massimus
30.11.2023 17:39

Kosmosdaky söýgi...







Mämmet otagynda ýeke özi ýatyrdy, gözüniň gögüni elläp gördi, bolan wakalar edil film ýaly aňynda aýlanýardy. Ýok! Mämmet öňem goňşy obalara swidaniýa gidip, köp depilipdi. Bulam şolaň biri borda. Ýok! Ol 5 sany nätanyş "ýabany mahluklar" tarapyndan depilip durka biri ony halas edipdi. Ol kimkä? Adammyka ýa adamdan a-zanmyka? Oň ýüz keşbini doly ýatlap bilenokdy. Edil düýş ýalydy. Düýşümdirdä diýse gözi gök, huşum diýsede köp zat ýadynda ýok. Ol arassa howada özüni dürsemek üçin daşary çykdy. Howa ümsümlik, utanjaň şemal ýüzüni sowup mylaýym öwüsýärdi. Howwa, bu howany diýsene, "gyzy nädip yrmaly" diýen mowzugy okap, ýanyňa dünýäň iň näzli gyzyny alyp, oň bilen gyzykly hümmürdeşip, assadan ýöräp, özüňi obadaky iň görmegeý ýigit hasaplap (Şahruk han bol-a zaňňar), bir-birege gysmyljyrap süýji-süýji gürrüňler edip, soňam şol obaň gije ýatmaýan "ýarganatlaryna" tutulyp, ajy-ajy gürrüňler eşidip, ýüzüň bilen ýeňsäňi des-deň edip gaýtmaly howady.

Ol pikire çümüp oturşuna uka gitdi. Düýşünde ony nähilidir bir güýç göterip alyp barýar. Edil huş ýaly. Bir gözüni çalaja açdy. Dogrudanam ony göterip barýarlar.

-Eý, waýeý, kömek ediň diýip gygyrjak boldy, gygyryp bilenok, sesi çykanok. Eý Allam, bu näme boldugy, meni nirä alyp barýarlar, şeýdip ýaş başyma gidibermeli bormukam? Bu gözüňi iýip gelýän ýagtylyk näme? -Eşidýäňmi dost, kyn görmeseň şol spiçkäňi öçüräýdä (şoňa edebi köçe dilinde "spiçke" diýilýär, menem bilýän telefonyň ýagtylygyna "wspyşka" diýilýänini, gel akylly bolsaňam köpçülikden saýlanmalyla dost).

Mämmedi ýagty bir zadyň içine alyp girdiler. Bir topar nätanyş, haýsy obaň oglanlarykan, bir ýerdä gördüm bulary, ýa şol gaýraky "çeçen obaň" oglanlary hyrsyz diýýärdiler şolarmykan.

-Wiý ýadyma düşdi nirde görenim, kinoda, başga planetalylar bular. Meň günäm nämekä?

Mämmet görgüli bilýän, bilmeýän dogalaryny okap ugrady. Şol wagt BP-laryň (başga planetalylaryň) içinden ýüzi nurlurak biri (ýüzi gursun bularyň) şeýle diýdi:

-Muň sesini açyň gürleşeli. Mämmediň sesi açyldy. Ol şeýlebir begendi. Tas ýaňky mahlugy ogşapdy. -Boldy et Mämmedius, özüňi ele al, sen bizi tanan dälsiň, meň adym Genetikus, bizi seň kakaň Awenius ugratdy. Biz Sirius galaktikasyndan.

-Aý Siz ýalňyşansyňyzam diýdimlaý, ýalňyşypsyňyz Siz, men hiç hili ..dius däl, men Atageldi kürşigiň ogly Mämmet gara. Siziň gözleýäniňiz gaýraky obada bolaýmasa, zyýany ýok, tanamadyk sylamaz diýipdirler. Men gideýin onda, Sizem azara goýdum.

-Ýok Mämmedius, biz seni kiçiligiňden bäri tanaýarys, gorap gelýäris. Sen Sirius galaktikasynyň dolandyryjysy Aweniusyň mirasdüşer ogly. Kakaň Awenius garrady, ol ýerine seni goýmak isleýär.

-Ýo Siz düşünmediňiz, meni biri bilen çalyşýaňyz öýdýän, men ol diýýaniňiz däl, meň kakam çopan, özümem bir bezdelnik, meni gynamaň, goýberäýiň.

-Özüňi ele al Mämmedius, häzir biz seni kakaň ýanyna äkideris, ol saňa hemme zady düşündirer.

Biz ýaňky ýumurtga meňzeş zadyň içinde ýokary göterlip ugradyk. Ep-esli uçdyk öýdýän, ahyryn şäher ýaly bir zada baryp gonduk. Eddil kinolardaky ýaly, ösen dünýä, owadan binalar, owadan baglar we betnyşan adamlar (adamlar diýäýýän, olara näme diýjegimem bilemok).

Ýöräp barýarys, hemmeler bize baş egip geçýär, men örän hormatly adamlar bilen barýan öýdýän. Genetikus:

-Olar Size tagzym edýär, hormatly şazadam. Olara baş atmak hökman däl, göni ýöräberiň. (Her baş egene kellämi kakyp: gurgunmyň, çagalar gowumy diýip gelýärdim gorkunjyma).

Ahyryn bardyk bir äpet köşgüň gapysyna. Gapy açyldy, içinden hasam gorkunç bir zat çykdy. Gelşine-de meni bagryna basdy.

-Wah oglum Mämmedius, gözümiň garasy, seni gujaklamaga zar boldum-a, seret Genetikus oglum edil özüme meňzäpjik durda.

-Howwa şahy Sirius, edil özüňiz. (Nätdiňaý, meni fotoşop edibem muňa meňzedip bolmaýar).

-Men saňa hemmesini başyndan gürrüň bereýin Mämmedius. Men toparym bilen ýere barlaga giden wagtym seň ejeňi gördüm, oňa aşyk boldum. Oňa özümi tanatdym. Biz halaşdyk, durmuş gurduk. Soň meň duşmanlarym seň ejeňi tanap oňa azar bermeginden gorkup, ony öz galaktikama alyp gaýtmakçy boldum. Ol göwnemedi, şol ýerde galdy we seň kakaňa durmuşa çykdy. Seň planetaňa howp abanýar. Ýowuz güýçler, Osirius galaktikasynyň basybalyjylary ýere hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýeriň geljekki ykbaly seň eliňde, saňa ynanýan, sen ýerem, siriusam gowy dolandyrjagyňa şübhäm ýok. Seň wagtyň az, tizräk söweşe taýynlan. Men saňa ýokary taýýarlykly kömekçi berýän. Indi bu gyz hemişe seniň ýanyňda bolar, taýynlanyberiň.

Eger ýeriň ykbaly meň elime galan bolsa, ýeriň dat gününe, hepde-de bir gezek goňşy oba gidip depilip gelýän oglana bu wezipe agyrrak dälmikä? Meň ýanyma ýene bir BP geldi. Oňa gyz diýdimi? Aý bularyň gyz ýa oglanlygyny nädip bilmelikä? (Ýerdäki ýaly tapawutly bolaýmala, kösenmez ýaly).

-Salam Mämmedius, sen doglanyň bäri bir sekundam sypdyrman, saňa gözegçilik edýän, men seni özüňdenem gowy tanaýan.

-Bir zat soraýynla, şunça wagtlap hemme wagt ýanymda bolan bolsaň, kä mahal agşam telefonda nauşnikli görýän kinolarymam gördüňmi?

-Howwa hemmesini.

-Gaty utandyrdyň şu wagt, aýdaýmalyda ýanyňda gyz maşgala bar diýip. Onsoňam Sizde neme nähili?

-Näme neme?

-Nemedä, söýgi-pöýgi, toý-poý, daýza-daýza, gaçdym-kowaladym, çaga-çuga. diýen ýalak ýagdaýlar.

-Näme maňa aşyk bolduňmy?

-Saňamy, ýogeý, ýöne soraýdym, senden gözümi aýryp täzeden seretsem zähräm ýarylýar.

-Biz onda söweşe taýynlanaýaly? Men birtopar plan düzdüm, haýsyny halasaň...

Goý bular öz planlary bilen galybersin. Indi habary kimden al, Osirius galaktikasynyň ganhor şasy Amadeusdan al...

18
50
massimus
29.11.2023 20:34
"Uniwersalnyý soldat"






-Turuň, (padýom)..
Ufff, şu starşinaň sesinden haçan dynarkak. Nesip bolsa, dynarys, indi az galdy, ýene-de sanlyja wagtdan has dogrusy, 1 ýyl 11 aý, 27 günden. Gulluga gelenime üç gün boldy, eýýäm öz-özüm bilen gepleşmäni çykardym. Howwada täze gelen esger kim bilenem gepleşsin. Özüň "öli maladoý" diýýärler görenler. Şu sözi kim oýlap tapanam bolsa uly sogap gazanandyr. Ýogsa uly çagyryşlar (priziwler) bize näme diýjegini bilmän ýörerdiler. Gullukda bular ýaly sözler köp ulanylýar. Ony ulanýaňlaň köpüsi bu sözleň manysynada düşünýändir öýdemok. Biri aýtsa menem aýtmalymykam diýip ýörler. Mysal üçin "dwijeniýe uwajeniýe". (ogrularyň özüni aklaýan ýeke-täk jümlesi). Terjimesi: Hereket sylaşyk. Bu sözi gullukda gaýtalap ýörseň hiç kim geň görmez. Ýöne öýde günde 5-6 gezek kakaň ýanyna gelip "hereket sylaşyk" diýip gaýtalap ýörseň ýa psihologa görkezer ýa-da saňa "Haýdar Leýli"-ni aýtdyrar. Gyzlara gullugyň nämedigini gysgaça düşündirmeli bolsa: Türkmen teleýaýlymlarynda gulluk barada görkezilýän filmleriň bütinleý başgaça görnüşi. Esgerler oturgyçda oturyp özara gepleşýärler.
Filmde:
-Amanow sen gullugy sag aman dynyp kim boljak?
-Ataýew men gullugymy gutaryp lukman boljak.
Realda:
-Eý mandal, ertir yzyňdan samalýot gelse maňa-da aýt, narýatdan bir bahana tapyp gaçyp gelip giderin.
-Eý trýapka, bir ştuk mahorkaňy dözmediň maňa, özüňem polny galodnow seň.
Filmde:
-Amanow sen atlar bilen gyzyklanýamyň?
-Howwa Ataýew bedew atlar biziň buýsanjymyz ahyry.
Realda:
-Telefonymy zampalit tutdy, bir ýüzlük getirseň bereýin diýdi (telefony), özi prostoý telefon 50 manada-da tapyp bolýalaý ony.
-Düýn menem nasymy ogurlatdym, Abudan başga hiç kimem däl. Goýan ýerimi gördüdä.
Howwa gyzlar filmde esgerler kazarmada oturyp üýşüp aýdym aýdýarlar, bizem telewizorda şolary görüp üýşüp uborka edýäs.
Gulluga gelenime 3 gün boldy. Meň üçin 3 ýyl ýaly. "Ýylanyň ýigreneni narpyz, maladoýyň ýigreneni dembel" diýlişi ýaly ýaş esgerler bolup boş wagtymyzy söýgili hobbimize sarp edip otyrkak (lapata bilen ot, ýandak çapyp ýördük, soň görüp otursam o lapata ot çapmak üçinem däl eken) bizden 1,5 ýyl uly çagyryş esger Jemşidow ýanymyza geldi. Ol harby bölümiň garaňky tarapynyň karolydy. Harby bölümiň çägine girýän ähli kontrabanda (nas, çilim, mahorka, arak, wino) oň elinden geçýädi. Hakyky barondy, ýüzüne göni seredip bilýän esger ýokdy.
-Täze kazýoljyklar gelipdirä, täze elli sany hyzmatkärim. (Pablo Eskobaram dünýäni Jemşidow ýaly soran däldir).
Özem gelşine meň ýüzüme seredýär.
-Sen geleý bäri. Saňa diýýän tarakan forma, eý, ýumurtga kelläň aňyrsyndaky, gel bäri.
"Ýa maňa döwük jürlewik düşer ýa-da ker akula duşar" diýlişi ýaly buda 50 oglanyň içinden meni çagyrýar. Hormatlap çagyransoň barmaly boldum.
-(Ýüzüniň öňkidenem beter pisini aşyryp gepledi) Nirden?
-Daşoguzdan.
-Bolaňda nä Daşoguzdan. Kazýolmyň?
-Ýok how, kazýol dälow m.......(yzyny aýtmaga ýetişmedim, iki gözümiň ortasyna goçuň kellesi ýaly ýumrugyň ýetip gelýänini gördüm, bolany).
Seržantlaryň iň oratory Hudaýarow bize üç gün bäri gije-gündiz gullugyň düzgünleri barada, uly priziwlere çaaalaja nedowolny seretmegem, dembelleriň ýüzüne göni seretmegem zapadlo-lygy barada (bu söziň doly manysyny iki ýyl gulluk etsemem, rus dilini gowy görsemem menä doly düşündirip biljek däl), zapadlo adamlaryň iň soňky adamlar bolýandygyny bize gaýtalap, gaýtalap panýata berýärdi. Diýmek ulular seni ursa niçego straşnogo sen otwet berseňem iň soňky adam bolup galýaň. Örän gowy, inçe politika. Özüni partladýanlaram şeýdip taýynlaýandyrlar. Hudaýarow ýaly biri oturýandyr ortada: özüňi öldürmek ömürlük däldir adamlar (maladoýlik ömürlik däldir oglanlar) dişiňizi bir gyssaňyz geçip gidýändir diýip. Iki ýyl gulluk adamy üýtgedýän eken barybir, özüňden ulyny sylamagy, ene-ata hormat goýmagy we nirede bolsaňam öz başyňy çaramagy öwredýär.
Garaz gullugam bir gyzykly ýatlama. (Gulluk edenlere we indi gitjeklere ýalkymly salam)
Watanym asudalygyny goraýan, merdana ýigitlerimiziň (hemme taraplaýyn uniwersal soldatlarymyzyň) jany sag, başy dik, ýeňil bolmadyk harby gullugynda uly üstünlikler arzuw edýärin...
25
93
massimus
28.11.2023 01:19
Dostumyň toýy...






Ir bilen gelen jaňa oýandym.
-Dälihana diňleýär.
-Massimus, entegem ýatyrmyň. Biz bu gün eşik saýlamaga gitmeli. Irräkden ugraly-la dost, Mytdy häzir şähere barýan, özüm bazara eltip gaýtjak diýdi.
-Bagyşlaň! Siz başga ýere düşdüňiz!
-Taýyn bol, häzir öýüňe barýas.
-Bagyşlaň, sesiňiz eşidilenok, täzeden jaň etmegiňizi haýyş edýän.
-10 minutdan barýan bro.
-Ok.
Wah, dostum, saňa düşünemok. Ýaňy ýigrimi ýaşyňda, öýlenmek nämäňe gerek, geziberdä ýaşlygyň hözirini görüp. Öýlenmek - bu jogapkärçilik, erkin ýaşaýşyň logiki soňlanmasy. "Alýançam gülüm, alansoň gulum" diýýän suwumsyz erkekleň özleriniň hakyky gula öwrülýän döwrüniň başlangyjy.
Öýlenmek - beýik futbolçy, beýik žurnalist bolmak baradaky arzuwlaryň nestogen, nan, pampersiň arzanlamagy baradaky arzuwlar bilen ornuny çalyşýan döwri.
Telefonyňa ýalňyşybam gyzlaryň jaň etmezligini dileýän pursatlaryň, bile köçä çykaňda "takoý zatlar" geçip barýanam bolsa, özüňi gynap seretmediksirän bolmagyň, nädip özüňi bu durmuşa dözüp bildiň.
Dostum Mekan geldi, Mytdy bilen.
Mytdyny ýöne ýere agzamadym. Obaň öýlenýän oglanlarynyň ýakyn maslahatçysy. Gyzlaň psihologiýasy, näzik ýüreginiň güljagaz we kebelekler ýaşaýan ejiz damaryny ussatlyk bilen tapyp bilýän oglan.
O diýen görmegeý oglan bolmasada, "Miss TM" baýragyna arkaýyn dalaş edip biljek, "Aşk laftan anlamaz" türk serialyndaky aktrisa (prosta söýýän şo gyzy, ýekeje gören türk serialym şu, sözlerine düşünmesemem şo gyz üçin dolulygyna diýen ýaly görüpdim) meňzeş gyz bilen "Baý bazar"-da el tutuşyp aýlanyp ýörenini göremde "gözel we mahluk" atly multfilm ýadyma düşdi. Ana şonda "söýgiň gözi kör bolýar" diýen nakylyň näderejede dogry aýdylandygyna göz ýetiripdim. Şular ýaly tanyşlaryňyz Sizde-de bardyr, eger olaň aýdýan sözlerini ýatlap biz aýtsak gyzlar ünsem berenok, ýöne şolardan eşitseler eräp akaýýalar. Garaz her kime-de bir ugurdan berlendä.
Saňa näme berlen diýýäňmi, aýal dogan. Aý bilmedim, şu zat berilýän wagty men ýatdan çykypdyryn öýdýän. Sypat diýseň sypat ýok, her gün aýna seredenimde özüm gorkup gidýän, pul diýilse o ýok, jübime eliňi soksaň aç it dişleýär.
Tema dolanalyň. Garaz, bardyk bazara. Girdik eşik magazinyna. Dostum eşik geýýä, bizem baha berýäs. Satyjy gyzam üzümiň suwy (spirtli içgiler göz öňüňize gelmesin) ýaljak.
Menem öýlenmedik, haçan bagtym açylarka diýip palça gatnap ýören wagtlarym. O gyzy görüb-ä hasam özümi ýitirdim, suw meýilli gurbaga, o gyzdan bir zatlar soran bolýan. Olam türkmen saýtlarynyň admini ýaly durşuna näz bilen minnet.
Näme etmeli? Etmeli zady Mytdy etdi. Mytdy maçodan master-klas. Ol şol gyz bilen derrew arany sazlady.
-Siz öýlenenmi?
-Ýok ikimizem öýlenmedik.
Mytda berlen soraga men jogap berdim. O gyzam maňa ýüzüni awyň sapy ýaljak edip seredip, ýene Mytda sorag berdi.
-Söýgüliňiz barmy?
-Howwa, muň söýgülisi bar, meňki ýok. He-he.
Maňa ne döw çaldy. Şo gyzy Mytdydan gysganyp ölüp barýardym. Ýöne Mytdy özüni ýitirmedi, bujagaz gyz oň ölüp ýeteni däldi.
-Dostum oýun edýär.
-Hä düşündüm.
Dükanda başga-da birnäçe gyzlar eşik saýlaýardylar. Mekan içeri girip geýinip gelýär. Eger Mytdy "gowy gelşipdir" diýse, gowy gelşenem bolsa, Mytda gahar edip "ýok dost, ýüzüňe gowy oturmady" diýýärdim. Garaz "wkuslarymyzyň" gabat gelmändigi üçin Mekan hemme eşikleri diýen ýaly geýip gördi. Ahyryn üýşüp bir karara gelip, saýladyk toý eşiklerini. Meň gözüm, hyýalym satyjyda, satyjyň gözi, gulagy Mytdyda, Mytdyň gözi daş-töwereginde, Mekan hasaplaşýardy, satyjy gyz kostýum-balak bilen beýleki zatlar salnan pakedi uzatdy, men garbap aldym. Mekan:
-Şu gün-ä eşik geýip, çykaryp lejim çykdy, indi eşikleri öýe eltip, toýa çenli ellejek däl diýdi.
Toýa eşik alanyňy eşitse, öýüňdäkilerem, garyndaşlaram gyzyklanyp "göreli hany" diýýärler. Ýöne Mekan hiç kimede görkezmän şkafyna salyp goýupdyr.
Uzak garaşylan toý günem ýetip geldi. Toýa bardym. Barsam Mekanyň ýüzi duw-ak.
-Ýör dost öýe gireli.
-Eýgilikmi dost, ýa indi düşünip ugradyňmy öýlenýäniňe.
-Diňle dost, eşiklem ýok.
-O nähili ýok, han-ha dur-a kostýumyň.
-Kostýum bar, ýöne köýnek, köwüş we beýleki zatlarym ýok. Oň ýerine ine şular bar.
Ol biziň getiren pakedimizi dökdi. Oň içinde gyzlaň ýubkasy, futbolkasy we beýleki sülsatlary bar. Şol gün men satyjy gyza, ol gyz Mytda seredip paketleri çalşyp beripdir. Men doňup galdym. Gülki ýadymyza düşenok. Mekan-a biraz aglajagam bolýar.
-Mekan, gaýgy etme dost, häzir ýarym sagatdan bar zatlaryňy alyp gelerin.
-Ýetişermiň dost diýip onuň gamgyn ýüzi biraz ýagtylandy.
-Ýetişerin dost.
Maşynly oglanlaryň birinden hälki dükana gitmegi haýyş etdim. Satyjy gyz meni görenden ýylgyryp başlady. Biz gidensoň ol bar zady bilipdir. Biziň pakedimizi ýygnap goýupdyr. Men oň bilen paketleri çalşyp, sag bolsun aýdyp ugradym. Gelsem Mekan ýolda maňa garaşyp dur. Meni görüp bir begendi, bir begendi, hat-da gelni öýüne getirende-de ol beýle begenen däldir.
Toý sag-aman gutardy. Ýöne Mekan ikimiziň bu toý baradaky ýatlamamyz entek gutarmady. Biz her görüşenimizde entegem şol güni ýatlap ýürekden ýylgyrýas...
30
74
massimus
27.11.2023 09:20
Hoş gal, Roza...






Ýene ýekelik, ýene sensizlik, ýüregedüşgünç sessizlik, ýaşaýyşym demsizlik, notalarda heňsizlik, durmuş özi deňsizlik, aýralygam geňsizlik, garaz ümsümlik.
Ýeke galmagy ýigrenýän, ýeke galsam seni ýatlaýan. Seni ýatlamak agyr, ýatlamazlyk mümkin däl. Bu gün ýene ýeke galdym, ýene seni ýatladym.
Ýene şol tanyş ýol bilen mekdebe barýan. Ýanymda dostum.
Howwa, meň okuwdaky kiçijik üstünliklerime özümden beter begenen dostum. Meň bolgusyz degişmelerime hemmelerden köp gülen, agyr günlerimde elmydama ýanymda bolan dostum. Dogandan ýakyn gadyrdanym.
Kalbymyň ynjaýanyny gözlerimden aňan jigerim. Durmuş ýolumda-da elmydama ýanymda däldigiň duýulýardy.
Dostlarym köp boldy, sen ýalysy bolmady. Olaryň köpüsi özlerine peýdaly mahalym dostlarymdy. Belki olar maňa bu dünýäde sendenem mert ynsan ýoklugyny duýmagym üçin goýberilendir.
Belki sen bu ýazgylarymy hiç haçan okamarsyň. Ýöne barlygyň üçin, geçmişime seredenimde ykbalyma direg bolup görünýänligiň üçin, hemmesi üçin sag bol.
Ýadyňdamy, hiç kime aýtmadyk, hiç kime aýtmajak syrlarymy diňe saňa aýdardym. Meň bilen deňem bolsaň göwnüme menden uludyň, seň maslahatyňy diňleýärdim.
Soň ykbal ýollarynda-da seň maslahatyňa mätäç bolan ýerlerim kän boldy. Indi senem bir maşgalaň başy, öz aladalaryň, öz durmuşyň bar. Ýolda, yzda duşanymyzda hal-ahwal soraşýas, bolany. Belki, bolmalysam şodur.
Howwa şol dostum bilen barýaryn. Aňyrdanam sen gelýäň, şol gözelligiň, gedemligiň. Egniňde-de şol ýaşyl köýnegiň, güne lowurdaýan saçlaryň, wagty doňduryp, saklap bilýän gözleriň. Hiç mahalam gedem gyzlary halamandym, sebäbi olar saňa meňzejek bolýan ýalydylar. Men beýle häsiýeti diňe sende göresim gelýärdi.
Dostum saňa we joraňa salam berýär. Joraň "salam" diýýär, sen bolsa çalaja başyňy atyp geçip gidýäň.
Menmi?
Men seni görsem gürläp bilemoga. Sen okuwda orta çykyp temany gürrüň bereňde, diňe şonda seni arkaýyn synlaýardym. Hyýalymda seň bilen uzaklara gidýärdim. Adam aýagy sekmedik jeňňelde diňe ikimiz ýaşaýarys. Bizi hiç kim, hiç zat aýra salyp bilenok. Men ir bilen awa gidýärin. Senem meni güler ýüz bilen ugradýarsyň. Soň agşamara awdan gelýärin, sen ýene meni näzlenip garşy alýarsyň. Biz nähili bagtly.
Gör-ä meň arzuwlarymy. Şowhunly durmuşy halasamam, hemme zatdan geçip, diňe seň bilen uzaklarda, asuda durmuşda ýaşamaga taýyndym.
Harby gulluga gitmeli günlerim golaýlaýardy. Senden aýra düşmeli pursatlar ýakynlaýardy. Saňa guda bolupdyrlar. Ýene bir aýdan toýuňmyş. Sen bagtlymyşyň.
Ertir gulluga ugramaly. Goňşy gyzymyz geldi. Meni çagyrdy. Daşary çykdym. Garşymda sen dursuň.
-Salam, ertir gulluga barýaň diýdiler. Seni göräýeýin diýdim. Biraz daýawlanypsyň.
-Salam, howwa.
-Men basym durmuşa çykýan.
-...................
-Meni bagyşla.
-Näme üçin?
-Saňa azap berenim üçin, saňa özümi söýdürenim üçin, soňam umytlaryňy, arzuwlaryňy öldürenim üçin.
-.....................
-Näme üçin mekdepdäki owadan, akylly gyzlar, saňa söýgi hatyny ýazanda olara jogap bermänsiň?
-Olary söýmeýänim üçin.
-Ýene şol prinspleňdä, şol köne ideallygyň, durmuş aslynda beýle däl, senem kitaplaňdaky gahrymanlaň ýaly ideal adam däl, eger şolaň birini saýlasaň, belki wagtyň geçmegi bilen, biri-biriňize düşünişip bagtly bolardyňyz.
-Birden düşünişmesek?
-Düşünişmäni nirä gitjek? Çagajyklaň bolar welin düşünişer ýörersiň.
-A, söýgi nä, o hökmän dälmi?
-Esasy biri-biriňe sylaşyk. Men ýöne barybir bagtly, Sen ýaly ýigidiň durmyşyndaky esasy zenany bolup galjagym üçin. Men muny entek köp kişä gürrüň bererin. Şunça gyzyň arzuwlan ýigidi, maňa söz aýdanda kabul etmedim diýip. Seni hiç haçan unutmaryn ynanaý. Senem meni unutmajagyňy bilýän. Senem ara ýyllar düşse-de, meň adymy aýtmasaňam, meň bilen geçen gyzykly günleriňi hökman gürrüň berersiň.
-Sen meň durmuşumyň ilkinji zenany, ýöne esasysy bolmarsyň.
-Şu kagyzy bilýäňmi?
-Ýok.
-Onda diňle. "Men seni Titanikdäki Roza meňzedýärin. Şol gözler, şol ýaňaklar. Eger seň bilen bile heläk bolmaly diýseler, hiç oýlanman Titanige münerdim." Bu seň maňa ýazan söýgi hatyň. Her gezek aýna seredenimde onda şol Rozany görmäge synanyşýardym. Sen her gezek maňa seredeniňde özümiň Roza ýaly owadanlygyma ynanasym gelýärdi.
-Sen entegem muny saklap ýörmüň?
-Men ony bir ömür saklaryn, sebäp muny maňa menden başga hiç kimi söýmedik ýigit ýazdy. Eger häzir gaçaly diýsem meň bilen bile uzaklara gidermiň?
-Ýok.
-Näme üçin?
-Sebäp sen meni söýeňoga.
-Ýene şol prinsp, ýene şol ideal, belki seň güýçli söýgiň ikimizede ýeter?!
-Ýok, ol ikimizede ýetmez. Sen bagtly dälmi?
-Aý bilmedim, ol gowy oglana meňzeýär, meni söýýärmişin, özlerem baýmyşyn, islän ýerine eli ýetýämişin, ol hökman meni bagtly eder.
-Sen oňa diňe baýlygy üçin durmuşa çykýaňmy?
-Ýok, ýöne öýdäkiler...
-Bu seň durmuşyňa.
-Sag aman gullugyňy gutaryp gel! Seň üýtgejegiňi bilýän, sen beýle ideallykdan el çekersiň, entek köp gyz bilen duşuşarsyň, ýöne barybir men seň durmuşyňdaky esasy zenan bolup galaryn!..

Sen mamla ekeniň, wagt geçip ideal prinsplem aýrylyp, menem adaty adama öwrülip barýan.
Ýöne sen...sen meň durmuşymyň esasy zenany dälde, bary-ýogy bir kiçijik ýatlamasy bolup galdyň...
24
51
massimus
26.11.2023 09:54
Kwartira...




Bu söz her kime bir zady ýatladýandyr. Maňa-ha kiçijik bir komnatda 8 oglan bolup ýaşan günlerimizi ýatladýar. Kwartiraň kynçylygyny, keýpini, gaýgysyny, gyzykly günlerini diňe onda ýaşanlar biler.
Kim irden oýansa, islän eşigini geýip gidibermeli. Gijä galan bolsa, näme geýjegini bilmän elewräp ýörendir.
-Massimus, tursana, ol irden barjak diýdi, bol gijä galýas.
-Kim, nirä barjak diýdi?
-Aý turaýda, Aýgül how, sagat 10 bolupdyr, tur.
-Bega, dynç güni bir degmesene, ertir işden rugsat alyp gideýin, şu gün diýme, onsoňam sen swidaniýa barýaň, o taýda men näme edeýin, diktor bolaýynmy?
-Bir özüm gitmäýinle, ilkinji swidaniýam, aljyraýan, ýöräýdä..
-Näme Aýgül ogurlap gidäýer öýdýäňmi? Bolýar, 20 minuda taýyn bolýan.
-Taýyn bolduňmy dost, o köýnegi geýmesene, ony Meret hol gün 11-nji mkr-däki ors bazardan alyp gelipdir, gör kimiň geýeni ol, endamyňy çisotka basaýmasyn.
-Gelişýärä, bolduda.
Teke bazar stoýanka.
21-lige garaşyp oturan 4 adam. Bega, söýgülisi Aýgül, Aýgüliň jorasy Begemot, men. Aýgül görmegeý gyz, ýöne bu gyz bilen tirkeşse oň gözelligi göze ilenok, hemmäň gözi Begemotda (adyny şo wagtam soramandym, (Massimus, sen adamyň daşky gözelligine üns berýäňmi? belki oň ýüregi akdyr, esasy zat içki gözellik diýibem oturmaň, gyz agzyna buýurmasa şeýdip semreýär, onsoňam gyz owadan bolmasa oňuşyp bilerin, ýöne aşa ambal bolsa çydamaryn). Begemodam hut men diýip ölüp ýatanokdy. Öz-özi bilen gümrady. Ahyryn geldi 21-lik. Mündük.
-Bega, duşuşmaga Saglyk ýoldan başga ýer tapmadyňmy?
-Aý entek aýlygy alamok, o ýerde çykdaýjy azrak bor, hem arassa howa, jorasam erbet däl eken, baý ýeriň gyzy diýýär, oglanlar yzynda yzanda-çuwan. Belki bagtyňy synap görersiň.
-Ýok bagtymy synajagam däl, gynajagam.
Şol wagt gözüm awtobusda öňräkde duran bir gyza düşdi, olam gözüni menden aýranok (-Aý Massimus, ýykaýdyňlaý ýöne, maňa seredýärler diýip, dar ýerde tötänden gözi düşendirdä, ýa-da bu nähili jandar-aý diýip seredäýendirdä, bizede günde näçe gezek seredýärler, hemmesini ýazyp ýöremizoga şolaň. -Aý maňa seredýän azda, seretseler begenip ýazaýýan dost).
Owadan gülýärdi (ýa üstümden gülýärmikä). A gyz, beýle seretme, otly gözleň içimden geçip, ýüregim bir saga, bir çepe geçip, aklym başymdan uçup, yşgyň meýinden içip, sen diýip jandan geçip, dilimden dürler seçip, saňa ýüregim açyp....özüňi ele al körpe, hany dogumlyrak bol, ikimiz gürleşdigä, hany seň wadaň, hany hiç kimi söýjek däldiňä, söýgi diňe betbagtlyk getirýädä, seretme oň gözlerine, seretseň söýersiň, belki olam saňa razylyk berer, duşuşarsyň, soň aýrylyşarsyň, belki ol hiç zat bolmadyk ýaly gider, seň bolsa kalbyň aglar, ony unudyp bilmersiň, bilýänä seni, ýylgyryp aglamagy öwrenersiň, dünýäň boşap galar, başga oglanlar ýaly, ýaraly ýüregiňi sarap, ýamap ony başga gyza uzadyp bilmersiň, ýeke özüň çekersiň bu hasraty, ýene bar agram, gaýgy maňa, seň ýüregiňe düşer, meni mundan artyk gynama...
Awtobus Saglyk ýoluna baryp saklandy. Nobat bilen düşdük. Çeken zähmetiniň hözirini görýän ildeşlerimiz maşgalasy, dost-ýarlary bilen dynç alýardy. Bega bilen Aýgül öňden ýöräp barýardy, yzrakda men. Begemot görnenokdy, ýa awtobusda ýatyp galan ýa-da başga ugra gidendir. Şol wagt öňümden 4 sany hytaýly çykdy (hytaýmy, koreými, gazakmy?). 4-sem meňzeş. Arasyndan biri orsça bilýän eken, maňa sorag berdi:
-Sen bizi tanadyňmy?
Şeýle bir begendim welin, gözlerime ynanmadym.
-Siz Jeki Çanmy?
-Ol güldi. Ýok. Biz meşhur CCTV9 kanalynyň işgärleri. Siziň ýurduňyz barada, onuň milli däpleri barada gepleşik taýýarlap ýöris. Bize milli oýunlaryňyz barada gürrüň beräýiň.
Obadaky toýlarda kamera düşmäge utanýan ýigit, bu gün CCTV ýazylan kameraň öňünde dur.
Aljyranymdan nämeler diýenim doly ýadyma düşenok, ýöne şulary diýenimi bilýän
-Milli oýunlarymyz esasan aýterek-günterek..
-O nähili oýun?
-Ol toparlaýyn oýnalýan oýun.
-Ony şu ýerde oýnap bolýarmy?
-Elbetde.
Men ýakynrakda oturan bir maşgalaň ýanyna bardym, hälki gyzam şolaň arasyndady.
-Bagyşlaň, bular žurnalistler, Koreýadan gelipdirler, milli oýunlarymyz bilen gyzyklanýarlar. Aýterek-günterek oýnuny görmek isleýärler, ýardam berseňiz!
Olar esli wagt maňa dälä sereden ýaly seredip durdular.
Soň aralaryndaky orta ýaşly zenan:
-Ýör oýnasak oýnaýaly diýdi.
Çagalygym ýadyma düşüp gitdi. Biziň oýnumyza koreýler hezil edip güldüler. Soň özlerem gatnaşmaga isleg bildirdiler. Dur her toparda bir Jeki Çan. Oýun başlady. Aňyrky topardaky myhmanyň adyny soradyk. Mister Wank diýdi.
-Aýterek.
-Günterek.
-Bizden Size kim gerek?
-Saýrap duran dil gerek.
-Dilleriň haýsy gerek?
-hor bolup gygyrdyk: Mister Waňk diýen oglan gerek.
Oýun şu ýerde gutardy. Yzy gülkä ýazyp gitdi. O gyzam gülüp-gülüp gyzaryp gidipdir. Žurnalistler bizi ýakyn günlerde meşhur kanalda görkezjekdiklerini, bizi bütin dünýä görjekdigini aýdyp hoşlaşdylar. Menem ol ýerden ýöräp ugradym. Aýlanyp ýörkäm ýene şol gyz sataşdy.
Tanyşmak kynam bolmady. Ýaňky wakalardan söz açylyp, gürrüň gyzyşdy.
-Adym Leýli.
-Tanyşanyma şat, Leýli.
-Howwa biz ugramaly, görüşýänçäk.
-Belki belgiňizi berersiňiz?
-Näme üçin?
-Aý häli rusça gowy gürleýän ekeniňiz diýdiň welin, Size telefonda rusçany öwredäýjekdim.
-Bolýar, egerde türkmen dilinden meň gaýtalap bilmejek kyn sözümi aýtsaňyz, belgimi aýdaýyn.
-Siziň gaýtalap bilmejek sözleriňiz köp, şolaryň birini aýdaýaýyn. "Kanagatlandyrylmadyklaryňyzdandyrda."
-Näme, näme?
-Boldy ikilenç gaýtalamok.
-Kangatlandyr, kanagatdyryl, ufff...

dowamy bar...
29
78
massimus
25.11.2023 07:18
Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar...



Salam agzalar!
Tehnologiýalar asyrynyň çalt depginde ösýän, gelejegiň awtoulagy, gelejegiň akylly öýleri, gelejegiň akylly nesli kemala gelýän döwürde geliň, siz bilen biraz geçmişe dolanalyň.
Şol mekdep, şol klas, şol mugallymlar, şol gyz. Men olar bilen ömürboýy bile galmaga taýyn.
-Eşitýäňmi, a gyz seň bilen bir ömür bile galmaga taýyn.
Eşitmedi, eşitsedi, bilsedi nähili söýülýänini, täzeden dogulmaly bolsa ýene meň bilen bir klasda okamany arzuw ederdi.
Oňa bolan söýgümi beýleki gyzlara gürrüň berenimde:
-Şoň baly bar ýaly, bar oglanlar yzynda, töweregiňe seret başga-da gowy gyzlar känä diýerdi.
Başgasy ýokdy, täkdi ol...
Bir güni Rozaň agasy öýlendi. 8-nji klasdyk, ol hemmämizi toýa çagyrdy. Roza öýünde 7 oguldan soň dünýä inen gyzdy. Öýüniň läligi (käbir statuslarda aýdylşy ýaly: ejemiň dälijesi, kakamyň lälijegi, öýümiziň jynjagazy, kapriznaýa huliganka, odinokoýa banditka, men ýekeje, içýänim sok-söýgilim ýok, "mesele däl" diýen oglanlara mesele men.) bizi toýda garşy aldy.
Häzirkiler ýaly toý mekany, ýokary derejeli toý palatalary (çadyrlary) ýok.
Ýer gazyp agaç kakýaň, goňşylardan tapyp gelen brezentleriňi, ganarlaryňy daşyna oraýaň, toý palatasy taýyn. Toý sebäpkärleriniň atlaryny pagtadan ýa-da kagyzdan gyrkyp, halyň üstündäki "Bagtly boluň" ýazgyň gapdalyndan ýelmeýäň, bagtly ýaşlaň oturjak ýerem taýyn. Biziň oturýan ýerimizä wapşe lýuks, toýdan bir gün öň traktor bilen tekizlenen ýere ýukajyk düşek düşelýär, myhmanlaram edil öýlerine gelen ýaly ýerde arkaýyn oturyp bilýärler. Roza bize oturmaga ýer görkezdi, oturdyk klasdaşlar bilen. Meňem oturşymy bir görüň, Çingiz hanam tagtda beýdip oturan däldir. Saşka dadyma ýetişäýdi:
-Massimus hany papagyňy alyp gaýtmadyňmy?
-Haýsy papak?
-Öňüňe papak goýsaň edil dilegçä meňzeýäň. Bir azajyk dikel, eplenip gidipsiň.
-Birhili utanýanow, öň toýda oturyp görmändim.
-Aý öň gyrada limonad ogurlap ýören çaga ortada otursa gelşiksizem eken.
-Şo döwürlerimiz gowy eken.
-Näsini aýdýaň dost, bärde ne narmalny iýip bolýa, ne içip bolýa, hemme bize seredip otyr. Bu öliňem ýaz gününi gapyşdyryp sowukda toý edişini diýsene. Poçkam gitdi dost, ýör gezmeläli.
-Aý indi toýuň günäkärleri bir çyksyn onnoň gidip geläýeris, özlerem 1 sagat boldy çykmadylarlaý.
-Oglanyň adynyň 1 harpyny gaçyrypdyrlar, şony oňarýançalar, olar çykmaz, şu Geldimyrat jalaýam harplary zapasy bilen alyp gaýdaýmala.
-Azajyk sabyr et dost, häzir Geldimyrat agaň hemmesini oňar, harpynam ýasar, tüýkilikläbem ýelmär.
-Ýaşy elliden geçdi indi tüýkiliklesede peýdasy ýok, meň ýaş janyma rehmiň gelsin, indi çydamok men, häzir otyran ýerime.....
-Ýör, ýör dost, öňem ysyňdan oturar ýaly däl.
Biz toý ýerinden çykyp ugradyk. Öňümizden Roza çykdy.
-Massimus nirä barýaňyz?
-Biz ýaňky, hälki, nemedä, o zada barýardyk, gitjekmi, wiý gitjekdik....
-Düşünmedim, bir zat boldumy?
Saşka gürrüňe goşuldy:
-Hemme zat gül ýaly, biz häzir barýas Roza.
-Bolýa, geliň siz bolmasaňyz toýuň gyzygam bolmaz. Ol soňky sözlerini maňa seredip aýtdy.
-Saşka eşitdiňmi, sen bolmasaň maňa hiç zadyň gyzygy ýok diýdi, gel seni bir ogşaýynla.
-Edil beýlä diýmedi dost, häzir elimi ýuwaýyn soň ogşaý.
Toý ýerine girdik. Sebäpkärler gelipdir. Toý gyzyşypdyr. Bizem klasdaşlar bilen tansa çykdyk. Meň gözlem Rozada. Ol bu gün has owadan, has mähirli, ol meň bilen biraz tans etdi. Aýdym gutaransoň ýerimize geçdik. Bir klasdaş oglanym maňa:
-Massimus, içelimi?
-Aý bilmedim, bir-iki gezek içäýsegem bolýa.
Şonda Saşka:
-Bu däliň özi zordan otyr, birazyragam içse polny gözüni açar, muňa bermäň diýdi.
Men Saşkany diňlemedim, içdim. Köpüräk gitdi öýdýän klasdaşlarym meň daşymdan aýlanyp ugradylar.
-Saşkammmm, toýdan soň Rozany öýe äkitjek. Hwatittt bolarda how.
-Dost, sen oň agalaryndan habaryň barmy?
-Näme oň agalaram barmy?
-Wah, bolanda dagy oň tüýlek, tüýlek agalary bar.
-Görkez hany agalaryny, men hemmesinem öldürip Rozany alyp gitjek, hany meň awtomatym, gylyjym nirde? Saşşşş sen aldyňmy meň gylyjymy?
Özüme gelsem öýde, bir gözüm gök, näme bolanyny ertir Saşkadan soraryn, Rozaň göwnüne degmedik bolsam bolýa. Görýäňmi Roza, şo ýagdaýda-da men sen barada pikir edipdim, seni alada edipdim.
Eý, meniň söýgi dagymyň Ewerestinde ýaşaýan melegim. Düýn ýene-de düýşüme giripsiň, egniňde näme üçindir ak eşik.
Sen bagtlymyň? Onda näme üçin düýşlerime gamgyn halda girýäň?!
30
64
massimus
24.11.2023 12:19
Ýatda galan ýatlama...



Gowy döwürlerdi. Döwrebaplyk bolmasa-da, döwrebap dünýäde tapylmajak, hiç bir butig-lerde satylmajak sadalyk bardy ol döwürler. Ýadymda, 3 ýa 4-nji klasdym. Daýyma goňşy obadan guda bolupdyrlar. Begendik. Toý bolýar! Daýymyň begenişini bir görüň. Agzy gulagynda. Adamlaryň içki şatlygyny görkezmäge utanmaýan döwürleridi. Sada çagalygymyň sada ýürekli, päk ynsanlary, kämahal Sizi şeýlebir göresim gelýär.
-Hä, nämä ýyrşaran bolýaň, aý gören gul ýaly?
-Bu ýyrşarman kim ýyrşarsyn, kör düýesi köprüden geçýärä?
-Ullakan ýigit boljakda, zaňňar?
-Gelin gelýär, gelin gelin gelýär, ot bilen ýalyn gelýär!
Deň-duşlary daýyma özleriçe degen bolýardylar. Men bularyň gürrüňine düşünmesemem diňläp durdum. Kör düýe nirden geldi, köpri priçýom bärde? Ýöne olar gidensoň daýymdan şulary soranymy bilýän.
-Daýy, söýgüliňe öýlenýäňdä şeýdip?
-Howwa ýegen.
-Näçe ýyl söýüşdiň?
Ol uzak oýlanmady, ýüzüme birgeňsi seredip şeýle diýdi:
-Gudaçylyga baransoň, gyz ýigidiň özüni görjek diýipdir. Menem ertesi bardym goňşularynyň mal ýatagynyň ýanyna. Geldi ýeňňesi bilen. Gepleşdik 5 minut ýaly, sözümiz alyşdy, boldy.
-Sen 5 minut gören gyzyňa öýlenjek bolýaňmy, ony söýeňokmy sen?
Ol geň galyp maňa seretdi, menem geň galyp oňa.
-Sen kino azrak gör, söýgi-pöýgi diýen zat ýok aslynda, esasy düşünişmek, bir-biriňi halamak.
-Sen bäş minudyň içinde hem-ä düşünşip, hemem halap ýetişipsiňdä?
-Howwa, düşünişdik, halaşdyk.
-Daýzam owadan ekenmi?
-Gije gowy synlap bilmedim, garaňkyd-a owadan ýaly özä...
Uzak garaşylan toý günlerem ýetip geldi. Ine bu günem nesip edenden gyz toýy. Iň soňkydan geýinip bardym babamlara (Raj Kapur häzir meni göräýse "Dost, Sergezdan-da glawnyý roly sen oýnaýsanaý" diýerdi).
Toýa gitmeli myhmanlar jemlendi. Ahyram geldi garaşýan ulagymyz. Ullakan, üsti açyk, uzzzyn kabriolet. Arassa howadan dem alyp, keýpine aýdym aýdyp gidibermeli. Toýuň starşysy gygyrdy:
-Ýaş oglanlar howlukmaň, ilki teležka garrylar, aýal-gyzlar münsün, siz sygmasaňyz pyýada baraýarsyňyz, goňşy obada beýle uzak däl.
Suw ýalyjak kabriolet barka pyýada gidip bolmaz, nätsegem sygmaly teležka (Traktoryň yzynda süýrelýän araba teležka diýilýär bizde, teležka-da toýa gidenler bilýändir muny).
Hemmämiziň ýüzümizde toý şatlygy, şowhuny. Yzrakda garrylar, ortarakda gelin-gyzlar, öňräkde-de biz otyrys. Ol döwürler "dijeý", "çyraçy", "lampa" diýilýän sözler ýokdy, ýöne şolar bilen manydaş "kilçik", "ýuwan", "ýeleksiz" diýen sözler modady. Öňräkde otyrys dijeýler bolup, menem aýdyma hiňlenýän:
"Balamut, balamut, diýme maňa balamut".
Yzrakda oturan daýymyň çyraçy klasdaş gyzlarynyň biri:
-Massimus, senä tüweleme duranja talant ekeniň, aýdymyňam-a gözüni çykardyň.
-Ýok dogan, bu aýdym biraz gijiräk moda bolar, men öňünden aýdaýýan (Arada bir dost oglan jigisini öýlendirdi. Toýdaky bagşy şul aýdymy 77 gezeg-ä aýdandyr, menem paçti ýat tutdym, gyz-gelinler şul aýdyma bir tans oýnaýa, bir tans oýnaýa, göräýdä).
-Wah jorajan, sen sungata düşüneňok, manysyna düşünseň möňňürýänskiý aýdym şü diýdi gyzlaryň biri.
Yzdaky garrylara hezil, nas atýarlar, soňam goýberýärler teležkadan aşak.
Toýa bardyk. Garrylar-a jaýa girdiler, gyz-gelinler toý çadyryna, bizem ululy kiçili oglanlar bolup çadyryň bärsinde toý synlap durus. Daş töweregimiz şol obaň oglanlary. Ahyry geldi iki sanysy ýanymyza.
-Nirden-eý?
-Goňşy obadan.
-Bolanda nä goňşy obadan?
Ses, üýn ýok.
-Bolanda nä goňşy obadan diýýän how?
Hiç kim gürlänok, bir bende jan ýandyryp sorag berýär, biziň bilen tanyşasy gelýändir, belki biziň mowzuklarymyzy halap, köpçülikde gowy diýmäge utanyp, ýekelikde laýk goýmak isleýändir, näme bolsada men bul oglany uzak gynaman jogap berdim.
-Dost biz pylan obadan Siziň obaňyza toýa geldik, nesip bolsa ertir Sizem toýa çagyrýas, barsaňyz begenerdik.
-Tüweleme, sen toýa geldiňmi ýa-da guda bolup, garyndaşlyk açmaga.
-Toýa geldim.
-Diliň-ä süýji ekeni dost, eýleräk geçip arkaýyn süýji-süýji gürrüň edäýeli.
-Ýok dost, süýjä bolamok, saharym bar, uzaga gitmäge bolamok, bir aýagym protez, gowusy şu ýerde gürleşäýeli.
Yzyma seretsem Çennai Ekspress filmindäki obaň garakçylary bize garaşyp dur. Eger çadyrdan daşyna çykaýsak olar bizi hormatlap, aýagymyzy ýere degirmän, elden-ele geçirip alyp gitjekler. Bir garyndaş gyzym ýanyma gelip:
-Ýör Massimus, tans oýnaly.
Tans nire, men nire? Obadaky toýlarda-da tans oýnamokdym. Ýöne, bu ýabanylar bilen gürrüňdeş bolandan tans oýnanyňam gowudyr. Maýkl Jeksonyň "lunny pahodkasyny" edip yzlykgan ýöräp girdim tansa. "Wadasyna ýalan eken, Annasoltanym meniň" diýen aýdyma tans oýnaýarys, göz öňüňize geldimi?!
Howwa ol wagtlar häzirki ýaly Leýli, Melek, Şemşat diýen atlar seýrekdi. Meretgül, Amanbibi, Gurbantäçleň döwrüdi o döwür.
Gyzlaň egninde ganar ýaly köýnekler, oglanlaryň geýen köýnegine bolsa ýene bir oglan ýerleşjek döwürlerdi. O döwürde stilnyý adamlar azdy, ýöne sada, ýönekeý, mähriban adamlar gaty kändi. Çagalygym men seni gowy görýän, seni ýatlamak meň üçin elmydama ýakymly...
22
75
massimus
15.11.2023 08:05

Talaňçy aýal...




Mekdep döwründen ýatlamalar kän.

Bir güni rus dili mugallymym meni ýanyna çagyryp,

- Massimus öýde giren ýeriňde meň konspektim galypdyr, şony getirip beräý, öýde hiç kim ýokdur diýip öýüniň açaryny berdi. Öýlerem mekdepden uzagrakda. Gitdim sömpüldäp. Öýüne bardym, görsem gapysy çalaja açyk. Içeri girdim, konspekt dur, aldym. Gaýdyberdä yzyňa, gaýtmadym.

Gapy açyk bolsa diýmek öýde biri bolmaly, soňam öýlerinden bir zat ýitse menden görerler. Otaglara aýlanyp ogryny gözläp başladym. Içerki otagdan üýtgeşik ýakymsyz sesler eşidilip ugrady. Girsem bir nätanyş aýal mugallymymyzyň adamsynyň üstünde ony bogýarmy, bir zatlar edýär.

Özi aýal halyna ogurlyga girip öý eýesinem bogup öldürmäge hyýallanypdyr, muňa näme diýjek. Üstesine öz eşiklerinem, oň eşiklerinem çykarypdyr. Özüniňkä düşnükli, öldüren wagtym gan degmesin diýip çykarandyr, ýöne oň eşiklerini näme üçin çykarandygyna düşünmedim.

Men barybir köpi gören ugurtapyjy ýigit, beýle pursatda aljyramadym, göni aşhana girip elime skoworodka (saç) aldym. Otaga girdim, mugallymyň adamsam ölümi boýun alan ýaly üstündäki päliýamana garşylygam bildirenokdy. Menem saç bilen ýaňky saçy kesilmişiň kellesinden urdum.

Udarymam güýçlidä meň, ol bir tarapa ýykyldy. Şeýdip ol adamy ölümden halas etdim. Ol maňa şeýle bir minnetdarlyk bildirdi, hatda 200 müň manat pulam berdi, ýöne gören zatlarymy hiç kime, alada edip ýörmez ýaly hatda mugallymymada aýtmazlygymy haýyş etdi.

Men sözünde tapylýan oglanlardan, ýöne gahrymançylygymy barybir klasdaşlaryma gürrüň berdim...

25
138
massimus
14.11.2023 08:07

Tanyşlyk saýty (dowamy)...





Ir bilen işe bardym. Türk firmada brigadirdim (bagyşlaň, gaty syrly bolup bilemok, ýöne şonda-da şahsy durmuşymyň diňe meň rugsat beren çägime çenli tanşyp bilersiňiz). Irden ofisde ýygnak bolýardy. Sekretar Elif hanym meni gowy görýärdi (bärde dost, jigi hökmünde diýip düşünersiňizdä). Ol ýaşy 35 töweregi bolan görmegeý zenandy. Ol barada ofisda her hili gybatlar aýdylýardy, ýöne meň üçin-ä mähirli, gowy zenandy. Ol maňa Massimus diýip ýüzlenerdi (Şonda halapdym şul ady, şoň üçin wirtualada şu nik bilen geldim).

-Massimus, gowumyň, aladaly görünýäňle, öňküligiňä däl, ýa birine aşyk bolaýdyňmy?

-Aý ýok, Elif hanym, maňa aşyk bolupdyrlar öýdýän.

-Kimkä, ol bagtly gyz?

-Aý entek belli zat ýok, ýöne Sizi toýuma çagyraryn.

-Ok, gürleşdik (Türkçe howlukman gürleseler düşünýärdim, ýöne kän gürläp bilemokdym, häzirem şeýle).

Ýanymdaky oturan kel brigadir maňa eşek näzini edip:

-Şu sekretaryň-a sende göwni bar, beýleki brigadirlere ýüzem berenok welin, saňa gezek gelse...

-Agam, aýdýanyň näme, utanaňokmy, eger biri seň bilen adam ýaly gürleşse, hökman bir zat hantama bolup gürleşýärmi? (Şeýle adamlara öňem düşünemokdym, häzirem düşünemok, eger bir zenan bulara çalaja ýyly söz aýdaýsa, boldy, bu meň bilen...eý kädikelle! seň ýalylar bilen adam ýaly gürleşmeli däl özi, gyzlaň köpüsi nedowolny gezýärler, dogry edýärler, eger şeýtmeseler bular ýalylaň näme pikir etjegi belli däl).

-Hezil etmelä sen, utanmalam bizmi?

-Agamjan men heniz 17-em ýaşamok, ol bolsa 35 ýaşynda, ogly ýaly görýändirdä meni.

-Howwala, ýaş görüp nemedýändirdä seni.

Şol wagt ýüzüme urlan ýaly boldum, şonça medeniýetlisirejek bolsamam bolmady, aklym özüme boýun egmedi, edil dälirän ýaly bolup ýaňky kele topuldym. Bizi araladylar. Ofisden daşary çykdyk. Ol adam (adamam diýesim gelenok) burnynyň ganyny akdyryp:

-Näme, nemäňe degdim welin nemäň nemedäýdimi, ony nemedýän diňe sen däl...

-Eý.................., nämeler diýýäň-ow utançsyz (bu gep ýaňky zenanyň gulagyna ýeten bolsa, özüm utandym bu gürrüňlerden).

-Dogry sözliň dosty ýokda.

Bir ýerlerden Bega ýetip geldi. Ol uzakdan meni gören eken.

-Massimus, näme boldy, özüňi ele al, näme boldy beýle?

Ýaňky maňa seredip:

-Entek hiç zadam bolanok, agşam işden soň görersiň boljak zatlary, sen kime el galdyranyňy bileňok, bu gün diri galmarsyň sen.

Men oň yzyndan gygyrjak boldum, Bega saklady:

-Goýsanaý dost, goý gitsin, näme boldy düýnden bäri ugruň ýok, Mylaýymy gördüňmi, nähili boldy, agşamam giç gelipsiň, irdenem maňa garaşman işe ir gaýdypsyň, indem bu Kelekbaý bilen urşup ýörsüň, näme bolýa dost?

-Bolýan zatlara bul adamyň dahyly ýok, aý Mylaýymam soňky gezek görşüm boldy öýdýän.

-Näme halamadyňmy, şoň ýaly straşnymaý dost?

-Ýok, kukulka edil.

-Seni halamadymy?

-Menem halaman bormy?

-Onda näme boldy, agramyňyz dogry gelmedimi, menä düşünýän däldirin.

-Meň bilen diňe öýlenjek bolsaň gürleş, öýlenjegiň çynyň bolsa-da 3 şertim bar diýdi.

-Näme? Seni jyna meňzetdimikä, aýtmadyňmy, ýüzüm meňzesede, men hakyky jyn däl diýip?

Howwa, näme şertleri bar eken?

-Birinjiden men oň öýünde ýaşamalymyşym.

-Ol baýmy?

-Bilmedim.

-Ýaşaberdä öýünde, millioneriň giýewsi bolda, bagt guşy gonan eken, gel saňa maňlaýymy degireýin, "döwletliden döwlet ýoksun".

-Ikinji şerti ondanam gorkunç.

-Öýde men hojaýyn boljak diýdimi?

-Wah hojaýyn bolanam owarram, taryhda aşyklar öz söýen ýary üçin hemme zatdan geçipdirler, senem meni söýýän bolsaň, toýdan soň meň familiýama geç diýýär.

-Eý ýop......Ine sensasiýa. Hakyt şeý diýdimi. Familiýasy näme ekeni oň?

-Tapyndyýewa.

-Familiýasam-a familiýajan eken. Tapyndyýewa Massimus, bet gelişjek ekenaý, Tapyndyýewa Massimusgözel, hiç haçan beýle gülmändim dost........

-Howwa, gülüber sen, saňa derdini aýdan men sam.syk.

-Ýok dost, häzir gülüp bolaýyn, onsoň gürleşeli, Gowusy, ol gyzy maňa ber dost. Ol tüýs maňa laýyk gelýär. Aşgabatda ýaşamagy arzuw edýärin. Familiýamam Kürräýew.

-Howwa, Kürräýewden-ä, Tapyndyýewem gowy diýýäňmi?

-3-nji şerti nämekä, ol hanymyň?

-3-njini şu ikisine razy bolansoň aýtjak diýdi.

-Sen näme diýdiň?

-Aý ilk-ä oýun edýämikä diýdim, soň görsem görgüliň gara çyny, men-ä dost nätjegimem bilemok, arany üzäýmesem indi.

-Ýok dost, razy boluber, belki, ol seni synajak bolýandyr, meň üçin hemme zada taýynmyka diýip. Gaýtam, pasportymam çalyşjak, adyma-da Tapyndy goýjak diý.

-Beýdibem bir synamok bormy?! Birden razy bolsam, olam serýozny aýdan bolsa, soň näme bolar?

-Aý soň Tapyndyýew Tapyndy bolarsyňda, ýöne bir riskowat edip gör dost. "Kto ne riskuýet, tot ne pýot goşa çynar" diýýäler.

-3-nji şertinem primernyrak çak edýän özüm. Sen-ä meň eşiklerimi geý, menem seňkileri geýeýin diýer.

-Aý bu döwürde geňem däl-ä. Aýal-gyzlar biziň balaklarymyzy geýip ýör-ä. Senem uzyn köýnek geýmäge utansaň gyzlaň ýubkasyny geýäý. Seni kim tanap dur. Giýewimiz şotlandiýaly diýerler, wessalam.

Bu gün oň bilen ýene duşuşmalydym, ýöne näme diýmeli, bu ýagdaýdan nähili baş alyp çykmaly? Tapdym! Gowusy oň ýaragy bilen oň özüni awlamaly...

24
128
massimus
13.11.2023 10:35

Tanyşlyk saýty...




Mobimeet gyzyklydy.

Imo, watsap, skype, in100gram bular başga dereje, elbetde.

Ýöne mobimeet gyzyklydy.

Aňryňda ýazyp oturanyň kimdiginem bileňok, aždarhamy, wampirmi ýa döwüň çagasymy, ýöne ýazyşýardyk (eh byli wremena).

Ol döwüriň modasy şoldy, knopkaly nokialaryň moda döwri. Bizem şondan internede girýädik (nirde gören zadymyz).

Internetde gyz bilen tanyşyp bolýar, gowuja gyzlar barmyş diýseler, biz ýaly durmuşda özüni oňarman ýören görgüliler çozýarlar internede. Wah, oňa barybam öňki boluşlary ýaly bols-a boljagam, aýal dogan, ýöne olaryň girýän niklerine bir sered-ä: "Men möjek, söýmeseň iýjek", "Gyzlaň islegi, daýzalaň arzuwy", "Içýänim kola, pul seçýän ýola", "Daşoguzyň çeti, Köneürgenjiň beti", "Köpçülige bolamak, gyzlar ýeke-ýekeden geliň".

Indi düşünensiň aýal dogan, meň nämä jan ýandyrýanyma. Özüň nähili nik bilen girýädiň diýýäňmi, aýal dogan, aý biziňki prostoýdy-laý "Dünýaň şazadasy".

Mobimeetde gezip ýörkäm bir gyzyň niki ünsümi çekdi. "Içýänim sok, söýgülim ýok". Gel söýgülisi ýok bolsa şuňa bir ýazyp göreýin, belkem bu salýonny maňlaýym açylyp gider diýip pikir etdim.

Öň obaň ýaşululary bilen salamlaşyp, saglyk amanlyk soraşyp ýören oba oglany bu gün şäheriň iň sowremenniý gyzlarynyň birine hat ýazýar.

-Salam gözel gyz, bimaza eden bolsam bagyşlaň, siz bilen tanyşmaga rugsat berermisiňiz?

-Slm (Şälämme diýdigimikä?).

-Adyňyz kimkä, eger mümkin bolsa, syr bolmasa.

-Sizkm?

-Meniň adym Massimus, A Siziňki, siziňkinem biläýjekdim.

-Nam un

-Bagyşlaň, Siz türkmençe bileňizokmy?

-A?

-Adyňyzy aýdaýyň haýyş, Siziň nikiňize aşyk boldum.

-Nädip.

-Ýazyp bilýän ekeniňizä, men-ä Size täjikmikä diýip otyrdym.

-Ýokla.

-Onda nä beýdip ýazýaňyz?

-Aý özüňiz bilýäňizä, bu mobimeediň modasy, gyzlar şeýdip ýazsalar sowremenniý görünýärler.

-Aý meň gözüm-ä sam.syk görünýärler, şeýtseler.

-Kim samsyk?

-Wiý bagyşlaň, günämi geçiň, men Size diýjek däldim, tötänden elimden çykyp gitdi bu söz. Siz beýle däl, Siz sam.syk däl, olar sam.syk, men olara diýdim, ýaňy bir gyz ýazyşdym, şoňa diýdim.

-Bolýa, bolýa, zyýany ýok, ýaňam bir gyz bilen ýazyşdyňyzmy?

-Ýo men ýazyşmadym, ýöne meň telefonymda Akmyrat ýazyşdy. Akmyrat ol, men däl, men ol gyza söýüşeli diýmedim, ony Akmyrat aýtdy, oň telefonyna pul salanam Akmyrat, ynanmasaň Akmyratdan sorap göräý.

-Bolýa nomerini ber Akmyratdan soraýyn. (Samsyga duşdum, oýnaýynla diýdi öýdýän).

-Ýo Akmyrat ýok, ol oba gitdi, ýolda telefonynam gaçyrypdyr, indi telefonam ýok, nomerem ýok, özem agyr ýatanmyş, ölen bolmagam ahmal.

-Oýun etdim how, gerek däl Akmyrat.

-Adyňyzy aýtmadyňyza?!

-Adym Mylaýym.

-Ooooo, gowy adyňyz bar eken, owadan adyňyz bar eken, meň iň gowy görýän adym eken.

-Siz nireli?

-Aslym Daşoguz, häzir Aşgabatda ýaşaýan, kwartirada, Bekrewe häkimlik köçe, Sona daýzalarda bolýan, pişikleň ýanynda (Şol wagtlar Bekrewede "pişik" diýip bir palažens bardy, häzirem bar bolsa salam aýdyň).

Garaz öýüme barýan karta çenli çyzyp berdim. Bir hepde ýazyşdyk. Ahyrynam ony duşuşyga çagyrdym. Özümem 1 gün öňünden özümi soda gaýnadyp, taýýarlanyp ugradym. Sakalymy dagy ömür çykmaz ýaly edip aýyrdym. Bega gördi:

-Dost senä ýuwunsaň adamada meňzeýän ekeniň. Kim ol gyz?

-Aşgabatly bir gyz tapdym, göräýdä, adam Mylaýym, özem Mylaýym, takoý zad-ow.

-Özüni nirde gördüň?

-Ine şu gün görmeli, nesip bolsa, gelse.

-Üstünlik, aw ganly bolsun!

Belleşilen ýer, belleşilen wagt. 1 sagat öňünden baryp, garaşyp oturdym. Jaň etdi:

-Geldiňizmi?

-Howwa, iň soňky oturgyçda otyryn.

-Birden meni halamasaňyz?

-Wah men halarynla, eger Siz halasaňyz.

-Ony göräýeris.

Bir seretsem 2 sany gyz maňa tarap ýöräp gelýär, ikisiniňem gulagynda telefon, ikisem telefona gürläp gelýär.

-Şu gelýänler Sizmi?

-Howwa, ýöne haýsymyz Mylaýymlygyny biljek bol, haýsymyz diýip pikir edýärsiň? Seň arzuw edýän gyzyň haýsy?

Ikisem ýanyma geldiler, ikisem maňa seredip dur, Size aýtsam aýal dogan, ömrümde bular ýaly, iki oduň arasynda galmandym.

Haýsyny saýlajak, bir-ä Aişwariýa, birem Merlin Monro. Wah men iki sany bolsam bolmaýamy? Indi näme etsemkäm? Birden ýalňyş saýlasam, ikisem gidip galar. Özüňi ele al körpe, sowukganrak bol, gowja seret, haýsyna seredeňde ýüregiň üýtgeşik urýar, ýüregiňe gulak as!

Gözümi ýumdum, ýüregimi diňledim, bir karara geldim, ahyram Aişwariýa seredip:

-Siz Mylaýym diýdim.

Gyzlar gülüşdiler. Merlin Monro Jon Kennediň ýanynamy, garaz, bir ýerlerä ugrady. Aişwariýam meň bilen galdy. Men öz söýgimi tanapdym.

-Meni nädip tanadyňyz?

-Sizi düýşümde görüpdim.

-Hä şoň üçin gözüňi açyp-ýumup durduňmy?

-Siz meni haladyňyzmy?

-Muny soň aýdaryn.

Biz biraz gezim etdik. Ol şadyýan, alçak gyzdy. Meň ýaly tormoza gerekli gyzdy. Ýöne arman...

30
127