maral
25.08.2024 11:24
Akrofobiýa


Güýçli beýiklik gorkusyna akrofobiýa diýilýär. Ol uly panika we alada döredip biler. Käbir barlaglara görä akrofobiýa iň ýaýran gorkularyň biridir.

Beýik ýerlerde özüňi oňaýsyz duýmak adaty zat, meselem siz başyňyz aýlanýan ýaly duýup ýa-da tolgunýan bolup bilersiňiz. Emma bu sizde panika döreteýän ýa-da beýikliklerden mydama gaça durmagyňyza getirmeýän bolup biler.

Eger akrofobiýaňyz bar bolsa, köprüden geçmek barada pikir etmek ýa-da dagyň suratyny görmek hem gorky döredip bilýär. Bu oňaýsyzlyk köplenç siziň gündelik durmuşyňyza täsir edip biler

Mundan başga-da, bu gorkynyñ şeýle fiziki alamatlary bolup biler:

•Derlemegiň artmagy, döşde agyry ýa-da gysylma, hem-de beýikligi göreniňde ýa-da ol barada pikir edeniňde ýürek uruşynyň artmagy.
•Beýiklikde sandyramak ýa-da titremek.
•Gündelik durmuşyňyzy kynlaşdyrýan bolsa-da beýiklige çykmakdan gaça durmak.
Oňa näme sebäp bolýar?
Akrofobiýa beýiklikler bilen baglanyşykly bolan trawmatiki hadysalardan döräp bilýär. Meselem:
•Beýik ýerden gaçmak
•Birniň beýikden gaçanyny görmek
•Beýik ýerde howsala düşmek (паническая атака) ýa-da başga negatiw hadysalar
Bulardan başga-da bu ýagdaý bilinmeýän sebäpden hem döräp biler, genetiki we daşky gurşaw faktorlary hem rol oýnap biler.

Bejergi
•Fobiýaňyz gündelik durmuşyňyza täsir edýän bolsa, meselem ýokary gatlarda ýaşaýan tanyşyňyzyň öýüne gitmekden ýüz öwürýän bolsaňyz, onda bejerginiň kömegi degip biler.

•Ekspozisiýa bejergisi iň täsirli bejergileriň biri hasap edilýär. Bejerginiň bu görnüşinde siz gorkýan zadyňyz bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň üstünde terapewt bilen işlärsiňiz.

Akrofobiýa bejergisi üçin ilki beýik bir binanyň içinde alnan suratlara seredip bilersiňiz. Adamlaryň ýüpüň üstünde ýöreýän, dymaşýan, ýa-da dar köprilerden geçýän wideokliplerini görüp bilersiňiz.

Eger muňa taýýar däl bolsaňyz terapiýanyň başga görnüşleri size kömek edip biler (meselem Когнитивно-поведенческая терапия).

Fobiýalary bejermek üçin kän derman ýok, emma panika we gorky alamatlary üçin käbir dermanlar kömek edip biler.

Çeşme: www.healthline.com
16
38
ideallider
30 Awgust 2024
Ýene şuňa meňzeş bir sindrom bolmaly. Beýle sindromly adam, tersine, hemmezat kiçijekdir öýdýär. Hatda Burj-halifada beýle sindromly adamlara köwüşýaljak bolup görünýär👍
maral
25 Awgust 2024
@geldiyevna, gorkýañyzmy ýa ýaltanýañyzmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.