manolya
18.02.2024 07:48
Kanagatly ýaşuly

Bir wagtlar özüniň sahawaty bilen meşhurlyk gazanan Hatam Taý uly zyýapat berip, gelen myhmanlara halat-serpaý baryny ýapýar. Soňra-da bir iş bilen çöle çykýar. Görse, bir garry adam arkasynda bir petde ýandagy ýükläp barýarmyş. Ýandagyň tikenleri gojanyň endamyna batyp, persala edýärmiş.

Hatam Taý oňa ýüzlenip:

– Ýaşuly, Hatam Taý myhman baryny çagyryp, uly zyýapat berýär, sowgat-serpaý ýapýar. Sen hem şonuňka bar. Bu ýandagy satyp bäş teňňe gazanýan bolsaň, Hatam Taý saňa azyndan ýüz tylla sowgat berer – diýýär.

Goja şonda Hatam Taýa şeýle jogap berýär:

– Meniň üçin bu tikenli ýükümi öz mertebäm bilen götermek Hatam Taýyň minnetini göterenden has ýeňil.

Soňra bir gün Hatam Taýdan:

– Sen özüňden has sahawatly, has juwanmert, has mertebeli adam gördüňmi? – diýip soraýarlar. Hatam Taý:

– Sährada öňümden çykan şol kanagatly ýaşuly menden has mertebeli, has eziz, has juwanmert adamdy – diýip jogap berýär.

Çeşme: Internet maglumatlary

#Ylymly..
31
116
manolya
18 Fewral 2024
@0192, Salam : 3 nokat bardyr şonda ,paýlaşa basyp, url kopýala bar, şondan kopýalap alyp bilýäňiz )
0192
18 Fewral 2024
Òwrenmeli òran onat ìşinizde ùstùnlik... şu eserleri telefona geçirip soñ okap bolsa has hem gowy bolardy
gulnura
18 Fewral 2024
@mawy, bolya
manolya
18 Fewral 2024
@gulnura, hmm bilmedim, relaxdan soraý, bolmasada beyleki agzalardan
gulnura
18 Fewral 2024
@mawy, bolonok alyp gordum
manolya
18 Fewral 2024
Mawy diýdiň menem how diýdim 🙄 nämesi erbet )) sag bol
manolya
18 Fewral 2024
@gulnura, täze foto alyp göräý play marketden
gulnura
18 Fewral 2024
@mawy, menin postlamda nm ucin surat goyup bolonoga
gulnura
18 Fewral 2024
@mawy, 😅
manolya
18 Fewral 2024
@okayjy, Salam,tankyt eden bolaý😁 surat bilen postyň näme dahyly bar diýip
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.