maral
02.09.2024 19:03
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýäň: «Oňatlyk, Hudaýa şükür!»

Ýöne güýzüň manysyna düşene
Diňe şu gün bile ýaşap ýörme ýok.
Çünki güýz ene deý doguryp, ýene
Indiki ýaz üçin işläp aranok.

Hana, gör, asmanda bulutlar göçýär,
Pikirem bulut deý geçýär her ýana.
Ýyldyrym gylyç deý çar ýana geçýär,
Ýyldyrym deý pikir goýsaň eýýama...

Ömri gyl üstünde ýapraklar öçýär,
Sary şemal ony tändirip geçýär.

Sary şemal ony tändirip geçýär,
Soňkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ýör höwri.

Bu ýerde uly bir pelsepe-de ýok,
Her ynsan özüçe ýasanýar bagty.
Ýaprak gaçýar. Gaçma diýip bolanok.
Ýöne, iň gowy zat: galýar daragty.

Güýz ene deý şol daragty emdirýär,
Sowukda, şemalda kyn bolsa-da, kyn.
Öz ýalaňaç tenin ýagşa ezdirýär,
Güýzlüginden ýaza öwrülmek üçin.

Sen bir gözüňi aç, töwerege bak,—
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak.

Çaga dogran enä meňzeş bu toprak,
Goýýar seň öňüňde baky sowaly.
«Meniňki bag döken tohumy tapmak,
Aýt, oglum, seniň tohumyň bamy?»

Sen onsoň pikire çümersiň çuňňur,
«Çagam barym» bilen bolmarsyň halas.
«Tohum» diýen sözüň manysy çuňdur
Hem belentdir pikir edişinden has.

Ol sowalyň anygyna ýetmeli,
Ýagny, saçyň ýolup, der döküp, bada,
Ömrüň pikriňden soň dowam etmeli,
Şeýdip, ýaşamaly ýagty dünýäde.

Ine, şu sowala bolup baky ýar,
Topragyň üstünden ömürler geçýär.

Gurbannazar Ezizow
20
67
maral
01.09.2024 08:35
Hoş geldiñ sentýabr🍂. Ähli gowulygyñ, şansyñ, täsinligiñ, täzeligiñ, bagtyñ, saglygyñ, söýgiñ, berekediñ bilen.

Saralyp dökülýän diñe ýapraklar bolsun, ýüzüñiz elmydama ýylgyryp dursun!
16
78
maral
29.08.2024 10:23
Adyny eşideniñizdan sizi begendirýän şokolad🍫 hakynda

Bagt gormonyny köpeltmegi bilen tanalýan şokolad ýönekeý we süýjülik reseptlerinde köp ulanylýar. Esasy çig maly kakao dänesi bolan bu iýmit, dünýäniň köp ýerinde iň meşhur tagamlaryň biridir. Esasan 2 görnüşi bar: süýtli we ajy şokolad.

Şweýsariýa we Angliýa ýurtlary dünýäde iñ köp şokolad iýýän ýurtlar hasaplanylýar.

Aýallar erkeklere garanyñda has köp şokolad iýýärler.

Şokolad gan basyşyny ýokarlandyrýan we ýürek urgusyny çaltlandyrýar.

Kakao agajynyñ ömri 200 ýyl, ýöne muña garamazdan, 25 ýyl miwe berýär

Şokoladyñ düzüminde köp mukdarda demir bar.

Kakao ýagyny XVIII asyrda derman hökmünde peýdalanypdyrlar

500g şokolad öndûrmek üçin takmynan 400 däne kakao ulanylýar

Dünýädäki kakaonyñ 70% Afrikada yetişdirilýär.

Siz hem özüñiziñ gowy görýän şokoladyñyzy belläp geçiñ🍫😋
15
62
maral
25.08.2024 20:19
Güýmenje

Bu suratda şekilleriñ ählisinden 2 sany görnü bar. Diñe 1 şekilden 1 görnüş bar. Ol haýsy şekil?
14
96
maral
25.08.2024 11:24
Akrofobiýa


Güýçli beýiklik gorkusyna akrofobiýa diýilýär. Ol uly panika we alada döredip biler. Käbir barlaglara görä akrofobiýa iň ýaýran gorkularyň biridir.

Beýik ýerlerde özüňi oňaýsyz duýmak adaty zat, meselem siz başyňyz aýlanýan ýaly duýup ýa-da tolgunýan bolup bilersiňiz. Emma bu sizde panika döreteýän ýa-da beýikliklerden mydama gaça durmagyňyza getirmeýän bolup biler.

Eger akrofobiýaňyz bar bolsa, köprüden geçmek barada pikir etmek ýa-da dagyň suratyny görmek hem gorky döredip bilýär. Bu oňaýsyzlyk köplenç siziň gündelik durmuşyňyza täsir edip biler

Mundan başga-da, bu gorkynyñ şeýle fiziki alamatlary bolup biler:

•Derlemegiň artmagy, döşde agyry ýa-da gysylma, hem-de beýikligi göreniňde ýa-da ol barada pikir edeniňde ýürek uruşynyň artmagy.
•Beýiklikde sandyramak ýa-da titremek.
•Gündelik durmuşyňyzy kynlaşdyrýan bolsa-da beýiklige çykmakdan gaça durmak.
Oňa näme sebäp bolýar?
Akrofobiýa beýiklikler bilen baglanyşykly bolan trawmatiki hadysalardan döräp bilýär. Meselem:
•Beýik ýerden gaçmak
•Birniň beýikden gaçanyny görmek
•Beýik ýerde howsala düşmek (паническая атака) ýa-da başga negatiw hadysalar
Bulardan başga-da bu ýagdaý bilinmeýän sebäpden hem döräp biler, genetiki we daşky gurşaw faktorlary hem rol oýnap biler.

Bejergi
•Fobiýaňyz gündelik durmuşyňyza täsir edýän bolsa, meselem ýokary gatlarda ýaşaýan tanyşyňyzyň öýüne gitmekden ýüz öwürýän bolsaňyz, onda bejerginiň kömegi degip biler.

•Ekspozisiýa bejergisi iň täsirli bejergileriň biri hasap edilýär. Bejerginiň bu görnüşinde siz gorkýan zadyňyz bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň üstünde terapewt bilen işlärsiňiz.

Akrofobiýa bejergisi üçin ilki beýik bir binanyň içinde alnan suratlara seredip bilersiňiz. Adamlaryň ýüpüň üstünde ýöreýän, dymaşýan, ýa-da dar köprilerden geçýän wideokliplerini görüp bilersiňiz.

Eger muňa taýýar däl bolsaňyz terapiýanyň başga görnüşleri size kömek edip biler (meselem Когнитивно-поведенческая терапия).

Fobiýalary bejermek üçin kän derman ýok, emma panika we gorky alamatlary üçin käbir dermanlar kömek edip biler.

Çeşme: www.healthline.com
16
38
maral
24.08.2024 20:47

Näme üçin kran suwuny içmek nädogry


Turbalarymyzdaky suwuň standartlara we GOST-lara laýyk gelýändigi hakykat. Emma aslynda bu ülňüler idealdan daşdadyr, şonuň üçin hiç kime yzygiderli içmek maslahat berilmeýär. Galyberse-de, arassalanmadyk suwda adam bedenine ýaramaz täsir edip biljek köp sanly gizlin elementler bar! Kran suwunyň näme üçin beýle howplydygyny anyklalyň we suw süzgüçleri ony doly arassalap bilermi?


Suwy arassalamak üçin süzgüç saýlamak meselesine gaty jogapkärçilikli çemeleşmeli!


Suw süzgüçleri näme we näme bilen arassalanýar?

Öýümize girmezden ozal suw arassalanmagyň birnäçe basgançagyny geçýär, ýöne bu düzümdäki ähli toksinlerden dynmak üçin ýeterlik däl. Kranlarymyzdan akýan suwda mikroorganizmleriň sany köpelip biler! Mundan başga-da, düzüminde köp mukdarda hek, demir, nikel, arsen, simap, hlor we gurşun bar. Bu elementleriň her biri saglygymyza uly zyýan ýetirip biler.


Hek, adatça, tebigy gelip çykyşy bolan kalsiý duzlarydyr: ýerden ýa-da gaýalardan ýuwulýar. Hek suwunyň esasy ýetmezçiligi onuň adam bedenine edýän täsiri: böwrek daşlarynyň, aşgazan-içege keselleriniň we metabolik bozulmalaryň ýokary töwekgelçiligi bar.


Demiriň ýokary konsentrasiýasy bolan suw sarymtyl reňkde bolup, turbalaryň ýagdaýyna zyýanly täsir edýär. Alymlar şeýle suwy yzygiderli içmegiň bagyr kesellerine, ýürek agyrylaryna we beýleki ýürek kesellerine ýol açýandygyny subut etdiler.


Nikel daşky gurşawyň tebigy elementidir, ýöne hemme zat beýle ýönekeý däl, sebäbi aslynda adamlar öýjükleri kislorod bilen doldurmagy zerur. Şeýle-de bolsa, möhüm bir nokat bar: nikelden peýdalanmak üçin iýmitde we suwda onuň mukdary az bolmalydyr. Artykmaçlyk allergiýa, immunitetiň peselmegine we ýürek-damar ulgamynyň bozulmagyna sebäp bolup biler.


Organiki däl arsen tebigy ýerasty suwlara, käwagt gaty köp mukdarda girýär. Elbetde, suw kranyňyza ýetmänkä gaýtadan işlemegiň belli bir tapgyrlaryndan geçýär, ýöne bu elementden doly dynmak mümkin däl diýen ýaly. Arsen saklaýan suw içseňiz, ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň we rak keseliniň döremegine sebäp bolup biler.


Zeýkeş suwlary turbalar arkaly ýaşaýyş jaýlaryna goýberilmezden ozal, mikroblary aýyrmak üçin suw hlorlanýar . Bu gowy zat, ýöne ony hlory hem artykmaç edip bilerler. Bu elementiň suwdaky artykmaçlygy gastrit we ýaralaryň, ýürek keselleriniň we rak keseliniň ösmegine sebäp bolýar.


Gurşun esasan bu metaldan ýasalan köne turbalardan suwumyza girýär. Adam bedeninde gurşun bölejikleriniň toplanmagy böwrek keseline, ganazlyga, gowşaklyga we serhoşlyga sebäp bolup biler.


Suwy arassalamak üçin süzgüçler, diňe düzümindäki ähli howply bakteriýalardan we hapalardan, ýakymsyz tagamlardan, yslardan we zäherli maddalardan dynmak üçin zerurdyr. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, suwy howpsuz we sarp etmek üçin şert döredýär.


çeşme: techinsider.ru

33
274
maral
24.08.2024 16:38
Häzirki günde, biz diňe bir kinolary, filmleri köp görmek bilen çäklenemzok, biz kino medeniýeti bilen hem ýakyndan gyzyklanýarys. Kinolara we filmlere bolan söýgimiziň arkasynda näme ýatyr? Biz diňe wagt geçirmek üçin kino görýärismi ýa-da kinolarda has çuňňur birzatlar barmy?

Ine filmlere tomaşa etmegiñ käbir peýdalary:
Filmler öwrenmegimize ýardam edýär.
Dokumental kinolardan belli bir wagtda näme bolup geçendigini öwrenip bilýän bolsak, fantastiki kinolardan hem käbir wakalara nähili seredilendigini bilip bolýar.

Filmler jemgyýeti ösdürip bilýär.
Filmler adamlara empatiýa duýup, dürli soraglary soramagymyza getirýär.

Kyn bolan durmuş sapaklaryny çözmekligimize kömek edýär.
Kinolar bir gahrymandaky kemçilikleri özüňde görmäge mümkinçilik döredýär, bu bolsa özümizi kämilleşdirmegimize ýol açýar. Şeýle hem, biziň başdan geçirýän kynçylyklarymyzdan kino gahrymanlary nähili baş alyp çykýar, ony hem görüp bilýäris.

Filmlere tomaşa etmek üçin birnäçe platformalar bolsa-da kinoteatra gitmek ýa-da dost-ýar bilen kino görmegiň gyzygy başgaça. Hem-de kinodan öň we soň kino barada pikirlerimizi aýtmak, ünsümizi çeken bölekleri barada gürrüň etmek bizi biri-birimize ýakynlaşdyrýar.

Sungatyň gadryny bilmegimize kömek edýär
Kinolar güýmenje ýaly görülýär, emma kinematografiýanyň sungatdygyny ýatdan çykarmaly däl. Bir kinonyň döremegi üçin eşik we ses dizaýndan başga-da arhitektura, teatr we.ş.m gerek. Kino görmek bilen medeniýet öwrenilýär.

Haçanda biz kino görenimizde, biz diňe güýmenmeýäris. Biz bir owadanlyga haýranlygymyz bildirýäris, dünýä we özümiz barada öwrenýäris, adamlar bilen ýakynlaşýarys. Ol biziñ dünýägaraýşymyzyñ giñemegine hem giñ ýardam edýär.

Çeşme: www.abc.net.au
18
36
maral
23.08.2024 19:09
Ego – latyn sözi bolup, ‘menlik’ we ‘men’ ýaly manylary aňladýar. Ego, Zigmund Freýdiň düşünjesinde adam psihikasyny we ösüş depginini beýan etmek üçin hyzmat edýän psihologiki termin.

Egosyz adam bolup bilermi?
Ego sözi gündelik durmuşda ýygy-ýygydan duş gelýär. Köplenç negatiw manysy bar öýdülýär. Emma bu dogry däl. Ego agzalanda negatiw zatlar adamlaryň aňyna gelse-de, bu düşünje aslynda her bir adamda bar bolan ýagdaý. Ýagny, ego duýgusyny dogry ulanmazlyk negatiw netijeleri berip biler.

Egoist adamy nädip bilmeli?
Kadasyz ego, adamlaryň sözlerinde we özüni alyp barşynda täsirini görkezýär. Egoist diýip hasaplanýan islendik adam özüni dünýäniň merkezi hasaplaýar. Şeýdip, özi üçin dünýä döredýär we şol dünýädäki iň dogry we gymmatly adamyň özidigini nygtaýar. Bu pikirleniş ulgamy saglyk üçin has zyýanlydyr. Esasanam, egoist adamlar kiçijik ýeňlişe sezewar bolan wagtlary agyr trawmatiki duýgulary başdan geçirýärler.

Egoistleriň häsiýetleri:
Egoist diýip hasaplaýan adamlarymyz ulumsy, gaharly we gödek bolýarlar. Köplenç ‘men’ diýýän bu adamlar ego deňagramlylygyny saklap bilmese, bu ýagdaýy özüni alyp barşyndan bilmek mümkin. Özlerini beýleki adamlardan beýik hasaplaýan egoistler mälim bolşy ýaly daş-töweregindäkiler tarapyndan ýigrenç bilen garalýar.

Egoistleriň köplenç ulanýan sözleri:
Men iň gowy
Ilki bilen meniň isleglerim bolmaly
Men iň owadan
Men iň üstünlikli
Hiç kimden ötünç soramaýaryn
Men hiç kimiň aýagyna baramok
Men hiç haçan ýalňyşmaýan
Maňa akyl berer ýaly kim ol?

Artykmaç egonyň zyýany.
Ego, ýagny men-menlik duýgusy, aslynda her kişide bar bolan duýgy. Ego meselesinde adam öz isleginiň we jemgyýet tarapyndan kabul edilişiniň arasyndaky gapma-garşylygy hasaba alyp bilmezlik meselesini başdan geçirýär. Şonuň üçin artykmaç ego-nyň iň uly zyýany, sosial durmuşda öz täsirini görkezýär.

Çeşme: www.milliyet.com.tr
15
23
maral
23.08.2024 14:23
Kuwwatlylyk üçin kofe içme näderejede täsirli, ýa-da näme üçin bir käse kofe bolmasa oýanyp bilmeýärsiňiz?

Köpümize diňe gözümizi açmak we işleri bitirmek üçin ertirki kofeimiz gerek. Umuman alanyňda, dünýädäki adamlar her gün iki milliard käseden gowrak kofe içýärler. Kofe size irden turanyñyzdan soñ öndürijilikli bir güne başlamak üçin energiýa berýär diýip pikir edip bilersiňiz, ýöne aslynda bu ýalňyş pikir.

Kofeniñ düzümindäki esasy zat kofeindir. Kofeniň esasy täsiri beýnimizdäki öýjükleriň adenozin atly birleşme bilen täsirini üýtgetmekdir.

Adenozin, ukudan oýanmagymyzy kadalaşdyrýan ulgamyň bir bölegidir we ýokary işjeňligiň ýadawlyga sebäp bolýar. Işimizi dowam etdirenimizde, öýjüklerimizdäki energiýa sarp edilişiniñ ýokary derejede goýberilýändigi sebäpli adenozin derejesi ýokarlanýar. Ol bolsa bizi ukusyz we ýadaw edýär. Şonuň üçin işde agyr günüňizden ýadaýarsyñyz.

Oýananyňyzdan soň hem ukyñyz gelýän bolsa, kofe kömek edip biler, ýöne diňe wagtlaýyn.

Bedeniňizde eýýäm birnäçe sany erkin adenozin bar, kofe sizi oýarmaklyga gönüden-göni täsir edýär. Şeýlelik bilen, irden däl-de, biraz soň içilen bir käse kofe sizi has güýçlendirer. Her gün kofe içmekden gaça duruň, ýogsam ol siziñ organizmñiz bilen öwrenşer we size güýç bermegi peseler. Agşam kofe içmäň we mümkin boldugyça sagdyn uklamaga synanyşyň.
16
52
maral
22.08.2024 22:46
Saçyñyzy guratman ýatmak hakynda

Çygly saç bilen ýatmak hakykatdanam köp saglyk meselesini getirýär. Elbetde, ýatmazdan ozal suwa düşmek ukynyň hilini ýokarlandyrýar. Duşdan soň çygly saç bilen uklamak, myşsalaryň dartylmagyny peseldýär, immun ulgamyna we myşsalara ýaramaz täsir edip bilýär. Şonuň üçin çygly saç bilen uklamagyň zyýany barada käbir maglumatlary bilmegiñiz möhümdir.

Saçlary guratmak köplenç agyr iş hökmünde görülse-de, ýeterlik derejede guradylmalydyr we aşakda paýlaşjak saglyk meselelerine garşy çäreler görülmelidir:
Çygly saç bilen ýatmak ilki bilen myşsa agyrysyny döredýär. Sebäbi çygly saç gan aýlanyşyna sebäp bolýar we bedeniň gyzgynlygyny üýtgedýär. Myşsanyň dartylmagyny we spazmyny ýokarlandyrýan bu ýagdaý sebäpli saçlary guratmak möhümdir.
Bedeniň temperaturasynyň üýtgemegini başdan geçirmek sowuklama sebäp bolýar. Allergiýany döredýän çygly saç, bedeniň gorag mehanizmini gowşadýar. Netijede, bakteriýalary we wiruslary işjeňleşdirýär we adamlara bu ýagdaý çalt täsir edýär.
Çygly saç bilen uklamak deride gijilewigiñ döremegine sebäp bolýar. Gijilewik çişmegi we gyjyndyrmany hem çagyrýar. Şonuň üçin hemişe ýatmazdan ozal saçyňyzy ýeterlik derejede guratmak maslahat berilýär.
Saçyñ ujunyň döwülmegine sebäp bolýan çygly saçlar hem saç gyllaryny gowşadýar.
Aýallar, adatça, saçlaryny guratman, uklamagy gowy görýärler. Şeýle-de bolsa, çyglylygyň uzak wagtlap saklanmagyna sebäp bolýan bu ýagdaý, kelläniň gan aýlanyşyna täsir edýär.
Ýatmazdan ozal saçyňyzy guratmak möhümdir, sebäbi çynlakaý kelle agyry bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz.

Çeşme: guzellik.horoscopeoftoday.com
15
32