Tanyşlyk saýty...
Mobimeet gyzyklydy.
Imo, watsap, skype, in100gram bular başga dereje, elbetde.
Ýöne mobimeet gyzyklydy.
Aňryňda ýazyp oturanyň kimdiginem bileňok, aždarhamy, wampirmi ýa döwüň çagasymy, ýöne ýazyşýardyk (eh byli wremena).
Ol döwüriň modasy şoldy, knopkaly nokialaryň moda döwri. Bizem şondan internede girýädik (nirde gören zadymyz).
Internetde gyz bilen tanyşyp bolýar, gowuja gyzlar barmyş diýseler, biz ýaly durmuşda özüni oňarman ýören görgüliler çozýarlar internede. Wah, oňa barybam öňki boluşlary ýaly bols-a boljagam, aýal dogan, ýöne olaryň girýän niklerine bir sered-ä: "Men möjek, söýmeseň iýjek", "Gyzlaň islegi, daýzalaň arzuwy", "Içýänim kola, pul seçýän ýola", "Daşoguzyň çeti, Köneürgenjiň beti", "Köpçülige bolamak, gyzlar ýeke-ýekeden geliň".
Indi düşünensiň aýal dogan, meň nämä jan ýandyrýanyma. Özüň nähili nik bilen girýädiň diýýäňmi, aýal dogan, aý biziňki prostoýdy-laý "Dünýaň şazadasy".
Mobimeetde gezip ýörkäm bir gyzyň niki ünsümi çekdi. "Içýänim sok, söýgülim ýok". Gel söýgülisi ýok bolsa şuňa bir ýazyp göreýin, belkem bu salýonny maňlaýym açylyp gider diýip pikir etdim.
Öň obaň ýaşululary bilen salamlaşyp, saglyk amanlyk soraşyp ýören oba oglany bu gün şäheriň iň sowremenniý gyzlarynyň birine hat ýazýar.
-Salam gözel gyz, bimaza eden bolsam bagyşlaň, siz bilen tanyşmaga rugsat berermisiňiz?
-Slm (Şälämme diýdigimikä?).
-Adyňyz kimkä, eger mümkin bolsa, syr bolmasa.
-Sizkm?
-Meniň adym Massimus, A Siziňki, siziňkinem biläýjekdim.
-Nam un
-Bagyşlaň, Siz türkmençe bileňizokmy?
-A?
-Adyňyzy aýdaýyň haýyş, Siziň nikiňize aşyk boldum.
-Nädip.
-Ýazyp bilýän ekeniňizä, men-ä Size täjikmikä diýip otyrdym.
-Ýokla.
-Onda nä beýdip ýazýaňyz?
-Aý özüňiz bilýäňizä, bu mobimeediň modasy, gyzlar şeýdip ýazsalar sowremenniý görünýärler.
-Aý meň gözüm-ä sam.syk görünýärler, şeýtseler.
-Kim samsyk?
-Wiý bagyşlaň, günämi geçiň, men Size diýjek däldim, tötänden elimden çykyp gitdi bu söz. Siz beýle däl, Siz sam.syk däl, olar sam.syk, men olara diýdim, ýaňy bir gyz ýazyşdym, şoňa diýdim.
-Bolýa, bolýa, zyýany ýok, ýaňam bir gyz bilen ýazyşdyňyzmy?
-Ýo men ýazyşmadym, ýöne meň telefonymda Akmyrat ýazyşdy. Akmyrat ol, men däl, men ol gyza söýüşeli diýmedim, ony Akmyrat aýtdy, oň telefonyna pul salanam Akmyrat, ynanmasaň Akmyratdan sorap göräý.
-Bolýa nomerini ber Akmyratdan soraýyn. (Samsyga duşdum, oýnaýynla diýdi öýdýän).
-Ýo Akmyrat ýok, ol oba gitdi, ýolda telefonynam gaçyrypdyr, indi telefonam ýok, nomerem ýok, özem agyr ýatanmyş, ölen bolmagam ahmal.
-Oýun etdim how, gerek däl Akmyrat.
-Adyňyzy aýtmadyňyza?!
-Adym Mylaýym.
-Ooooo, gowy adyňyz bar eken, owadan adyňyz bar eken, meň iň gowy görýän adym eken.
-Siz nireli?
-Aslym Daşoguz, häzir Aşgabatda ýaşaýan, kwartirada, Bekrewe häkimlik köçe, Sona daýzalarda bolýan, pişikleň ýanynda (Şol wagtlar Bekrewede "pişik" diýip bir palažens bardy, häzirem bar bolsa salam aýdyň).
Garaz öýüme barýan karta çenli çyzyp berdim. Bir hepde ýazyşdyk. Ahyrynam ony duşuşyga çagyrdym. Özümem 1 gün öňünden özümi soda gaýnadyp, taýýarlanyp ugradym. Sakalymy dagy ömür çykmaz ýaly edip aýyrdym. Bega gördi:
-Dost senä ýuwunsaň adamada meňzeýän ekeniň. Kim ol gyz?
-Aşgabatly bir gyz tapdym, göräýdä, adam Mylaýym, özem Mylaýym, takoý zad-ow.
-Özüni nirde gördüň?
-Ine şu gün görmeli, nesip bolsa, gelse.
-Üstünlik, aw ganly bolsun!
Belleşilen ýer, belleşilen wagt. 1 sagat öňünden baryp, garaşyp oturdym. Jaň etdi:
-Geldiňizmi?
-Howwa, iň soňky oturgyçda otyryn.
-Birden meni halamasaňyz?
-Wah men halarynla, eger Siz halasaňyz.
-Ony göräýeris.
Bir seretsem 2 sany gyz maňa tarap ýöräp gelýär, ikisiniňem gulagynda telefon, ikisem telefona gürläp gelýär.
-Şu gelýänler Sizmi?
-Howwa, ýöne haýsymyz Mylaýymlygyny biljek bol, haýsymyz diýip pikir edýärsiň? Seň arzuw edýän gyzyň haýsy?
Ikisem ýanyma geldiler, ikisem maňa seredip dur, Size aýtsam aýal dogan, ömrümde bular ýaly, iki oduň arasynda galmandym.
Haýsyny saýlajak, bir-ä Aişwariýa, birem Merlin Monro. Wah men iki sany bolsam bolmaýamy? Indi näme etsemkäm? Birden ýalňyş saýlasam, ikisem gidip galar. Özüňi ele al körpe, sowukganrak bol, gowja seret, haýsyna seredeňde ýüregiň üýtgeşik urýar, ýüregiňe gulak as!
Gözümi ýumdum, ýüregimi diňledim, bir karara geldim, ahyram Aişwariýa seredip:
-Siz Mylaýym diýdim.
Gyzlar gülüşdiler. Merlin Monro Jon Kennediň ýanynamy, garaz, bir ýerlerä ugrady. Aişwariýam meň bilen galdy. Men öz söýgimi tanapdym.
-Meni nädip tanadyňyz?
-Sizi düýşümde görüpdim.
-Hä şoň üçin gözüňi açyp-ýumup durduňmy?
-Siz meni haladyňyzmy?
-Muny soň aýdaryn.
Biz biraz gezim etdik. Ol şadyýan, alçak gyzdy. Meň ýaly tormoza gerekli gyzdy. Ýöne arman...