mgm
14.08.2023 22:51

Ýakyn dostum (fantastiki hekaya)1-nji bölüm

Serdar bilen Leýliniň maşgalasynda bu gün unudylmajak şatlykly waka boldy. Olaryň ogul perzentleri dünýä inipdi. Dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, ähli ýakynlary olaryň şatlygyny paýlaşýardy. Toý uludan tutuldy. Bäbejigiň adynada Begenç goýdular, sebäbi ol bäbejik maşgalanyň begenjidi. Begençjik şeýlebir mähirli enaýyja çagajykdy welin oňa gözi düşen öwrülip ikilenç seretýärdi...

Begençjigiň kakasy Serdar telekeçidi. Şol sebäpden hem öýüň rysgal-döwleti ýetikdi...

Begenç maşgalanyň ýeke perzendi bolandygy üçin ony lälik saklaýardylar. Ýöne Begenç näçe läliksiredilsede akylly çagady. Ol ýöräp, gepläp, gepe söze düşünip ugrapdy. Begenjiň akyllylygy adaty däldi. Ol deň-duşlaryndan gepi sözi, etýän hereketleri bilen tapawutlanyp durdy. Onuň pikirleri caganyňky ýaly däl-de uly adamlaryňky ýalydy. Mekdebe başlan güni bu ýagdaýy mugallymlary hem duýupdy. Mugallymlary Begenjiň ene-atasyna saýlanyp okaýandygyny ýöne kä wagtlar öz-özi bilen gepleşýändigini aýtýardylar. Serdar bilen Leýli ogulynyň öz-ozi bilen gepleşýändigine başda ynanmadylar. "Mugallymlary ýalňyş düşünendir, mekdepde bir dosty bilen gepleşendir" diýip pikir etdiler. Ýöne Begenç soň soňlar öýde-de öz-özi bilen gepleşip ugrady. Begenjiň kakasy muny alada edip "Saglyk merkezine" äkitdi. Lukmanlar Begenji barlagdan geçirip fiziki taýdan sagdyndygyny, psihologiki näsazlyk bolup biljekdigini aýtdylar we psihologa ugrukdyrdylar. Psiholog Begenç bilen ikiçäk gürleşdi. Begenç oňa "Egninde kepderi bardygyny we onuň bilen gürleşýãndigini" aýtdy. Psiholog geň galyjylyk bilen Serdary otagyna çagyrdy. Oňa:"Men intäk Begenç ýaly hassa duşmadym, gynansakda Begenje bejergi berip bilmerin" diýip ahmyrly gepledi. Begenjiň özüne gürrun beren zatlaryny kakasynada aýtdy. Serdar bolsa hiç zat aýtman psiholog bilen hoşlaşdy. Öýlerine dolandylar. Begenç ýolda kakasyna :"Kaka meni psihologa äkitmek gerek dälä men näsag dälä" diýip dillendi. Kakasy bolsa ogluna gep goşmady. Öýe geldiler. Bolan zatlary Serdar Leýlä gürrüň berdi. Leýlide ýagdaýa hem geňirgendi hem gynandy. Begenjiň hem boluşy gün günden maşgalany aladalandyrýardy. Begenç hiç kim bilen gepleşesi gelenokdy şol öz hyýalyndaky kepderi bilen gepleşerdi, gülüşerdi, oýnardy wagtyny öz hyýaly dosty bilen geçirerdi. Başga dosty ýokdy.

Kakasy Serdar Begenji ol psihologdan bu psihologa alyp giderdi, ýöne hiç peýdasy degenokdy. Begenç baran äkli psihologlaryna:"Men näsag däl kakam meni iň ýakyn dostumdan ayyrmak üçin size getirdi" diýip janygyp gürrüň bererdi. Ahli psihologlar Begenje bejergi bermän ugratýardylar.

Serdar inni psiholog gözlemedi....

Dowamy bar

Awtory: Gapurowa Maýsa (M.G.M.)

41
180
mgm
24 Mart 2024
@Kenno_Tabi, Minnetdar)
Kenno_Tabi
24 Mart 2024
Kino gören ýaly boldy 🙌
mgm
15 Awgust 2023
@wolf, sps)
wolf
14 Awgust 2023
👍🔥👍🔥👍👏
mgm
14 Awgust 2023
@olia, Hawa hemme adam oz ozi bilen gurlesip bilya yone bu yagday basgacarak
olia
14 Awgust 2023
Edil guş bilenä däl ýöne aralygynda öz-özüň bn gürleşmek peýdalymyka diýýän🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.