mgm
03.08.2023 20:52

SYRLY GAPY (fantastiki hekaýa) 2-nji bölüm

Ol ilki kiçijik zatlary arzuw edip başlapdy. Hemme arzuwlary hasyl bolupdy. Sagat giç bolupdy. Öýüne pul alyp gaýtdy. Ol gapyny gulplady. Ýolda gelýärkä alyp gaýdan puluna öýe gerekli harytlary alyşdyrdy.

Her hepde Melike özüne gerekli zatlary ol otagdan alyp durdy. Bu gün jigisiniň 18 ýaşy dolýardy. Şol sebäpden jigisi üçin gymmat bahaly ulag aldy. Ulagy jaýda arzuw edip alypdy. Işden gaýtýan wagty jigisini çagyrdy. Ulagy sürmek üçin "Tikinçilik öýüniň" we töwerekdäki dükanlaryň garawuly- Hoşgeldi aga haýyş etdi. Hoşgeldi aga ýarawsyz bolsada sürüjilik şahadatnamasy bardy, Melikäniň ýüzünden geçip bilmän ulagy sürmäge razy boldy. Ýolda Melikä bu gymmat bahaly ulagy nädip alandygyny sorady. Melike bolsa"Maksadyň doglan gününe aldym" diýdide syr bermedi. Hoşgeldi aga ýene-de dil ýardy "Bahasama gymmatdyr munuň?!" Şonda Melike "Aýda geçmeli edip garaşaryna aldym" diýdide dymdy. Şeýdip öýe ýetdiler. Hoşgeldi aga öýe girmegini çaý içip gitmegini sorasalarda ol razy bolup durmady we iş ýerine gaýtdy. Dost ýarlaryny goňşylaryny çagyryp kiçiräk doglan gün bellediler. Maksadyň gözi diňe täze maşynyndady, ol şeýlebir sürmäge howeslenipdi. "Derrewjik sürüjilik kursuna ýazylyp "Sürüjilik haty" alaýyn" diýip pikir öwürýärdi. Doglan gün hem sowuldy ertesi iş günidi. Melike işine gaýtdy. Maksat hem iş görüşmäge kakasynyň işlän mebel sehine gidipdi. Maksady kakasynyň işdeşleri tanady. Baran güninden işe alyp iş öwredip ugradylar. Işden soň iki dogan ýadaw halda öýe bile dolandylar. Görseler işiklerinde täze maşynlary ýokdy. Maksat aladalanyp polisiýa habar bermek isledi. Ýöne maşynda hiç bir dokument ýokdy. Şol sebäpli habar berip bilmediler. Maksat gaty gynanypdy. Goňsylaryndan sorady, "ýolda góren eşden bardyr" diýip, töwerekdaki adamlardan sorady, emma, ne góren bardy ne duýan hiç kimiň ulagdan habary ýokdy...Soň bir gün Melikede öýde ýygnap goýan pullaryny gözledi ýöne tapmady.... Ýagny ol otagdan alynan ähli 24 sagatdan soň ýitip ýok bolýandygyny bildi. Ol otag hakda hiç kim bilen gepleşmedi otagy ýapyp açaryda tapan ýerine gömüp goýdy. Şeýdip "Syrly gapy" ýapylypdy "Arzuwlaryňy hasyl etýän otaga" bolsa gaýdyp girmändi.


-Işläp der dökmedik zadyň haýry bolmaz. Tötänlik bilen tapylan baýlyk uzaga gitmez. Aňsatlyk bilen gazanylan puluň gadry gymmaty bolmaz. "Çekseň zähmet-ýagar rehnet"

Soňy

Awrory: Gapurowa Maýsa (M.G.M.)

27
173
dfrt
4 Awgust 2023
🧑‍🎓👍🏻👍🏻👍🏻🧑🏻‍🎓🧑🏻‍🎓🧑🏻‍🎓🧑🏻‍🎓👍🏻🧑🏻‍🎓👍🏻👍🧑🏻‍🎓👍🏻
garik
4 Awgust 2023
Gowy hekeýa 👍
wolf
4 Awgust 2023
Akylyñdan aýlanaýyn soñyna beýle garaşmandym :) bu örän öwrediji hekaya soñy pikir edişimden has gowy üstünlik hemişe şeýle gowy, dogry pikirde bol 😊👏👍
rhgb
4 Awgust 2023
Malades ustunlik yene garashyan. Gowy yazylaypdyr
mgm
3 Awgust 2023
@gozm, ha mumkin...yok bijani halamadm biderek wagt gidirya dp pozduma
mgm
3 Awgust 2023
@gozm, Hawa ola dogry...Saytdam kopyalap bolmady😕 name ucin beyleka🤔
mgm
3 Awgust 2023
@gozm, Salam! Wep saytyndara hokman kopýalap bolýandyr yone🤔
mgm
3 Awgust 2023
Öň postlary kopyalap bolýardy inni bolanok sizdede şeylemi?!🤔
mgm
3 Awgust 2023
@filosof, Sag bol minnetdar..! :)
mgm
3 Awgust 2023
@guldesse, 😂senä hezil edaýjek ekeniň hazyna tapyp😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.