ejesi Maksat 2 ýaşlyjaka aradan çykany sebäpli bulara kakasy seretýärdi. Melikäniň kakasy - Aman aga bu gün adatydakylardan has ir turup işine gidipdi. Ol mebel ussahanasynda \"Baş ussa\" bolup işleýärdi. Maksat bolsa ir bilen mekdebe gitdi. Melike öýde ýeke özi galýardy. Öýüň işlerinde derrewjik dynardy we kitap okap, el işlerine güýmener ýörerdi. Günler biri-birini dolap geçip durdy. Ýaz paslynyň ahyrlarynda Aman aga hassalyk tapdy. Günsaýyn horlanyp ysgyndan gaçyp barýardy. Bu ýagdaý Melikä we Maksada agyr degýärdi. Maksat mekdep okuwçysydy jogapda oňa muňa gidip pul getiren bolsada oňly işde işläp biljek däldi. Melikä iş gözlemekden başga alaç galmandy. Kakasy bilen maslahatlaşdy we iş gözläp başlady. Aman aganyň ýakyn dosty bulara kömegini ýetirdi. Derrew iş tapyp berdi. Melikäniň asyl hem tikin-çatyn işlerine höwesi bardy. Ony "Tikinçilik öýine" işe saldy. Günlerini şeýdip görüp başladylar. Aman aga bolsa gün-günden agyrlaşýardy. Melike kakasyna gowy seretsede oňa ýeterlik ukol-derman almaga maşgalanyň ýagdaýy ýokdy. Melikäniň yşk-söýgi bilen işi ýokdy. Hemme aladasy maşgalasydy, şeýle-de bolmalydy.

Günleriň birinde başlygy Melikä hepde-de bir gün işden soň galyp iş ýerini tämizlese munuň üçin artykmaç pul berjekdigini aýtýar. Melike bolsa razy bolýar. Ol her hepdäniň ikinji güni gije çenli işläp başlaýar. Syrly wakalar hem şunuň bilen başlanýar. Melikäniň gije düýşüne täsin waka girýär. Ol wakada Melike iş ýeriniň bir ýeriniň arka tarapyndaky bakjany gazyp hazyna tapýardy. Düýşden täsirlense-de Melike kän bir ynanmandy. Bu gün Melikäniň artykmaç işlemeli günleriniň biri. Hemmeler dagandan soň Melike işe başlaýar. Gören düýşi ýadyna düşýär, hazyna tapan ýerini gazyp görmek isleýär. Gazýar, gazyar, hiç zat tapmaýar. Ýarym metr ýeri dagy gazýar. Soň ýadap gazmasyny goýýar. Elindaki pili ýere uranda bir zada degen ýaly ses eşdilýär. Ol düýşündaki sandygy tapýar. Ýöne içini açanda altyn-kümüş, gymmat bahaly zatlar, pullar ýokdy. Diňe düşüniksiz simbollar ýerleşdirilen köne kagyz bölejigi we ýüzi nagyşly tegelek daş bardy. Kagyzy we daşy eline alýar. Gazan ýerini gömüp işiniň başyna geçýär. Işini dynyp öýlerine gaýtdy ýöne daşdan we kagyzdan hiç kimiň ýanynda sòz açmaýar.

Ol wakadan köp wagt geçmän Melikäniň kakasy aradan çykdy. Öýde Maksat bilen Melikäniň ikijigi ýaşamaga başladylar. Olaryň kakalaryndan başga ýakynlary, dogan-garyndaşlary ýokdy. Melike her gije täsin düýşler görýärdi. Bu gün iş ýerini adatydakylardan ir tämizläp boldy. Iş ýerinda ulanylmaýan köne otag bardy. Otagy gum basyp gidipdi, köpden bäri girilmeýändigi mese mälim bildirip durdy. Bir başdan arassap başlady ýöne onuň stenadaky simbollar unsini cekdi. Ol simbollar sandykdan tapan kagyzynyň simbollary bilen meňzeşdi, simbollaryň arasynda tegelek boş yer durdy. Ol bolsa tapan daşynyň ýeridi. Daşyny ol ýere salanda otag hereket edip başlady. Soň bolsa otagyň içinde gapy peýda boldy. Bilesigelijilikdenmi nämemi Melike gapyny açyp içeri girdi. Göýä başga bir dünýä düşen ýaly gaty owadan ýerdi. Ol ýerde pikir edip boljak ähli zat bardy. Ýagny näme arzuw etse ol otag hasyl edýärdi. Ol ilki kiçijik zatlary arzuw edip başlapdy...

Dowamy bar

Awtory: Maýsa Gapurowa (M.G.M.)
28
260
mgm
27.07.2023 00:01
Ekiz doganyny 36 ýyllap garnynda göteren adam: Sanju Bhagat
Duýduruş!!! Postda birahat ediji suratlara duşmak mümkin!!!

Sanju Bhagat lukmançylyk taryhynyň iň üýtgeşik hassalaryndan biri..
Hindistanyň Napgur şäherinde 1963-nji ýylda Sanju Bhagat garyp maşgalada dünýä inýär .Günini kynlyk bilen görýändikleri sebapli bu maşgalada Sanju Bhagat kiçi ýaşdan agyr işlerde işlemeli bolýar.

20 ýaşlaryna çenli hiç zat aňmadyk Sanju Bhagatyň 20 ýaşdan soň garny adatydan daşary ulalmaga başlaýar.
Sebäbi bilinmedik bu hadysa Bhagatyň töweregindaki adamlar tarapyndan "Göwreli adam" diýilip atlandyryldy.
Ol ähli geplere we garaýyşlara cydamalydy. Sebabi hassahana gitmek üçin ýeterli puly ýokdy we işinden cykaryljakdy. 1999-njy ýylda dem alyp bilmejek hala gelenden sonra Mumbaýi şäherindäki hassahana gaýtýar.

Doktarlar tarapyndan operatsiýa edilen Sanju Bhagatyň garnynda ekiz doganyny 36 ýyllap göterendigi mälim boldy. Ol operatsiýa çenli garnynda iýmitlenip ýaşapdyr ondan son bolsa ýaşaýyşyna dogam edip bilmandir.
Bu seýrek duş gelýän sindromuň ady fetus a in fetu ýagny düwunçegiň içindaki düwünçekdir.

Çeşme: Listelist.com
45
391
mgm
26.07.2023 14:53
Psihologiýa barada post.1.
1.Başga birine, isleýän zadyňyzy saýlap berýändigiňizi görkezmek, ýöne aslynda beýle däl!
Meselem: Çagaňyza iýmek islemeýän naharyny iýdirmek isleseňiz şeýle sorag beriň "Bu gün bir çemçe iýmekçimi ýa iki çemçe?"

2.Islendik bir zady ýatdan çykarmazlyk
Meselem: Synaga taýýarlanýarkaň sakgyç çeýneýärsiň sonra synagda-da şol tagamly sakgyjy çeýneseňiz gowy ýatlarsyňyz...

3.Biriniň size seretýanini bilmek
Meselem: Pallaň,pallamak ýokançdyr...Size seretýãn bolsa olam hökman pallar...Ýa-da sagada serediň olam sagadyna sereder....

4.Bölekleýin sanlar aýdyň
Meselem: Marketlerdäki 29.99 12.99 ýaly bölekleýin bahalara gabat gelmedigimiz ýokdur...Edil şunuň ýaly biri size kinony ýada kitaby 5 balyň üstünden derejelendir diýse 3 diýmek ýerine 3.25 diýiň bu ynam beriji usul

5.Üstüňden güldürmezlik
Biri size prikol tutsa eştmedim gaýtala diýiň ýenede eştmedik boluň...3 gezek gaýtalanandan soň ol gülküli bolmaz...

6.Gowy görýän adamlaryňyza garşylyksyz gowlyk ediň
Meselem kicijik sowgat berin...Kyn gununde yanynda bolun...Ol adam sizden ayrylyp bilmez...
97
716
mgm
25.07.2023 21:45
Ajy duýduryş

Özi doktordy. Söyyan karidi.İşine ussatdy. Gün dogmanka işe gider,gije hem öyune gelerdi. İki sany owadanja nur yuzli ogullary bardy.Ogullarynyň beyle nur yuzluligi esasan hem ejelerine çekipdi. Howa, doktoryň ayaly hem owadan,hem akylly,hem edep-ekramlydy.
Bar işi ogullaryny in gowy gornuşde durmuşa tayyarlamakdy.Hat-da ähli planlaryny hem şol ogullarynyň üstune gurnapdylar.
Ahli girdeyji we çykdayjylaryny belli bir plana düzüpdiler.
Şonuň uçin hem hiç horluk çekmeyardiler. Şeyle düzgun-tertipli,kanunçyl maşgalada bir guün uytgeşiklik boldy.
Bu uytgeşiklik düybünden planlaryny bulaşdyryady.
Sebabi ayaly yene-de gowreli bolupdy.
Bu waka şeyle seretseň şatlykly waka bolmalydy,emma bu maşgala uçin bolsa duybunden gorkuly, gussaly waka boldy.
Hem-de bu döwür kyn döwur hem däl ahyry, ondada işleýan adam üçin.
Ahli zady maşgalada 4 adam başy uçin planlaşdyrylgydy.
Ar-ayal uzak gije maslahat edip,iň soňunda çagany aýyrtmagyň küyune düşdüler. Hat-da hassahanadan tanayan ökde doktor bilen hem gurleşip goydular.
Säher bilen çagalaryny öyde taşlap, hassahana gitdiler.
Uluja ogullaryna ähli zady sargap tabşyrypdylar.
Kiçi ogullary bolsa entek duşunerden irrakdi.
Şeylelikde giñ otagda halyň üsti oyunjakdan doludy.
Penjireden guniň şöhlesi perdani paralap oyunjaklara dürli öwüşgenlik beryardi.
Ene-atalarynyň bolsa niyetleri derrewjik ayyrdyp gaytmakdy.
Ene-atadan köpden bäri ayry galmadyk çagalar dürli oyunjaklar bilen isleglerine göra oyun oynayardylar
Ulyja ogullarynyň bolsa köpden bäri oynamak isleyan bir oyny bardy "doktorçylyk".
Telewizorda operasiya degişli bir zat bolsa sypdyrman görerdi.
Bu gün bolsa beyleki otagda kakasynyň operasiya gurallary hem bardy.
Ylgap olary getirdi. İndi bolsa birini operasiya etmelidi.
Aslynda ol hem tayyardy,jan yalyjak jigisi bardy ahyryn.
Bir mañlay derini supurmane adam yokdy.
Ony hem jigisi supurip bererdi.Ähli zady tayyarladylar.Jigsini "sen hassa" diyip operasiya bolmaga yrdy.
Hassahanada bolsa doktor ar-ayaly kabul etdi. Hayal etman hem operasiya başladylar.
Aslynda iki tarapda hem birden başlapdy operasiya.
Biri öylerinde,birisi hassahanada.
Yöne aralarynda yekeje tapawut bardy.
Birinde hassa sagaljakdy,birinde bolsa entek dunyaniň garasyny görmedik bir çagajygyň sonuňa çykyljakdy.
Operasiyalar goya diyersiň birlikde başlan yalydy.Doktor başlady.Öyde hem oglanjyk eyyäm jigsiniň sag damarynda operasiya pyçagyny gezdiryardi.Hassahanada operasiýa hakykatdanam çalt dyndy,emma öyde hem beyle uzak eglenmedi oglanjyk.
Jigsiniň titräp yatyşyna näme etjegini bilmän,akyp duran ganyň üstüne mata baryny yapdy.Kesilen yere bolsa pamyk goydy. Goya jigsi narkoz berilen yaly sessiz yatyrdy eyyam.
Oglanjyk bolsa pikirinde "sonurak ozune geler,gözuni açar..." diyip jigsiniň üstüne odeal yapdyda daşaryk çykdy.
Emma karary tutmady.Nameden bolsa bir ayylganç yalnyş hereket edendigini bilyardi.
Emma onuň kakasy doktordy ahyryn.
Basymjak geler we jigsini täzeden operasiya eder,oglanjygyň yalnyşan yeri bar bolsa duzeder diýip öz özine göwünlik berdi.
Şonda-da gorkujyna howlynyň daşynda duran gonşularynyň äpet yük maşynynyň aşagyna girdi-de oturyberdi.
Ol yere birinji gezek girişi däldi.Käte girip kölege ya-da gaçybatalga hökmünde ulanyardy.
Edil sähel wagtdan hem yük maşynyň eyesi bir yerlere gitmek uçin maşyna mündi.
Är-ayal öyüne yetip gelyarka, öyleriniň öňündäki adamlary görüp bir zadyň üstünden barandyklaryny añdylar.
Baryp görseler,goňşusy maşynyň aşagynda tekere yaplanyp uka giden uluja ogullaryny bilmän basypdy.
Doktor näme ederini bilmän öye tarap ylgady.
Öylerinde kiçijek ogullaryny bagryna basmak uçin ylgapdy aslynda.
Alla gorasyn emma beyle yagday başyna gelen bar bolsa bilyandir bir ogly yogalanda beyleki ogluny bagryna basmagyň namedigini,nähili duygudygyny...Emma gapydan giren badyna kiçijek jansyz bedene gözi duşen doktoryň öyüne kyyamat duşen yaly bolupdy.
Gözi garankylap başlady.
Hat-da penjireden giryan güniň şöhlesi hem indi hiç hili yagtylyk berenokdy.
Durmuş,yaşayyş gutarypdy indi onun uçin.
Ayalyny uly oglunyň ölumine çaşandygy sebäpli hassahana akidilipdi.
Kiçi oglunyň ölümunden entek habary hem yokdy.Özäm ýaňy göwredäki çagasyny aýyrdyp gelen, gowşak organizm bu urga çydam edip bilmedi......
Howa, Allajan bir jana dözendikleri uçin, olaryň iki ogullaryny hem alypdy.
Olar uçin bu uly bir DUÝDURYŞDY. Emma ajy bir duyduryş boldy...Şeyle ajy duýduryş.......
Allajan hiç kimiň başyna salmasyn...
Nowça
38
314
mgm
24.07.2023 20:56

Türkmenleriň yrymlary Post 1


Mälim bolşy ýaly, halk arasynda özboluşly yrymdyr ynançlar bar. Bu yrymlar gadym döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten. Käwagt «Yrym edýän, şuny şeýle edäý» diýip aýdýanlara hem gabat gelýäris. Ynha, Türkmenleriň käbir yrym-ynançlary...



Ýaş çaga altyn-kümüş daksaň, çaga bagtly bolýar.



***



Çaganyň çile saçyny daýysy alsa, ulalanda, sagdyn bolýar.



* * *



Gyz maşgala ýöräp barýarka düz ýerde büdrese, kimdir biri ony ýatlaýarmyş.



* * *



Ertir irden ýola düşeniňde, öňüňden göwreli zenan çyksa, şol gün işiň şowuna bolar.



* * *



Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar.



* * *



Düşen saçy gömmek sogap, zyňmak günä we gelşiksiz bolar.



* * *



Gapydan gelen myhman saglyk-amanlyk soraşansoň, ony bosagada kän saklamaly däl-de, içerik girmegi teklip etmeli. Myhman gelen öýe rysgal geler.



* * *



Uky geler topar-topar, gözläp bidöwleti tapar.



* * *



Zenan maşgala göwreli wagty gowka iýmeli däl. Oglan dogulsa, köse, gyz dogulsa, kel bolýar.



* * *



Göwreli zenan biriniň agzyna öýkünse, çagasy sakaw bolýarmyş.



* * *



Ulugyz keşde çekende, eline iňňe sünjülse, kimdir biri söz aýdyp bilmän ejir çekermiş.



* * *



Iňňe, sübse, tikin tikilýän oýmak ýaly zatlar karz berilmeýär we alynmaýar.



* * *



Nika düşeginiň her burçuna aşyk salyp tikýärler. Şeýle edilse, durmuş guranlaryň ogul-gyzy köp bolýarmyş.



* * *



Ogul öýerilip, toý tutulyp gelnalyjy gitmeli bolanda, gelnalyjynyň sag-aman gidip-gelmegi üçin yrym edilip, akja ýaglyga iki sany çöregi salyp, düwýärler-de, birine berýärler.



* * *



Pişik gapa tarap seredip ýuwunsa, kiçi çaga içerini ýa-da daşaryny sübselese, çaýda boýçy görünse, öýüne myhman gelermiş.



* * *



Ýere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gulluk eden ýedi ýyldan



***



Döwük aýnada öziňe seretseň şum habar eştýäň



***



Ýolda ýöräp barýarkaň öňüňden gara pişik geçse şol gün şowsuzlyk bolar



***



Eliň bilen aýagyň dyrnagyny bir günde alsaň toýuň bilen ýasyň bir günde geler



***



Göwreli aýala saçyňy kesdirseň saçyň çalt uzar



***



Durmuşa çykyp bilmeýän gyz toý etýän gyzyň toý köýnegini geýip çykarsa bagty açylýar



[img]https://cdn1.ntv.com.tr/gorsel/pHIJuvjlwECy-RBP0N3J5g.jpg?width=459&height=1000&mode=crop&scale=both&v=20180122134839646[/img]

39
461
mgm
26.06.2023 10:29
"Hakykatdan nahar iýmegi halaýanlar üçin baha diňe bir sanlardan ybaratdyr..."diýmek isleýän.Emma, ýagdaý siziň pikir edişiňiz ýaly däl. Aşakda görjek iýmitleriňiziň bahasyna üns bermeli däl diýip bilmerin!

1.Kopi Luwak kofýasy(koffee)
Kopi Luwak kofesini eşitmedik adam ýok diýip pikir edýärin. Diňe Filippinlerde, Indoneziýada we Hindistanda öndürilen bu aýratyn we gymmat kofýanyň tebigy sebäbi bar! Kilogramy 250-den 1200 dollar aralygynda bu kofýany öndürmek şeýle amala aşýar: Misk pişikleri kofe plantasiýalarynda(kofýa ekilýän meýdanlarda) iň oňat kofýa dänelerini tapýar we iýýär. Pişigiň bedenindäki dargadyjy fermentlere sezewar bolan kofýa dänesi, kislotaly tagamyny gurşap alýar, has ýumşak tagamly bolýar.
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/kopi_luwak_coffee-750x415-1.jpg?w=750[/img]
2.Matsutake kömelekleri
Öňki kömeleklerimizden biraz üýtgeşik bolan matsutake kömelekleri Ýaponiýa we Aziýa materiginiň käbir ýerlerinde ösýär.Kömelegiň bu görnüşi gaty seýrek duş gelýändigi üçin 1 kilogramy 600 dollara çenli ýetýär.Bir döwürlerde gaty köp ýaýran matsutake kömelekleri invaziv mör-möjek görnüşleri sebäpli azalmagyny dowam etdirýär. Matsutake kömelekini dadyp görmek isleseňiz, howluguň! Sebäbi ýakyn günlerde bu kömelekleri ýene görüp bilmeris.
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/2-30-750x534-1.jpg?w=750[/img]
3.Wagyu eti
Etsiz oňup bilmeýänleriň biri bolsaňyz, geliň! Japoniýada öndürilýän bu et dünýäniň iň tagamly eti hökmünde tanalýar. Wagyu eti ajaýyp ýag ýaýraýyşyna we ajaýyp tagama eýe. Arassa tohumly Wagyu gölelerinden öndürilen Wagyu etiniň önümçilik prosesi hem gaty gyzykly. Wagyu göleleri, pikir edip boljak iň oňat görnüşde ideg edilýär! Bu kiçijik göleler piwo bilen iýmitlenýär we günüň dowamynda masdaź edilýär. Wagyu etiniň her kilosy 450 dollar töweregi!
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/3-28-750x563-1.jpg?w=750[/img]
4.Safran
Safran ösümligi hakda öňem köp gezek eşiden bolsaňyz gerek. Şeýle-de bolsa, kilogramy 1000 dollar töweregi bolandygyny bilmezligiňiz mümkin! Naharlary süýjetmek üçin ulanylýan safronyň näme üçin beýle gymmatdygyny aýdaýyn: Safron diňe ýylyň belli bir döwründe 7 günüň içinde ösýär. Bir kilogram safran almak üçin el bilen 30 müň safran gül ýygnamaly bolýar!
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/4-25-750x750-1.jpg?w=750[/img]
5.Gyrlangyç höwürtgesi çorbasy
Adyndan görnüşi ýaly, gyrlangyç höwürtge çorbasy gyrlangyç guşlarynyň höwürtgelerinden ýasalýar. "Guş höwürtgesinde näme üýtgeşik bolup biler?" diýip pikir edip bilersiňiz. Derrew düşündireýin: Gyrlangyçlar höwürtge gurmak üçin tüýküliklerini ulanýarlar, şonuň üçin bu guşuň höwürtgesinden taýýarlanan çorbanyň özboluşly ysy bolar. Hytaý aşhanasynda örän möhüm orny eýeleýän bu çorba üçin adamlar dag geçelgesinden bu höwürtgelerini ýygnap, ömür we ölüm üçin göreşýärler. Şol sebäplere görä,bu çorbanyň bahasy 3000 dollara çenli çykyp biler.
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/5-28-750x438-1.jpg?w=750[/img]
6.Ak truffles kömelegi
“Näme üçin bu kömelekler beýle gymmat?” Diýip pikir edýärsiňiz. Ak trufflesleriň gaty gymmat bolmagy, ösdirmek hakykatdanam kyn bolandygy üçindir. Bu kömelekleri gorap saklamakdan başlap, olary ideg etmek, ýetişdirmek gaty köp azaby talap etýär. Şonuň üçin ak trufflesiň kilosy 2000 dollar töweregi!
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/6-27-750x500-1.jpg?w=750[/img]
7.Göwher ikralary
Bu seýrek ikranyň bir kilosynyň bahasyny eşitmäge taýynmy? Jogabyňyz hawa bolsa, derrew aýdýarys: 9100 dollar! Albino bekre balygynyň öndürýän bu ikisiniň beýle üýtgeşik bolmagynyň sebäbi gaty ýönekeý: Albino bekre balygy seýrek balyk görnüşidir. Hazar deňzinde ýaşaýan bu balyklar, süýrenmek üçin 100 ýaşa golaý bolmaly. Şeýlelik bilen, bu seýrek balygyň 100 ýaşyna ýetmegine we dörän ýumurtgalarynyň tebigy bahasyny ýokarlandyryp, dürli kynçylyklarda ýygnalýar.
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/8-27-750x750-1.jpg?w=750[/img]
8.Mus peýniri
Mus diýilýän haýwanyň görnüşi, Türkmenistanyň çäginde ýygy-ýygydan duş gelmeýän jandar. Şonuň üçin öňem mus peýniri hakda eşitmedik bolmagyňyz mümkin. Mus peýniri diňe Şwesiýanyň mus fermasynda öndürilýär. Bu ýörite peýnir süýtden ýasalýar we geçi peýnirini ýada salýar. Bahasy geçiniň peýnirinden has ýokary diýeliň. Bir kilegram mus peýniri takmynan 1100 dollar!(Mus syçanyň görnüşi)
[img]https://melikegapurova.files.wordpress.com/2023/06/10-20.jpg?w=744[/img]
23
170
mgm
23.06.2023 13:29
Elhenç filmleriň hemmesinde diýen ýaly gaýtalanýan gorkunç sahnalar bar: janlanýan gurjaklar, gijäniň garaňkylygynda uçýan ýerganatl.ar, gorkunç adalary, ullakan gaýalar, taşlanan jaýlar, arwahlardan doly galalar… Emma bularyň hemmesini diňe redaktirlemekden we montaźdan ybarat däl bolsa näme etmeli? Dünýädäki iň gorkunç ýerler
1-The island of the dolls(gurjak adasy),Meksika
Kino toplumlary we gurjaklar hakda gürleşenimizden soň, Meksikanyň Kokimilço obasyndaky bu syrly ada barada belläp geçegi makul bildim.

Doly gurjaklara degişli bu adanyň hekaýasy diýseň gyzykly. Hemme zat Julian Santana Barrera atly adamyň adanyň kenarynda bir gyzyň jesedini tapmagy bilen başlaýar.Şol senä çenli adada takmynan 50 ýyl ýeke ýaşaýan bu adam, bu duşuşykdan soň gyzynyň arwahy bilen kynçylyk çekýär. Gurjaklar, beýleki tarapdan, adamyň özüni arwahlardan we erbet ruhlardan goramak üçin asýan dostlugynyň nyşanydyr!
Julian Santana Barrera 2001-nji ýylda aradan çyksa-da, gurjaklar henizem ýerinde. Ada bilen gyzyklanýan bolsaňyz we meýletin kapitan tapyp bilseňiz, kanalyň üstünden gaýyk kärendesine alyp bilersiňiz.

2-The hill of crosses(Haç depesi),Litwa
Ölenleri hatyralamagyň ýene bir gorkunç usuly, olaryň hatyrasyna ullakan haçlary dikmekdir. Haçlar ilkinji gezek Litwanyň demirgazygyndaky bu depede 1831-nji ýylda rus gyrgynçylygynda ýitenleriň hatyrasyna guruldy. Ruslar haçlary aýyrmaga synanyşan hem bolsalar her gezek boýun egmezlikden ýakynlaryny ýitirenleriň agdyklyk edendigini aýdyp bileris.

Uly we kiçi nyşanlar ýüz müňden gowrak haç bar. Olar biri-biriniň üstünde diýen ýaly ýerleşýär.

3-Beelitz-Heilstätten Hospital (Beelitz-Heilstätten hassahanasy)
Germaniýanyň Beelits şäherinde ýerleşýän bu köne hassahana, Amerikanyň Horror Story ýa-da Wolking Dead ýaly filmlerden çykan ýaly bolup görünýär, bu ýeriň hatda Oskar baýragynyň eýesi Pianino filminiň arka fonunda-da görkezilendigini bellemelidiris.

Ykbalyna taşlanan ýaly görünýän bu ýer, soňky taryhyň iň zalym taraplaryna şaýat bolan köne hassahanadyr.
Elhenç syýahatçylykdan lezzet alýanlar hassahanada aýlanyp bilerler, posly düşekleriň arasynda aýlanyp, yzygiderli kakýan we ses çykarýan gapylaryň gykylygyny diňläp bilerler. Hatda 100 ýyl hyzmat edeninden soň weýran bolan bu ýerdäki hapa perdeleriň uçýandygyny görmek hem gorkunçdyr.

4-Capuchin ýerasty mazarlygy,Sisliýa
Italiýanyň Sisiliýa adasynda ýerleşýän bu muzeý, elbetde, dünýäniň iň gorkunç muzeýidir. Palermo şäherindäki jaýlary görmek islese-de; käbirleri gapyda duranlarynda yza gaýdyp gelmek kararyna gelýärler.

Aslynda bu 1600-nji ýyldan bäri ulanylýan ýerasty gonamçylyk. Sisiliýada mumiýa usulyny döreden ýerli ilat bu ýerdäki ruhanylaryň we abraýly adamlaryň jesetlerini gizläp başlaýar.
Egin-eşigi üýtgedilen we ideg edilen bu jesetleriň sany 8 müňe ýetse-de, häzirki wagtda diňe 2 müňüsi muzeýde sergilenýär. Içindäki iň kiçijik mumiýalardan biri, "Uklaýan gözellik" lakamly we myhmanlara janly gözleri bilen seredýän 2 ýaşly gyz.

5-The door to hell(jehennem gapysy)Türkmenistan.
Türkmenistandaky Garagum çölüniň ortasynda "Jähennemiň gapysy" ýerleşýär. Sowet alymlarynyň 1970-nji ýyllarda çölde nebit gözlänlerinde tötänleýin ýüze çykan bu äpet çukur döräli bäri ýanýar.

Bu gorkunç geografiki emele geliş, metanyň gazynyň aşagynda ýygnanmagy sebäpli ýüze çykýar. Uly çölüň ortasynda 200 ädimden gowrak söndürip bolmajak ody göz öňüne getiriň. Hakykatdanam, dowzaha meňzeş başga bir ýer bolup bilermi?

6-Bran Castle,Ruminiýa
Elhençlik atly makalada, Drakula bolmasa bolmazmy? Drakula galasy diýlip hem atlandyrylýan bu binany mümkin boldugyça tupanly garaňky gijede görmeli!60 metri geçen stenalarynyň ortasynda aýratyn hem ümürli wagty göz gözi görmeýär.

Bran şäherini goramak üçin gurlan we soňra gümrük nokady bolup hyzmat eden bu gala, Wlad Impaler ady bilen belli bolan Wallahian hökümdarynyň duralgasydy. Bu syýahatçylary kabul edýän gorky merkezine baraýmak we gorky bilen gezelenç edäýmek galdy.

7-Helltown A.B.Ş.
Helltaun ABŞ-nyň Ogaýo şäherindäki şäheriň ady. Türkmen dilinde "Jehennem obasy" diýmekdir. Birnäçe ýyl mundan ozal milli seýilgäh gurmak üçin hökümet tarapyndan satyn alnan ýerdäki jaýlar we beýleki desgalar doly ewakuasiýa edildi. Gadaganlyk çäklendirmelerini dürli usullar bilen ýerine ýetirmezlik, dürli-dürli arwah hekaýalaryna ýol açdy.

Hökümetiň bu ýerde himiki maddalar bilen synag geçirýändigine we hatda täze bir janawer döredýändigine ynanýanlaram bar; şeýtançylaryň ýygnanyp, däp-dessurlary ýerine ýetirýändiklerini öňe sürýänlerem bar ... Aşagyny çyzmagyň zerurlygy ýa-da ýokdugy belli däl, ýöne bu şäheriň gonamçylygy tebigy taýdan näletli hasaplanýar.
43
309
mgm
21.06.2023 13:54
Mona Lisa portredini bilmeyan yokdur. Onun meshurlygy bn bir hatarda gizlinligi gyzyklandyryar. Ol portrede ilki seredeninde gaty bir uytgesik hem bolmadyk zenany goryarsiniz emma ona yakynda we uzak wagt synlasan gorunyan zatlar basgacadyr. Ol portret hakynda doly we dogry maglumatlar azdyr. Ine ol portret hakynda toplan tasinliklerim⤵️
Mona Lisa atly portredi ceken meshur italyan suratkes Leonardo di ser Piero da Vincidir.
Ol surat 1503 nji yylda cekilipdir. Dasyndan goraymage uly yaly bolsada ol 76×53 smdir we ony cekmesi 4 yyl alypdyr (kabir maglumatlarda 12 yyl ) .
Aslynda Mona Lisa atly ayal yokdur. Ol Mona Gherardinidir(kabir maglumatlarda onun erkek adamdygy aydylyar kabirinde bolsa ol Meryem ene diyilyar ).Mona Lisa sozi terjime edilende \"Menin Zenanym Lisa\" diymegi anladypdyr.
Mona Lisa suratyna asyk bolup olen bir adam bardyr ol Mona Lisanyn meshur gulusune asyk bolup cydaman yzynda kicijek hat yazyp Parisdaki bir otelin 4 nji gatyndan ozuni oklap aradan cykyar.
Portret hazirki wagtda Fransiyanyn merkezi Parisdaki Lourve muzeyinde goranyp saklanylyar. Ol portredin ayratyn otagy bolup 20°C derejede 3 gat aynanyn asagynda saklanylyar we yylda yekeje gezek arassacylyk ucin alynyar.
Mona Lisanyn yuzune seredeninde 83% gulyan 9% gynanyan 6% gorkan we 2% gaharly yuz gorunyar.
Her yyl ol portedi gormage 6 milyon adam baryar we 15 sekunt ona seredyarler.
Mona Lisanyn gaslary we kirpikleri yokdur aslynda onun saclary hem yok emma surat cekilende ona oturtma sac geydiryarler. Kabir aydylmalara gora ol dowurde tuy dusme keseli bolupdyr we Mona Lisada ol kesele ducar bolupdyr diyilyar kabir maglumatlarda bolsa ony ceken adam yalnyslyk bn pozupdyr diyilyar.
Ol suraty birnace esse ulaldanlarynda sag gapdalynda LV harplary bolypdyr ol Leonardo Vinci diyilip caklanylyar, cep gapdalynda bolsa CT harplary tapylyar ol bolsa namani anladyandygy bilinmeyar. Onun otyrusy piramidany emele getiryar.
Ol portet hazirki wagtda satylmayar.
Ol portret 1911 nji yylyn 21 nji awgustynda ogurlanyar. Ony italyan adam Vincerro Peruggia ogurlayar ol 27 aydan son tapylyar. Vincerro ogurlanyny boynuna alyar we seyle diyyar\"Menin eden isim ogurlyk dal asyl Italyan suratkesin suratynyn Fransiyada saklanmagy ogrylyk\" diyyar.
Bu maglumatlary durli yerlerden ozum topladym we sizlere yetirdim gownunize yarandyr diyip umut edyan.
117
1 161