massimus
14.11.2023 08:07

Tanyşlyk saýty (dowamy)...





Ir bilen işe bardym. Türk firmada brigadirdim (bagyşlaň, gaty syrly bolup bilemok, ýöne şonda-da şahsy durmuşymyň diňe meň rugsat beren çägime çenli tanşyp bilersiňiz). Irden ofisde ýygnak bolýardy. Sekretar Elif hanym meni gowy görýärdi (bärde dost, jigi hökmünde diýip düşünersiňizdä). Ol ýaşy 35 töweregi bolan görmegeý zenandy. Ol barada ofisda her hili gybatlar aýdylýardy, ýöne meň üçin-ä mähirli, gowy zenandy. Ol maňa Massimus diýip ýüzlenerdi (Şonda halapdym şul ady, şoň üçin wirtualada şu nik bilen geldim).

-Massimus, gowumyň, aladaly görünýäňle, öňküligiňä däl, ýa birine aşyk bolaýdyňmy?

-Aý ýok, Elif hanym, maňa aşyk bolupdyrlar öýdýän.

-Kimkä, ol bagtly gyz?

-Aý entek belli zat ýok, ýöne Sizi toýuma çagyraryn.

-Ok, gürleşdik (Türkçe howlukman gürleseler düşünýärdim, ýöne kän gürläp bilemokdym, häzirem şeýle).

Ýanymdaky oturan kel brigadir maňa eşek näzini edip:

-Şu sekretaryň-a sende göwni bar, beýleki brigadirlere ýüzem berenok welin, saňa gezek gelse...

-Agam, aýdýanyň näme, utanaňokmy, eger biri seň bilen adam ýaly gürleşse, hökman bir zat hantama bolup gürleşýärmi? (Şeýle adamlara öňem düşünemokdym, häzirem düşünemok, eger bir zenan bulara çalaja ýyly söz aýdaýsa, boldy, bu meň bilen...eý kädikelle! seň ýalylar bilen adam ýaly gürleşmeli däl özi, gyzlaň köpüsi nedowolny gezýärler, dogry edýärler, eger şeýtmeseler bular ýalylaň näme pikir etjegi belli däl).

-Hezil etmelä sen, utanmalam bizmi?

-Agamjan men heniz 17-em ýaşamok, ol bolsa 35 ýaşynda, ogly ýaly görýändirdä meni.

-Howwala, ýaş görüp nemedýändirdä seni.

Şol wagt ýüzüme urlan ýaly boldum, şonça medeniýetlisirejek bolsamam bolmady, aklym özüme boýun egmedi, edil dälirän ýaly bolup ýaňky kele topuldym. Bizi araladylar. Ofisden daşary çykdyk. Ol adam (adamam diýesim gelenok) burnynyň ganyny akdyryp:

-Näme, nemäňe degdim welin nemäň nemedäýdimi, ony nemedýän diňe sen däl...

-Eý.................., nämeler diýýäň-ow utançsyz (bu gep ýaňky zenanyň gulagyna ýeten bolsa, özüm utandym bu gürrüňlerden).

-Dogry sözliň dosty ýokda.

Bir ýerlerden Bega ýetip geldi. Ol uzakdan meni gören eken.

-Massimus, näme boldy, özüňi ele al, näme boldy beýle?

Ýaňky maňa seredip:

-Entek hiç zadam bolanok, agşam işden soň görersiň boljak zatlary, sen kime el galdyranyňy bileňok, bu gün diri galmarsyň sen.

Men oň yzyndan gygyrjak boldum, Bega saklady:

-Goýsanaý dost, goý gitsin, näme boldy düýnden bäri ugruň ýok, Mylaýymy gördüňmi, nähili boldy, agşamam giç gelipsiň, irdenem maňa garaşman işe ir gaýdypsyň, indem bu Kelekbaý bilen urşup ýörsüň, näme bolýa dost?

-Bolýan zatlara bul adamyň dahyly ýok, aý Mylaýymam soňky gezek görşüm boldy öýdýän.

-Näme halamadyňmy, şoň ýaly straşnymaý dost?

-Ýok, kukulka edil.

-Seni halamadymy?

-Menem halaman bormy?

-Onda näme boldy, agramyňyz dogry gelmedimi, menä düşünýän däldirin.

-Meň bilen diňe öýlenjek bolsaň gürleş, öýlenjegiň çynyň bolsa-da 3 şertim bar diýdi.

-Näme? Seni jyna meňzetdimikä, aýtmadyňmy, ýüzüm meňzesede, men hakyky jyn däl diýip?

Howwa, näme şertleri bar eken?

-Birinjiden men oň öýünde ýaşamalymyşym.

-Ol baýmy?

-Bilmedim.

-Ýaşaberdä öýünde, millioneriň giýewsi bolda, bagt guşy gonan eken, gel saňa maňlaýymy degireýin, "döwletliden döwlet ýoksun".

-Ikinji şerti ondanam gorkunç.

-Öýde men hojaýyn boljak diýdimi?

-Wah hojaýyn bolanam owarram, taryhda aşyklar öz söýen ýary üçin hemme zatdan geçipdirler, senem meni söýýän bolsaň, toýdan soň meň familiýama geç diýýär.

-Eý ýop......Ine sensasiýa. Hakyt şeý diýdimi. Familiýasy näme ekeni oň?

-Tapyndyýewa.

-Familiýasam-a familiýajan eken. Tapyndyýewa Massimus, bet gelişjek ekenaý, Tapyndyýewa Massimusgözel, hiç haçan beýle gülmändim dost........

-Howwa, gülüber sen, saňa derdini aýdan men sam.syk.

-Ýok dost, häzir gülüp bolaýyn, onsoň gürleşeli, Gowusy, ol gyzy maňa ber dost. Ol tüýs maňa laýyk gelýär. Aşgabatda ýaşamagy arzuw edýärin. Familiýamam Kürräýew.

-Howwa, Kürräýewden-ä, Tapyndyýewem gowy diýýäňmi?

-3-nji şerti nämekä, ol hanymyň?

-3-njini şu ikisine razy bolansoň aýtjak diýdi.

-Sen näme diýdiň?

-Aý ilk-ä oýun edýämikä diýdim, soň görsem görgüliň gara çyny, men-ä dost nätjegimem bilemok, arany üzäýmesem indi.

-Ýok dost, razy boluber, belki, ol seni synajak bolýandyr, meň üçin hemme zada taýynmyka diýip. Gaýtam, pasportymam çalyşjak, adyma-da Tapyndy goýjak diý.

-Beýdibem bir synamok bormy?! Birden razy bolsam, olam serýozny aýdan bolsa, soň näme bolar?

-Aý soň Tapyndyýew Tapyndy bolarsyňda, ýöne bir riskowat edip gör dost. "Kto ne riskuýet, tot ne pýot goşa çynar" diýýäler.

-3-nji şertinem primernyrak çak edýän özüm. Sen-ä meň eşiklerimi geý, menem seňkileri geýeýin diýer.

-Aý bu döwürde geňem däl-ä. Aýal-gyzlar biziň balaklarymyzy geýip ýör-ä. Senem uzyn köýnek geýmäge utansaň gyzlaň ýubkasyny geýäý. Seni kim tanap dur. Giýewimiz şotlandiýaly diýerler, wessalam.

Bu gün oň bilen ýene duşuşmalydym, ýöne näme diýmeli, bu ýagdaýdan nähili baş alyp çykmaly? Tapdym! Gowusy oň ýaragy bilen oň özüni awlamaly...

24
128
surprise
14 Noýabr 2023
🦥 o ho
okan
14 Noýabr 2023
👍😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.