maral
23.08.2024 19:09
Ego – latyn sözi bolup, ‘menlik’ we ‘men’ ýaly manylary aňladýar. Ego, Zigmund Freýdiň düşünjesinde adam psihikasyny we ösüş depginini beýan etmek üçin hyzmat edýän psihologiki termin.

Egosyz adam bolup bilermi?
Ego sözi gündelik durmuşda ýygy-ýygydan duş gelýär. Köplenç negatiw manysy bar öýdülýär. Emma bu dogry däl. Ego agzalanda negatiw zatlar adamlaryň aňyna gelse-de, bu düşünje aslynda her bir adamda bar bolan ýagdaý. Ýagny, ego duýgusyny dogry ulanmazlyk negatiw netijeleri berip biler.

Egoist adamy nädip bilmeli?
Kadasyz ego, adamlaryň sözlerinde we özüni alyp barşynda täsirini görkezýär. Egoist diýip hasaplanýan islendik adam özüni dünýäniň merkezi hasaplaýar. Şeýdip, özi üçin dünýä döredýär we şol dünýädäki iň dogry we gymmatly adamyň özidigini nygtaýar. Bu pikirleniş ulgamy saglyk üçin has zyýanlydyr. Esasanam, egoist adamlar kiçijik ýeňlişe sezewar bolan wagtlary agyr trawmatiki duýgulary başdan geçirýärler.

Egoistleriň häsiýetleri:
Egoist diýip hasaplaýan adamlarymyz ulumsy, gaharly we gödek bolýarlar. Köplenç ‘men’ diýýän bu adamlar ego deňagramlylygyny saklap bilmese, bu ýagdaýy özüni alyp barşyndan bilmek mümkin. Özlerini beýleki adamlardan beýik hasaplaýan egoistler mälim bolşy ýaly daş-töweregindäkiler tarapyndan ýigrenç bilen garalýar.

Egoistleriň köplenç ulanýan sözleri:
Men iň gowy
Ilki bilen meniň isleglerim bolmaly
Men iň owadan
Men iň üstünlikli
Hiç kimden ötünç soramaýaryn
Men hiç kimiň aýagyna baramok
Men hiç haçan ýalňyşmaýan
Maňa akyl berer ýaly kim ol?

Artykmaç egonyň zyýany.
Ego, ýagny men-menlik duýgusy, aslynda her kişide bar bolan duýgy. Ego meselesinde adam öz isleginiň we jemgyýet tarapyndan kabul edilişiniň arasyndaky gapma-garşylygy hasaba alyp bilmezlik meselesini başdan geçirýär. Şonuň üçin artykmaç ego-nyň iň uly zyýany, sosial durmuşda öz täsirini görkezýär.

Çeşme: www.milliyet.com.tr
14
22
maral
24 Awgust 2024
@ideallider, menä beýle pikirde däldim😊
ideallider
24 Awgust 2024
Erkekçe hemmekişiň gözöňine men geldimgerek😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.