40 ýyl bäri amanat ýürek bilen ýaşaýan erkek adam Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi 40 ýyl bäri amanat ýürek bilen ýaşaýan erkek adam Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi
Niderlandiýaly Bert Ýanssen özboluşly dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda oturdylan ýürek bilen iň uzak ýaşaýan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord 39 ýyl 248 güne barabar diýip, esquire.kz habar berýär.
17 ýaşynda Bert dümewiň dowamly alamatlaryndan zeýrenýär. Lukmanlaryň barlagy netijesinde onda kardiomiopatiýa – dar ýa-da petiklenen arteriýalar sebäpli ýürek myşsasynyň gan bilen üpjünçiliginiň ýeterlik bolmazlygy bilen baglanyşykly hroniki kesel ýüze çykarylýar. Hünärmenler ýigide ýürek oturtmagyň zerurdygy baradaky netijä gelýärler. Bert Londonyň Harfild hassahanasyna iberilýär.
Eýýäm bir hepdeden soň, transplantasiýa geçirilýär, ýene bir günden soň bolsa ýaş ýigit kämillik ýaşyny belleýär.
Häzir Bert Ýanssen öýlenen we iki ogluny terbiýeleýär. Ol paraplanda uçmak bilen meşgullanýar we täze rekordlary goýmagy meýilleşdirýär. Mundan öň niderlandiýaly tennis we woleýbol bilen gyzyklandy.
#Ylymly
Aşakdaky maglumatlar :Salam news ,den alyndy .....Ginnesiň rekordlar kitaby 57 ýaşly gollandiýaly Bert Ýanssen ýürek çalşylandan soň, taryhda iň uzak ýaşan adamdygyny tassyklady. Ol takmynan 40 ýyl ozal operasiýa edilipdi diýip, «BBC» habar berýär.
Ýanssen 17 ýaşynda kardiomiopatiýa diagnozy goýulýar.
Lukmanlar bejergi üçin ýürek transplantasiýasynyň zerurdygyna karar berdiler. Şol döwürde ýurtda beýle amallar geçirilmändi.
Soňra Ýansseniň lukmany ony ýürek kesellerine ýöriteleşdirilen Londondaky Hardfild hassahanasyna ugradýar.
Ony meşhur hirurg lukman Magdi Ýakup bejerýär. Soňra bu lukmana lukmançylyk ylymlaryna goşan goşandy üçin «rysar» derejesi berilýär.
Ýürek transplantasiýasy 18 ýaşly Ýanssende keselhana ýerleşdirilenden bir hepde geçensoň, 1984-nji ýylyň 6-njy iýunynda geçirildi.
«Hemme zat gaty çalt boldy. Hardfilde gelenimden bir hepde geçensoň, Londonda bolup geçen agyr awtoulag heläkçiliginden derrew iki donor ýüregi peýda boldy. Olaryň biri maňa laýyk geldi we transplantasiýa ýoly bilen göçürildi» diýip, Ýanssen şol wagtky bolan wakany ýatlaýar.
Näsagyň sözlerine görä, operasiýadan soň tiz gutuldy we şondan bäri doly durmuşda ýaşady. Häzirki wagtda Ýansseniň aýaly we iki çagasy bar.
«Men beýle boljagyny düýşümde-de görüp bilmezdim. Meniň pikirimçe, iň möhüm zat başymdan geçenler beýleki adamlar üçin möhüm duýduryşdy. Donor ýüregi bilen şu wagta çenli ýaşap boljakdygy resmi taýdan ykrar edildi. Kimdir biri meniň rekordymy täzelese begenerdim» diýdi.
Ýansseniň operasiýasy Hardfild keselhanasynda geçirilen 107-nji ýürek transplantasiýasy boldy.
Magdi Ýakup bu amaly ilkinji gezek 1980-nji ýylda ýerine ýetirdi.
Şondan bäri müňlerçe näsag ýürek transplantasiýalaryny aldy we diňe 2022-2023-nji ýyllarda bu hassahanada 54 ýürek transplantasiýasy geçirildi.