manolya
22.02.2024 18:44
Seni ýatlaýan...


Indi hiç zat ýüregimi gozganok,
Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da.
Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum,
Bu günem bir toýda boldum tamada.

Dünýäniň şowhuny azalan ýaly,
Ýekelik höwesi aňyma ýaýran.
Edil häzir jaýlar uçup gitse-de
Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran.

Her zat boljak eken ýagty dünýäde,
Bolman biljek eken, bolmaly zadam.
Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa,
Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.

Menem seni küýsäp, meýdana çykdym,
Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym.
Şolara-da ýaman nebsim agyrýar,
Olaryňam galan ömri gysgadyr.

Çünki, ýene güýz gelipdir äleme,
Çygly şemal kän öwüsýär ilerden.
...Sen bile sary gül ýygardym weli,
Uzakda sen gülüň parhyn bilerden.

Çary ÝEGENMYRADOW
29
75
manolya
21.02.2024 09:41
Kim günäkär ?

• Adam bilen haýwan dawagär bolsa, adam günäkär.

•Dawagärleriň ikisi-de adam bolsa, akyllysy günäkär.

•Uly bilen kiçi dawagär bolsa, uly günäkär.

•Erkek bilen aýal dawakär bolsa, erkek günäkär.

•Alym bilen nadan dawagär bolsa, alym günäkär
.
•Baý bilen garyp dawagär bolsa, baý günäkär.

•Hojaýyn bilen hyzmatkär dawagär bolsa, hojaýyn günäkär.

•Halypa bilen şägirt dawagär bolsa, halypa günäkär.


Toplan Güljahan Durdyýewa

çeşme :Ylymly
29
103
manolya
21.02.2024 00:39
Pähimli sözler

1.Ertiriň aladasyny edip, özüňi harap etme. Şu wagt eliňde bary bilen bagtyýar bolmagy öwren. Sebäbi sen ertire çykjagyňy bilmeýärsiň.

Abraham R.

***

2.Kän işde şägirt bolanyňdan bir işde halypa bolanyň ýegdir.

Abraham R.

***

3. Gury ham-hyýaldan ybarat umyt bilen maksadyňa ýetip bolmaýar. Arzuwlaryňy elmydama akyl eleginden geçirmek gerek.

Abraham R.

***

4. Ile görünjek bolmak medeni taýdan yzagalaklygyň nyşanydyr.

Konfusiy

***

5. Özüňizde bolmadyk zatlary alyp bermegiň ýerine, çagalaryňyza size öwredilmedik zatlary öwrediň.

6.Maddy miras könelse-de, bilim terbiýe könelýän däldir.

Brýus Li

***

7. Çagalaryňyzy baý däl-de bagtly bolar ýaly edip terbiýeläň.

Stiw Jobs

***

8. Adam öz ýalňyşlary bilen ýüzleşmegi başarmasa, başgalarynyň kemçiliklerini görmäge dowam eder.

***

9. Durmuş bir sapar – syýahatdyr. Ädimleriňi haýallatjak, ýüküňi agraltjak ýa-da seni aşak dartjak amallary, pygyllary etmezlige çalyş.

Halallyk Kyssalary

***

10. Älemdäki iň gymmatly zat adamdyr, adamyň iň gymmatly zady akyldyr, akylyň iň gymmatly zady pikir we oýlanyşyklylyk, pikir we oýlanyşyklylygyňky bolsa adalatdyr.

Ehli irfan

***

11 . Hakykat elmydama ýakymly däldir, her ýakymly söz hem hakykat däldir.

Gadymy hytaý pelsepeçisi Lao Tzu

***

12. Gowy görelde bolmak adamlary düzeltmegiň iň täsirli usuly däl-de, ýeke-täk ýoludyr.

Albert Şweýser

***

13. Ajy günleri süýjä öwürýän sabyrdyr.

Paýhas çeşmesi

***

14. Lukmanlaryň iň ýalňyşýan ýeri bedenimizdäki näsazlyklary bejermäge çalyşýarkalar, ruhumyzy ýatdan çykarýarlar.

Platon

***


15. Durmuş gijä galanlary asla bagyşlamaz!

Mihail Gorbaçýow

***

16. Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar.

Rahmet Gylyjow

***

17.Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz.

Paýhas çeşmesi

***

18. Çaga öwredýän zadymyzy däl-de, görýän zadyny edýändir.


çeşme :" Ylymly "
28
190
manolya
20.02.2024 21:28
Çyzygy nädip uzaltmaly?

Mugallym synpdaky iň bir zehinli, şolbir wagtda deň-duşlaryna görübilmezçilik edýän okuwçylaryň birinden:

– Näme üçin synpdaşlaryň ýasan zatlaryny bozuşdyryp galmagal turuzýarsyň? – diýip soraýar.

Okuwçy:

– Olaryň meni ozmagyny islämok. Synpyň iň ökde okuwçysy men bolmaly – diýip jogap berýär.

Mugallym ýerinden turup, eline bir bölek hek alýar-da, tagta uzynlygy 25 santimetr bolan çyzyk çyzýar.

– Aýt hany, bu çyzygy nädip gysgaltmaly?

Okuwçy çyzyga az salym seredip durýar-da, ony gysgaltmagyň birnäçe ýoluny sanap berýär. Bu ýollaryň biri hem çyzygy gysgaltmak eken.

Mugallym onuň beren jogaplary bilen kanagatlanman, çyzygyň gapdalyndan has uzyn, başga bir çyzyk çyzýar.

– Seret hany, birinji çyzan çyzygymyz indi nähili görünýär?

Okuwçy başyny aşak egip:

– Gysga görünýär – diýip jogap berende, mugallym sözüni şeýle jemleýär:

– Başga biriniň çyzygyny gysgaltjak bolanyňdan bilimiňi we başarnygyňy artdyryp, öz çyzygyňy uzaldanyň has gowudyr.

Çeşme: Bilal Özbaý, «Dersmetre»

Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew
35
177
manolya
19.02.2024 09:25
Dymmaklyk uly güýç

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: «Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr».Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn al-Hattab: «Her bir

adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz, gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň-kimdigi belli bolýar» diýipdir. Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly we eý görülýän häsiýetleriň biri. Ol göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy oýarýar. Dilini boş we biderek ýaňramazlyga endik etdiren adamy, dilini many we düşbülik bilen jylawlamagy başarýan adamy güýç-kuwwatyň eýesi hasaplap bolar. Akyldan gapylka aýdylan, gör, n��çe söz eýesini heläkçilige uçratdy. Baýlyk-maly, abraý-ady gitdi.

Taryhy ýazgylara görä, Luis XIV ýaş ýetginjek wagty çeper gürlemekde, jaýdar sözlemekde, birini susdurmakda, dawa-jedelde üstün çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta çykanyndan soň ol mese-mälim üýtgäpdir. Az gürläp başlapdyr. Dymmaklyk, az gürlemeklik onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat çeşmeleriniň biri bolupdyr. Şol gürrüňlere görä, hatda onuň wezirleri hökümdar bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ençeme sagatlap aram-karar tapman, hökümdara meseläni nädip ýetirmegiň ugruny bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz aralaryndan iki sany wekili saýlap, şol teklibi Luis XIV-ä hödürlemäge zordan boýun eder ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi hakda uzak wagtlap kelle döwer ekenler. Geňeşden soňra, iki sany adam gorka-gorka bu teklibi hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik beýan edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty bilen baş atmasyndan soňra, ol ýerden dolanar ekenler. Hä-hawada bermez eken.

Birmahalky ýaňra Luis XIV bu häsiýeti bilen hökümdaryň huzuryna gelnende her hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San Simon Luis hökümdary şeýle suratlandyrýar: «Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan şeýle adamy hiç kim gören däldir. Onuň ýylgyryşlary hem, nazary-garaýyşlary hem, ondaky her bir edim-gylym, hüý-häsiýet hem şeýle bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy. Onuň beýikligi az sözlüligi bilen utgaşyp gidipdi». Käbir adamlar az sözlemde aýdyp boljak zady süýndürip-sarkdyryp, tutuş kitaby gürrüň berýän ýaly uzaldýarlar. Käteler wakanyň özi bäş minutdan uzaga çekenok, emma onuň gürrüňi sagatlara çekip bilýär. Her gezek aýtjak zatlaryň takyk we kesgitli bolsa, onda sen ýerliksiz gep uzaltmalardan we ýaňramalardan, manysyz sarnamalardan el çekmeli. Şeýtmek bilen, hem özüňi, hem-de beýlekileri irizmek den, ýüreklerine düşmekden halas edýärsiň.

Dogry, söz birek-birek bilen tanyşmak, habarlaşmak üçin esasy serişde, bu delile duwlanyp, bu ýerde meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin. «Ýaşaýan jemgyýetimizde has köp iş salyşmak üçin köp gürlemäge mejbur bolýarys» diýmegiň mümkin. Ýa-da «az gürlesek, özgeler bizi ulumsy, tekepbir saýyp, bizden aýyp-syn etmekleri mümkin» diýersiň. Gümürtik we öjükdirijilik häsiýetdäki dymmaklyk hakda aýdýan bolsaň, onda sen mamla – seniň bilen ylalaşýaryn. Ýöne men bu ýerde sada söz bilen dymmaklygyň, ýagny az gürlemekligiň esasy ähmiýetlerini sanap geçeýin. Agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp aljak gümanyň ýok. Pygamberimiziň hadyslarynda «Ynsany jähenneme oklaýan iň hatarly zat agyzdan çykan sözdür» diýilýär.

Ähli ýollary, usullary ulanyp, sözleriňe seresap çemeleş. Diliňe erk et. Gymmaty, ähmiýeti ýok sözleri ýaňramakdan we anyk gözüň ýetmeýän zatlary sözlemekden saklan. «Gürleseňiz, derrew tanalarsyňyz. Ýigidiň kimdigi dilinde basyrylgy ýatandyr, sözlese, nähili ýigitdigi dessine äşgär bolar» diýip, bäş müň hikmetiň eýesi Aly ibn Abu Talyp aýdýar. Bu söz maňa-da, saňa-da degişli. Aýdýan sözlerimiz, ile ýaýýan pikirlerimiz esasynda adamlarda biz hakdaky düşünje peýda bolýar. Olar aglaba halatda aýdýan sözlerimiz arkaly bizi tanaýarlar. Çünki dil dine özüňde bar zatlary aňyňda bar zatlara laýyklykda sözleýär. Bu diliň tebigatydyr. Ýöne nirelerde dymmaly? Ine, şu aşakda ýatlanjak ýerlerde dymyp saklanmak örän ýerlikli, has dogrusy, ýagdaýa tüýs laýygydyr.

Gahar-gazaplykaň. Gahar-gazap dälilige mahsus bir ýagdaý. Gaharly ýa-da juda öýkeli wagtyň gürläniňde öte köp säwlikgoýberýärsiň. Iň hatarly ýeri hem şol ýagdaýda aýdan her bir sözümiz soňlugy bilen diňe biziň garşymyza hereket edýär. Öz büdremegimize delil, tutaryk bolýar, bäsde��imiz üçin jaýdar bahana öwrülýär. Diňe bizi ýazgarmaga esas bolýar. Gahar-gazabyňy, öýke-kinäňi saklap bilmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýöne özüňi bu häsiýete alyşdyrmak, yzygiderli endik etmek bilen gaharyny jylawlap bilýänleriň biri bolarsyň. Şeýle halatda käbir sözleri ýatlamagymyz gerek. Mysal üçin, Pygamberimiziň «Gaharlanmasaň saňa jennet nesip eder» diýen sözleri bar. Şol sözleri amal etmek arkaly gazanjak sogabyňy we hoş hallaryňy göz öňüne getir, aňla, düşün. Sogap-sylagdan daşary adamlaryň hormat-sarpasyna hem eýe boljakdygyňy ýatla.

Üstüňden gülünmek, ýaňsylanmak we kinaýa wagtynda. Araplaryň bir hikmetli paýhasy bar: «Akmak bilen jedel etme, esasanam, özüňçe ýok biri bilen dawa-jedel etseň, eňekleşseň…, sizi aralamakda adamlaryň ýalňyşmagy mümkin». Gürrüňi uzaltmazlyk we ol ýerde uzak saklanmazlyk – edip boljak iň gowy iş. Kinaýadyr ýaňsylama hem edil şonuň ýaly ýaňsy bilen jogap gaýtarjak bolma, gaýta bu ýagdaýda pespällik, açykgöwünlilik, dymmaklyk güýçleriňi peýdalan. Şolara berjek jogabyňdan geljek netijäni, gürrüňi biderek ýere uzaltmak bilen «gazanjak» zadyňy aňyňda aýla, il-günüň, özgeleriň näme diýjekdiklerine ser sal.

Daş-töweregiňi bilmeklik, seljermeklik. Işde, öýde ýa-da sapar- syýahatda bolsaňam, köplenç, dymmaklyk zerurlygy ýüze çykýar. Dymmaklyga mätäç bolýansyň. Her bir bolýan zadyň anyk sebäbini bilmeseň, aňşyrmasaň, sözler kynlyk bilen çykar durar… Hytaý pelsepeçisi Sun Szy beýleki bir şahs bilen geleşige, ylalaşyga girmegimiz hakda şeýle diýýär: «Biz uzak dymdygymyzça söhbetdeşimiziň dodaklary we dişleri barha çalt hereket edip başlaýar. Ol şeýtmek bilen özüniň islegi we niýetleri hakda saňa has içgin açylyp başlaýar».

Gadyrdan dostum! «Dymmaklyk ejizligiň we dyza çökmekligiň bir alamaty» diýip, ýene-de meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin. Çünki beýleki tarap hondan bärsi bolup, gep süýndürip, söz sarkdyrypoturmaga magrur bolýar. Bu ýagdaý diňe seniň bähbidiňedir. Senden haýyşym hem-de talabym – seniň mertebäňi, abraýyňy dynnym ýaly ýokary galdyrmajak ýerinde, gaýta sähel sowa düşseň, ýazgaryljak ýeriňde gep uzaldyp oturmagyň haýry-hajaty ýok hasap edýärin. Ýöne şol ýerde nämedir bir zat diňlemeli, sözlemeli we aýtmaly bolsa, onda sen asudalyk we agraslyk bilen az sözde aýdyň jogap bermäge çalyş.

Nygtamak isleýän zadym – diliňi artykmaç sözlemekden jylawla. Akyl elmydama diliňe gözegçilik etsin. Diýmeziňden ozal mazaly oýlan. Bedräni guýa sallamazyňdan öňürti işleriň ýagdaýyny ölçerip dök.

Jan alýan dymmaklyk. Käbir halatlarda «Dymyp saklanmak örän agyr, ýaramaz we ýalňyş» diýip aýtsalar, sen oda-köze düşme! Şol ýerde hem diliňi ýazgynyna goýberer ýaly esas ýok, bu bolsa artykmaç gürlemekde haýyr ýokdugyny aňladýar. Islenilýän zat – deňagramlylygy saklamak. Durmuş kadalaryny ýola goýmakda, sagdyn duýgulara eýermekde ýüze çykan islendik ýoldan sowulma, gyşarma ynsana ters täsir edýändir. Heý-de minnetdarlyk ýa-da duýgudaşlyk bildirilmeli wagty dymyp saklanyň diýýän hikmeti eşitdiňizmi? Heý-de söýgi, sylag-hormat, taňryýalkasyn aýtmaly ýerinde dymyp durmagymyz laýyk bolarmy?

Kimdir birine töhmet atylýan wagty anyk we aýdyň delilleri aýdyp bilýän bolsaň, dymmaklyk dogry bolarmy? Elbetde ýok. Eger akylymyz bize şu ýerde gürleseň jaý ýeri diýse, gürlänimiz ganymat. Eger-de işleriň gidişi, ýagdaýy dymanymyzy eý görýän bolsa, onda düşnüksiz we sadaja ýylgyryp oňanymyz has oňatdyr.

Nakyllarda şeýle diýilýär: «Ýapyk agza siňek girmez».

Çeşme: Kerim Aş-Şazili, “Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary”
25
125
manolya
18.02.2024 23:38
Güýmenje

Sorag : ekiz gyz ,ekiz oglan ,ýa-da gyz-oglan ekez çagaňyz bolsa haýsy ady dakardyňyz ?

Haýsy atlary halaýaňyz we sebäbi ?!
22
162
manolya
18.02.2024 16:40
Endik (kyssa)

Bir ýaş ýigit gündogarly pelsepeçileriň birinden endikleriň garşysyna nädip göreşmelidigini sorapdyr. Pelsepeçi oňa bir ýaş nahaly görkezip, şony sogurmagy buýrupdyr. Ýaş ýigit nahaly bir eli bilen arkaýyn sogrup taşlapdyr. Soň pelsepeçi oňa ulurak bir nahaly görkezipdir. Ýaş ýigit onam çekip aýrypdyr. Ýöne bu gezek ýaş ýigit iki elinem ulanmaly bolupdyr. Has ulurak nahaly sogrup aýyrmak üçin bolsa ýigide dostlarynyň hem kömegi gerek bolupdyr. Pelsepeçi olara has ulurak bir agajy görkezipdir. Olaryň bary jemlenseler-de bu agajy ýerindenem gozgap bilmändirler.

Pelsepeçi ahyry olara şeýle sapak beripdir:

– Ine, endiklerimizem şu zeýillidir. Heniz kök urmanka, olary sogrup aýyrsa bolar. Ýöne esli wagt geçensoň, mazaly kök uransoň bolsa, olary goparyp aýyrmak gaty kyn düşýär.

#Ylymly...
33
152
manolya
18.02.2024 07:48
Kanagatly ýaşuly

Bir wagtlar özüniň sahawaty bilen meşhurlyk gazanan Hatam Taý uly zyýapat berip, gelen myhmanlara halat-serpaý baryny ýapýar. Soňra-da bir iş bilen çöle çykýar. Görse, bir garry adam arkasynda bir petde ýandagy ýükläp barýarmyş. Ýandagyň tikenleri gojanyň endamyna batyp, persala edýärmiş.

Hatam Taý oňa ýüzlenip:

– Ýaşuly, Hatam Taý myhman baryny çagyryp, uly zyýapat berýär, sowgat-serpaý ýapýar. Sen hem şonuňka bar. Bu ýandagy satyp bäş teňňe gazanýan bolsaň, Hatam Taý saňa azyndan ýüz tylla sowgat berer – diýýär.

Goja şonda Hatam Taýa şeýle jogap berýär:

– Meniň üçin bu tikenli ýükümi öz mertebäm bilen götermek Hatam Taýyň minnetini göterenden has ýeňil.

Soňra bir gün Hatam Taýdan:

– Sen özüňden has sahawatly, has juwanmert, has mertebeli adam gördüňmi? – diýip soraýarlar. Hatam Taý:

– Sährada öňümden çykan şol kanagatly ýaşuly menden has mertebeli, has eziz, has juwanmert adamdy – diýip jogap berýär.

Çeşme: Internet maglumatlary

#Ylymly..
31
116
manolya
15.02.2024 17:53
40 ýyl bäri amanat ýürek bilen ýaşaýan erkek adam Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi


40 ýyl bäri amanat ýürek bilen ýaşaýan erkek adam Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi
Niderlandiýaly Bert Ýanssen özboluşly dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda oturdylan ýürek bilen iň uzak ýaşaýan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord 39 ýyl 248 güne barabar diýip, esquire.kz habar berýär.

17 ýaşynda Bert dümewiň dowamly alamatlaryndan zeýrenýär. Lukmanlaryň barlagy netijesinde onda kardiomiopatiýa – dar ýa-da petiklenen arteriýalar sebäpli ýürek myşsasynyň gan bilen üpjünçiliginiň ýeterlik bolmazlygy bilen baglanyşykly hroniki kesel ýüze çykarylýar. Hünärmenler ýigide ýürek oturtmagyň zerurdygy baradaky netijä gelýärler. Bert Londonyň Harfild hassahanasyna iberilýär.
Eýýäm bir hepdeden soň, transplantasiýa geçirilýär, ýene bir günden soň bolsa ýaş ýigit kämillik ýaşyny belleýär.
Häzir Bert Ýanssen öýlenen we iki ogluny terbiýeleýär. Ol paraplanda uçmak bilen meşgullanýar we täze rekordlary goýmagy meýilleşdirýär. Mundan öň niderlandiýaly tennis we woleýbol bilen gyzyklandy.

#Ylymly

Aşakdaky maglumatlar :Salam news ,den alyndy .....
Ginnesiň rekordlar kitaby 57 ýaşly gollandiýaly Bert Ýanssen ýürek çalşylandan soň, taryhda iň uzak ýaşan adamdygyny tassyklady. Ol takmynan 40 ýyl ozal operasiýa edilipdi diýip, «BBC» habar berýär.

Ýanssen 17 ýaşynda kardiomiopatiýa diagnozy goýulýar.

Lukmanlar bejergi üçin ýürek transplantasiýasynyň zerurdygyna karar berdiler. Şol döwürde ýurtda beýle amallar geçirilmändi.

Soňra Ýansseniň lukmany ony ýürek kesellerine ýöriteleşdirilen Londondaky Hardfild hassahanasyna ugradýar.

Ony meşhur hirurg lukman Magdi Ýakup bejerýär. Soňra bu lukmana lukmançylyk ylymlaryna goşan goşandy üçin «rysar» derejesi berilýär.

Ýürek transplantasiýasy 18 ýaşly Ýanssende keselhana ýerleşdirilenden bir hepde geçensoň, 1984-nji ýylyň 6-njy iýunynda geçirildi.

«Hemme zat gaty çalt boldy. Hardfilde gelenimden bir hepde geçensoň, Londonda bolup geçen agyr awtoulag heläkçiliginden derrew iki donor ýüregi peýda boldy. Olaryň biri maňa laýyk geldi we transplantasiýa ýoly bilen göçürildi» diýip, Ýanssen şol wagtky bolan wakany ýatlaýar.

Näsagyň sözlerine görä, operasiýadan soň tiz gutuldy we şondan bäri doly durmuşda ýaşady. Häzirki wagtda Ýansseniň aýaly we iki çagasy bar.

«Men beýle boljagyny düýşümde-de görüp bilmezdim. Meniň pikirimçe, iň möhüm zat başymdan geçenler beýleki adamlar üçin möhüm duýduryşdy. Donor ýüregi bilen şu wagta çenli ýaşap boljakdygy resmi taýdan ykrar edildi. Kimdir biri meniň rekordymy täzelese begenerdim» diýdi.

Ýansseniň operasiýasy Hardfild keselhanasynda geçirilen 107-nji ýürek transplantasiýasy boldy.

Magdi Ýakup bu amaly ilkinji gezek 1980-nji ýylda ýerine ýetirdi.

Şondan bäri müňlerçe näsag ýürek transplantasiýalaryny aldy we diňe 2022-2023-nji ýyllarda bu hassahanada 54 ýürek transplantasiýasy geçirildi.
32
138
manolya
14.02.2024 22:41
NÄME ÜÇIN GÖZÜMIZI ÝUMANYMYZDA NAGYŞLARY GÖRÝÄRIS?

Garaňky otagda gözümizi ýumanymyzda ýa-da açanymyzda, käwagt dürli nagyşlary, aýlawlary ýa-da yşyk çyralaryny görýäris. Bu görüş effektleri kesel sebäpli döräp biler, ýöne köplenç zyýansyz wizual galýusinasiýadyr.

Kwinslend Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymy Katrina Şmidiň düşündirişi ýaly, gözlerimiz garaňkyda işlemegini bes etmeýär, tersine ýagtylyga meňzeýän gowşak içki duýduryşlary döredýär. Görünýän reňkli yşyklar we tolkunlar gözüň arka tarapyndaky öýjükleriň işjeňliginiň üýtgemegi bilen ýüze çykýar.

Beýni bu duýduryşlary alýar we tötänleýin maglumat hökmünde çözýär. Beýni olaryň hakyky yşykdan emele gelmeýändigini bilmeýär, şonuň üçin reňkli yşyklar we hakyky däl nagyşlar bizi haýran galdyrýar.

Elbetde, bu ýagdaý sagdyn adamlarda-da bolýar. Ýöne bu retinal meseleleriň alamaty bolup biler.
33
65