manolya
22.02.2024 18:44
Seni ýatlaýan...


Indi hiç zat ýüregimi gozganok,
Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da.
Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum,
Bu günem bir toýda boldum tamada.

Dünýäniň şowhuny azalan ýaly,
Ýekelik höwesi aňyma ýaýran.
Edil häzir jaýlar uçup gitse-de
Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran.

Her zat boljak eken ýagty dünýäde,
Bolman biljek eken, bolmaly zadam.
Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa,
Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.

Menem seni küýsäp, meýdana çykdym,
Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym.
Şolara-da ýaman nebsim agyrýar,
Olaryňam galan ömri gysgadyr.

Çünki, ýene güýz gelipdir äleme,
Çygly şemal kän öwüsýär ilerden.
...Sen bile sary gül ýygardym weli,
Uzakda sen gülüň parhyn bilerden.

Çary ÝEGENMYRADOW
29
75
mandarin
23 Fewral 2024
@mawy, mana yazyn
manolya
22 Fewral 2024
@mandarin, bar näme boldy ?
mandarin
22 Fewral 2024
@mawy, gmail barmy
manolya
22 Fewral 2024
@mandarin, işleýär indi arasynda internet pes bolyar
mandarin
22 Fewral 2024
@mawy, pozup tazeden istanowka eday
manolya
22 Fewral 2024
Bildirişim ýene işlänokda (
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.