Syrly gapy (fantastiki hekaýa)
Daň şemaly mylaýym öwüsip, guşlaryň jürküldisi owaz bolup eşdilýän,gül-gülalekleriň hoşamaý ysy kalbyňy heýjana salýan ýaz säherleriniň biridi. Melike daň bilen oýanyp öyüň işine gümra bolup ýördi. Onuň yz ýany bolsa jigisi Maksat oýanypdy. Melike 21 ýaşynda, ýetişen gyzdy, Maksat bolsa 16 ýaşynda ýetginjekdi. Melike jigisini gaty gowy görýärdi, ezizläp saklaýardy. Melike her gün jigisinden we kakasyndan öň turup ertirligi taýýarlap goýardy. Doganlaryň ejesi Maksat 2 ýaşlyjaka aradan çykany sebäpli bulara kakasy seretýärdi. Melikäniň kakasy - Aman aga bu gün adatydakylardan has ir turup işine gidipdi. Ol mebel ussahanasynda \"Baş ussa\" bolup işleýärdi. Maksat bolsa ir bilen mekdebe gitdi. Melike öýde ýeke özi galýardy. Öýüň işlerinde derrewjik dynardy we kitap okap, el işlerine güýmener ýörerdi. Günler biri-birini dolap geçip durdy. Ýaz paslynyň ahyrlarynda Aman aga hassalyk tapdy. Günsaýyn horlanyp ysgyndan gaçyp barýardy. Bu ýagdaý Melikä we Maksada agyr degýärdi. Maksat mekdep okuwçysydy jogapda oňa muňa gidip pul getiren bolsada oňly işde işläp biljek däldi. Melikä iş gözlemekden başga alaç galmandy. Kakasy bilen maslahatlaşdy we iş gözläp başlady. Aman aganyň ýakyn dosty bulara kömegini ýetirdi. Derrew iş tapyp berdi. Melikäniň asyl hem tikin-çatyn işlerine höwesi bardy. Ony "Tikinçilik öýine" işe saldy. Günlerini şeýdip görüp başladylar. Aman aga bolsa gün-günden agyrlaşýardy. Melike kakasyna gowy seretsede oňa ýeterlik ukol-derman almaga maşgalanyň ýagdaýy ýokdy. Melikäniň yşk-söýgi bilen işi ýokdy. Hemme aladasy maşgalasydy, şeýle-de bolmalydy.
Günleriň birinde başlygy Melikä hepde-de bir gün işden soň galyp iş ýerini tämizlese munuň üçin artykmaç pul berjekdigini aýtýar. Melike bolsa razy bolýar. Ol her hepdäniň ikinji güni gije çenli işläp başlaýar. Syrly wakalar hem şunuň bilen başlanýar. Melikäniň gije düýşüne täsin waka girýär. Ol wakada Melike iş ýeriniň bir ýeriniň arka tarapyndaky bakjany gazyp hazyna tapýardy. Düýşden täsirlense-de Melike kän bir ynanmandy. Bu gün Melikäniň artykmaç işlemeli günleriniň biri. Hemmeler dagandan soň Melike işe başlaýar. Gören düýşi ýadyna düşýär, hazyna tapan ýerini gazyp görmek isleýär. Gazýar, gazyar, hiç zat tapmaýar. Ýarym metr ýeri dagy gazýar. Soň ýadap gazmasyny goýýar. Elindaki pili ýere uranda bir zada degen ýaly ses eşdilýär. Ol düýşündaki sandygy tapýar. Ýöne içini açanda altyn-kümüş, gymmat bahaly zatlar, pullar ýokdy. Diňe düşüniksiz simbollar ýerleşdirilen köne kagyz bölejigi we ýüzi nagyşly tegelek daş bardy. Kagyzy we daşy eline alýar. Gazan ýerini gömüp işiniň başyna geçýär. Işini dynyp öýlerine gaýtdy ýöne daşdan we kagyzdan hiç kimiň ýanynda sòz açmaýar.
Ol wakadan köp wagt geçmän Melikäniň kakasy aradan çykdy. Öýde Maksat bilen Melikäniň ikijigi ýaşamaga başladylar. Olaryň kakalaryndan başga ýakynlary, dogan-garyndaşlary ýokdy. Melike her gije täsin düýşler görýärdi. Bu gün iş ýerini adatydakylardan ir tämizläp boldy. Iş ýerinda ulanylmaýan köne otag bardy. Otagy gum basyp gidipdi, köpden bäri girilmeýändigi mese mälim bildirip durdy. Bir başdan arassap başlady ýöne onuň stenadaky simbollar unsini cekdi. Ol simbollar sandykdan tapan kagyzynyň simbollary bilen meňzeşdi, simbollaryň arasynda tegelek boş yer durdy. Ol bolsa tapan daşynyň ýeridi. Daşyny ol ýere salanda otag hereket edip başlady. Soň bolsa otagyň içinde gapy peýda boldy. Bilesigelijilikdenmi nämemi Melike gapyny açyp içeri girdi. Göýä başga bir dünýä düşen ýaly gaty owadan ýerdi. Ol ýerde pikir edip boljak ähli zat bardy. Ýagny näme arzuw etse ol otag hasyl edýärdi. Ol ilki kiçijik zatlary arzuw edip başlapdy...
Dowamy bar
Awtory: Maýsa Gapurowa (M.G.M.)