massimus
27.11.2023 09:20
Hoş gal, Roza...






Ýene ýekelik, ýene sensizlik, ýüregedüşgünç sessizlik, ýaşaýyşym demsizlik, notalarda heňsizlik, durmuş özi deňsizlik, aýralygam geňsizlik, garaz ümsümlik.
Ýeke galmagy ýigrenýän, ýeke galsam seni ýatlaýan. Seni ýatlamak agyr, ýatlamazlyk mümkin däl. Bu gün ýene ýeke galdym, ýene seni ýatladym.
Ýene şol tanyş ýol bilen mekdebe barýan. Ýanymda dostum.
Howwa, meň okuwdaky kiçijik üstünliklerime özümden beter begenen dostum. Meň bolgusyz degişmelerime hemmelerden köp gülen, agyr günlerimde elmydama ýanymda bolan dostum. Dogandan ýakyn gadyrdanym.
Kalbymyň ynjaýanyny gözlerimden aňan jigerim. Durmuş ýolumda-da elmydama ýanymda däldigiň duýulýardy.
Dostlarym köp boldy, sen ýalysy bolmady. Olaryň köpüsi özlerine peýdaly mahalym dostlarymdy. Belki olar maňa bu dünýäde sendenem mert ynsan ýoklugyny duýmagym üçin goýberilendir.
Belki sen bu ýazgylarymy hiç haçan okamarsyň. Ýöne barlygyň üçin, geçmişime seredenimde ykbalyma direg bolup görünýänligiň üçin, hemmesi üçin sag bol.
Ýadyňdamy, hiç kime aýtmadyk, hiç kime aýtmajak syrlarymy diňe saňa aýdardym. Meň bilen deňem bolsaň göwnüme menden uludyň, seň maslahatyňy diňleýärdim.
Soň ykbal ýollarynda-da seň maslahatyňa mätäç bolan ýerlerim kän boldy. Indi senem bir maşgalaň başy, öz aladalaryň, öz durmuşyň bar. Ýolda, yzda duşanymyzda hal-ahwal soraşýas, bolany. Belki, bolmalysam şodur.
Howwa şol dostum bilen barýaryn. Aňyrdanam sen gelýäň, şol gözelligiň, gedemligiň. Egniňde-de şol ýaşyl köýnegiň, güne lowurdaýan saçlaryň, wagty doňduryp, saklap bilýän gözleriň. Hiç mahalam gedem gyzlary halamandym, sebäbi olar saňa meňzejek bolýan ýalydylar. Men beýle häsiýeti diňe sende göresim gelýärdi.
Dostum saňa we joraňa salam berýär. Joraň "salam" diýýär, sen bolsa çalaja başyňy atyp geçip gidýäň.
Menmi?
Men seni görsem gürläp bilemoga. Sen okuwda orta çykyp temany gürrüň bereňde, diňe şonda seni arkaýyn synlaýardym. Hyýalymda seň bilen uzaklara gidýärdim. Adam aýagy sekmedik jeňňelde diňe ikimiz ýaşaýarys. Bizi hiç kim, hiç zat aýra salyp bilenok. Men ir bilen awa gidýärin. Senem meni güler ýüz bilen ugradýarsyň. Soň agşamara awdan gelýärin, sen ýene meni näzlenip garşy alýarsyň. Biz nähili bagtly.
Gör-ä meň arzuwlarymy. Şowhunly durmuşy halasamam, hemme zatdan geçip, diňe seň bilen uzaklarda, asuda durmuşda ýaşamaga taýyndym.
Harby gulluga gitmeli günlerim golaýlaýardy. Senden aýra düşmeli pursatlar ýakynlaýardy. Saňa guda bolupdyrlar. Ýene bir aýdan toýuňmyş. Sen bagtlymyşyň.
Ertir gulluga ugramaly. Goňşy gyzymyz geldi. Meni çagyrdy. Daşary çykdym. Garşymda sen dursuň.
-Salam, ertir gulluga barýaň diýdiler. Seni göräýeýin diýdim. Biraz daýawlanypsyň.
-Salam, howwa.
-Men basym durmuşa çykýan.
-...................
-Meni bagyşla.
-Näme üçin?
-Saňa azap berenim üçin, saňa özümi söýdürenim üçin, soňam umytlaryňy, arzuwlaryňy öldürenim üçin.
-.....................
-Näme üçin mekdepdäki owadan, akylly gyzlar, saňa söýgi hatyny ýazanda olara jogap bermänsiň?
-Olary söýmeýänim üçin.
-Ýene şol prinspleňdä, şol köne ideallygyň, durmuş aslynda beýle däl, senem kitaplaňdaky gahrymanlaň ýaly ideal adam däl, eger şolaň birini saýlasaň, belki wagtyň geçmegi bilen, biri-biriňize düşünişip bagtly bolardyňyz.
-Birden düşünişmesek?
-Düşünişmäni nirä gitjek? Çagajyklaň bolar welin düşünişer ýörersiň.
-A, söýgi nä, o hökmän dälmi?
-Esasy biri-biriňe sylaşyk. Men ýöne barybir bagtly, Sen ýaly ýigidiň durmyşyndaky esasy zenany bolup galjagym üçin. Men muny entek köp kişä gürrüň bererin. Şunça gyzyň arzuwlan ýigidi, maňa söz aýdanda kabul etmedim diýip. Seni hiç haçan unutmaryn ynanaý. Senem meni unutmajagyňy bilýän. Senem ara ýyllar düşse-de, meň adymy aýtmasaňam, meň bilen geçen gyzykly günleriňi hökman gürrüň berersiň.
-Sen meň durmuşumyň ilkinji zenany, ýöne esasysy bolmarsyň.
-Şu kagyzy bilýäňmi?
-Ýok.
-Onda diňle. "Men seni Titanikdäki Roza meňzedýärin. Şol gözler, şol ýaňaklar. Eger seň bilen bile heläk bolmaly diýseler, hiç oýlanman Titanige münerdim." Bu seň maňa ýazan söýgi hatyň. Her gezek aýna seredenimde onda şol Rozany görmäge synanyşýardym. Sen her gezek maňa seredeniňde özümiň Roza ýaly owadanlygyma ynanasym gelýärdi.
-Sen entegem muny saklap ýörmüň?
-Men ony bir ömür saklaryn, sebäp muny maňa menden başga hiç kimi söýmedik ýigit ýazdy. Eger häzir gaçaly diýsem meň bilen bile uzaklara gidermiň?
-Ýok.
-Näme üçin?
-Sebäp sen meni söýeňoga.
-Ýene şol prinsp, ýene şol ideal, belki seň güýçli söýgiň ikimizede ýeter?!
-Ýok, ol ikimizede ýetmez. Sen bagtly dälmi?
-Aý bilmedim, ol gowy oglana meňzeýär, meni söýýärmişin, özlerem baýmyşyn, islän ýerine eli ýetýämişin, ol hökman meni bagtly eder.
-Sen oňa diňe baýlygy üçin durmuşa çykýaňmy?
-Ýok, ýöne öýdäkiler...
-Bu seň durmuşyňa.
-Sag aman gullugyňy gutaryp gel! Seň üýtgejegiňi bilýän, sen beýle ideallykdan el çekersiň, entek köp gyz bilen duşuşarsyň, ýöne barybir men seň durmuşyňdaky esasy zenan bolup galaryn!..

Sen mamla ekeniň, wagt geçip ideal prinsplem aýrylyp, menem adaty adama öwrülip barýan.
Ýöne sen...sen meň durmuşymyň esasy zenany dälde, bary-ýogy bir kiçijik ýatlamasy bolup galdyň...
24
51
atash2010
27 Noýabr 2023
Soňy gowa, diňe ýatlama bolup galypdyr👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.