massimus
26.11.2023 09:54
Kwartira...




Bu söz her kime bir zady ýatladýandyr. Maňa-ha kiçijik bir komnatda 8 oglan bolup ýaşan günlerimizi ýatladýar. Kwartiraň kynçylygyny, keýpini, gaýgysyny, gyzykly günlerini diňe onda ýaşanlar biler.
Kim irden oýansa, islän eşigini geýip gidibermeli. Gijä galan bolsa, näme geýjegini bilmän elewräp ýörendir.
-Massimus, tursana, ol irden barjak diýdi, bol gijä galýas.
-Kim, nirä barjak diýdi?
-Aý turaýda, Aýgül how, sagat 10 bolupdyr, tur.
-Bega, dynç güni bir degmesene, ertir işden rugsat alyp gideýin, şu gün diýme, onsoňam sen swidaniýa barýaň, o taýda men näme edeýin, diktor bolaýynmy?
-Bir özüm gitmäýinle, ilkinji swidaniýam, aljyraýan, ýöräýdä..
-Näme Aýgül ogurlap gidäýer öýdýäňmi? Bolýar, 20 minuda taýyn bolýan.
-Taýyn bolduňmy dost, o köýnegi geýmesene, ony Meret hol gün 11-nji mkr-däki ors bazardan alyp gelipdir, gör kimiň geýeni ol, endamyňy çisotka basaýmasyn.
-Gelişýärä, bolduda.
Teke bazar stoýanka.
21-lige garaşyp oturan 4 adam. Bega, söýgülisi Aýgül, Aýgüliň jorasy Begemot, men. Aýgül görmegeý gyz, ýöne bu gyz bilen tirkeşse oň gözelligi göze ilenok, hemmäň gözi Begemotda (adyny şo wagtam soramandym, (Massimus, sen adamyň daşky gözelligine üns berýäňmi? belki oň ýüregi akdyr, esasy zat içki gözellik diýibem oturmaň, gyz agzyna buýurmasa şeýdip semreýär, onsoňam gyz owadan bolmasa oňuşyp bilerin, ýöne aşa ambal bolsa çydamaryn). Begemodam hut men diýip ölüp ýatanokdy. Öz-özi bilen gümrady. Ahyryn geldi 21-lik. Mündük.
-Bega, duşuşmaga Saglyk ýoldan başga ýer tapmadyňmy?
-Aý entek aýlygy alamok, o ýerde çykdaýjy azrak bor, hem arassa howa, jorasam erbet däl eken, baý ýeriň gyzy diýýär, oglanlar yzynda yzanda-çuwan. Belki bagtyňy synap görersiň.
-Ýok bagtymy synajagam däl, gynajagam.
Şol wagt gözüm awtobusda öňräkde duran bir gyza düşdi, olam gözüni menden aýranok (-Aý Massimus, ýykaýdyňlaý ýöne, maňa seredýärler diýip, dar ýerde tötänden gözi düşendirdä, ýa-da bu nähili jandar-aý diýip seredäýendirdä, bizede günde näçe gezek seredýärler, hemmesini ýazyp ýöremizoga şolaň. -Aý maňa seredýän azda, seretseler begenip ýazaýýan dost).
Owadan gülýärdi (ýa üstümden gülýärmikä). A gyz, beýle seretme, otly gözleň içimden geçip, ýüregim bir saga, bir çepe geçip, aklym başymdan uçup, yşgyň meýinden içip, sen diýip jandan geçip, dilimden dürler seçip, saňa ýüregim açyp....özüňi ele al körpe, hany dogumlyrak bol, ikimiz gürleşdigä, hany seň wadaň, hany hiç kimi söýjek däldiňä, söýgi diňe betbagtlyk getirýädä, seretme oň gözlerine, seretseň söýersiň, belki olam saňa razylyk berer, duşuşarsyň, soň aýrylyşarsyň, belki ol hiç zat bolmadyk ýaly gider, seň bolsa kalbyň aglar, ony unudyp bilmersiň, bilýänä seni, ýylgyryp aglamagy öwrenersiň, dünýäň boşap galar, başga oglanlar ýaly, ýaraly ýüregiňi sarap, ýamap ony başga gyza uzadyp bilmersiň, ýeke özüň çekersiň bu hasraty, ýene bar agram, gaýgy maňa, seň ýüregiňe düşer, meni mundan artyk gynama...
Awtobus Saglyk ýoluna baryp saklandy. Nobat bilen düşdük. Çeken zähmetiniň hözirini görýän ildeşlerimiz maşgalasy, dost-ýarlary bilen dynç alýardy. Bega bilen Aýgül öňden ýöräp barýardy, yzrakda men. Begemot görnenokdy, ýa awtobusda ýatyp galan ýa-da başga ugra gidendir. Şol wagt öňümden 4 sany hytaýly çykdy (hytaýmy, koreými, gazakmy?). 4-sem meňzeş. Arasyndan biri orsça bilýän eken, maňa sorag berdi:
-Sen bizi tanadyňmy?
Şeýle bir begendim welin, gözlerime ynanmadym.
-Siz Jeki Çanmy?
-Ol güldi. Ýok. Biz meşhur CCTV9 kanalynyň işgärleri. Siziň ýurduňyz barada, onuň milli däpleri barada gepleşik taýýarlap ýöris. Bize milli oýunlaryňyz barada gürrüň beräýiň.
Obadaky toýlarda kamera düşmäge utanýan ýigit, bu gün CCTV ýazylan kameraň öňünde dur.
Aljyranymdan nämeler diýenim doly ýadyma düşenok, ýöne şulary diýenimi bilýän
-Milli oýunlarymyz esasan aýterek-günterek..
-O nähili oýun?
-Ol toparlaýyn oýnalýan oýun.
-Ony şu ýerde oýnap bolýarmy?
-Elbetde.
Men ýakynrakda oturan bir maşgalaň ýanyna bardym, hälki gyzam şolaň arasyndady.
-Bagyşlaň, bular žurnalistler, Koreýadan gelipdirler, milli oýunlarymyz bilen gyzyklanýarlar. Aýterek-günterek oýnuny görmek isleýärler, ýardam berseňiz!
Olar esli wagt maňa dälä sereden ýaly seredip durdular.
Soň aralaryndaky orta ýaşly zenan:
-Ýör oýnasak oýnaýaly diýdi.
Çagalygym ýadyma düşüp gitdi. Biziň oýnumyza koreýler hezil edip güldüler. Soň özlerem gatnaşmaga isleg bildirdiler. Dur her toparda bir Jeki Çan. Oýun başlady. Aňyrky topardaky myhmanyň adyny soradyk. Mister Wank diýdi.
-Aýterek.
-Günterek.
-Bizden Size kim gerek?
-Saýrap duran dil gerek.
-Dilleriň haýsy gerek?
-hor bolup gygyrdyk: Mister Waňk diýen oglan gerek.
Oýun şu ýerde gutardy. Yzy gülkä ýazyp gitdi. O gyzam gülüp-gülüp gyzaryp gidipdir. Žurnalistler bizi ýakyn günlerde meşhur kanalda görkezjekdiklerini, bizi bütin dünýä görjekdigini aýdyp hoşlaşdylar. Menem ol ýerden ýöräp ugradym. Aýlanyp ýörkäm ýene şol gyz sataşdy.
Tanyşmak kynam bolmady. Ýaňky wakalardan söz açylyp, gürrüň gyzyşdy.
-Adym Leýli.
-Tanyşanyma şat, Leýli.
-Howwa biz ugramaly, görüşýänçäk.
-Belki belgiňizi berersiňiz?
-Näme üçin?
-Aý häli rusça gowy gürleýän ekeniňiz diýdiň welin, Size telefonda rusçany öwredäýjekdim.
-Bolýar, egerde türkmen dilinden meň gaýtalap bilmejek kyn sözümi aýtsaňyz, belgimi aýdaýyn.
-Siziň gaýtalap bilmejek sözleriňiz köp, şolaryň birini aýdaýaýyn. "Kanagatlandyrylmadyklaryňyzdandyrda."
-Näme, näme?
-Boldy ikilenç gaýtalamok.
-Kangatlandyr, kanagatdyryl, ufff...

dowamy bar...
29
78
nabat_
26 Noýabr 2023
👍👍dowamyn sabyrsyzlyk bilen garaşyan.Haladym👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.