möjek_daýy🐺
29.04.2024 20:24
Gara dag deý harmanyña buýsanma,
Bahany bererler çäjiñe görä.
Eý,gardaşym ejizligiñi duýsañda,
Gydyrdap işläber güyjüñe görä.
Ýagşa ýeter Biribaryñ ýardamy,
Dünýäni gülleder äriñ är demi.
Ornuñ gapyñ agzyndamy, tördemi?
Dünyä belli eder işiñe görä.
Göroglumyñ? Daglara ur gadamyñ,
Köpetdagy ýaly bolsun çydamyñ.
Tumşugyñda ary bardyr gedemiñ,
Özüñi goragyn döşüñe görä.
Kimde bolsañ bu dünýäde arman bar,
Müñ bir derde, müñde iki derman bar,
Munda ýaşaýşyña görä sarpañ bar,
Sarpañy tutarlar bolşuña görä.
Soltan bolup bu dünýäni tutan ýok,
Dünýä yşkdyr, yşkdan doýup öten ýok,
Arşda Allañ paýhasyna ýeten ýok,
Adyñ galar seniñ işiñe görä!!!
18
41
möjek_daýy🐺
21.04.2024 10:14
BIR ömrümi abraý bilen ýaşasam,
IKI dünýä arzuwlarma ýetdigim.
ÜÇ doganym garbap dursa daşymy,
DÖRT pasyldan rysgal döwlet tapdygym.
BÄŞ günlük dünýede, gün görmek üçin,
ALTY gün irmezden zähmet çekýäris.
ÝEDI gat Ýer şaryñ kynçylygyny,
SEKIZ bent goşguda zörledip ýörüs...
DOKUZ aýlap ene garnynda ýatyp,
ONA-da ýetenok aýdan hoş sözüm.
ON BIRIMDE başym çararyn öýtsem,
ON IKIMDE ejem ýuwdurar ýüzüm.
ON ÜÇ ýaşda, on üç gezek tolgunyp,
ON DÖRDI gijäniñ aýydeý gyza.
ON BÄŞ sany hat ýazarsyñ jogapsyz,
ON ALTYNJY gezek çökersiñ dyza.
ON ÝEDI ýaşyñda eräp ol gözel,
...ON SEKIZ şygryña özüni dözer.
ON DOKUZ ýyl pulun sowup kakamyñ,
ÝIGRIMIMDE edip Ilki gazanjym,
ÝIGRIM BIRE ýetdim ynha-da bu gün,
Ýarysy ökünjim, ýary guwanjym.
Kerim Hallyyew
29
102
möjek_daýy🐺
18.04.2024 17:51
Watanymdan bolsam sürgün,
Dogduk yerden gõçen aglar.
Sayrak dilden galsam bir gün,
Ejem aglar, ejem aglar.
Tende derdiñ sürse hõküm,
Yzasyny çeken aglar.
Emma saña çümse tiken,
Ejem aglar, ejem aglar.
Yeñse sizi yollañ kyny,
Agyr yoly geçen aglar.
Yeñen biri, yeñlen biri,
Emma yene ejeñ aglar.
Wadasyndan dõnse ol gyz,
Gõzyashyny içen aglar.
Oglum yandy diyip, ogryn
Ejem aglar, ejem aglar.
Meni bir gün yer yuwudar,
Yasha ezilen seçek aglar.
Kyrkymdan soñ yarym unudar,
Ejem aglar,
Ejem aglar.
Kerim Hallyyew
30
44
möjek_daýy🐺
18.04.2024 07:17
Hytaýyň tebigy gözelliklere baý özüne çekiji ýerleriniň biri hem Týanmen dagy bolup, Hunan welaýatynyň Çžanszýasze şäherinden
10 kilometr günortada ýerleşýär. Bu dag gerişleriniň beýikli-pesli dik gaýalarynyň arasynda Týanmen dag milli seýilgähi, «Jennet derwezesi» (Týanmen gowagy), asma baglar ýaly täsinlikleri görmek bolýar. Her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýän Týanmen dagy, esasan, ýaz paslynda we güýzde köp adamly bolýar.
Dagyň iň owadan ýerleriniň biri hem «Jennet derwezesi» bolup, depä çykmak üçin 999 basgançak geçmeli. 999 basgançagyň gurulmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi hytaý medeniýetinde 9-lyk san bakylygy aňladýar. Iki gaýanyň birleşýän ýerinde tebigy ýagdaýda süýnmek açyk girelge görnüşinde gowak emele gelipdir. Edil dagyň girelge gapysy ýaly görünýän bu ýere «Jennet derwezesi» diýlip at berlipdir. Dagyň girelgesine barmak üçin jülgeden ýokarlygyna beýgelip gidýän basgançaklardan çykmaly. Daş-töweregi tokaý bilen gurşalan bu ýerden ýokary çykmak, esasan hem, 1 müň 260 metr belentlikde bulutlaryň arasynda ýöremek syýahatçylarda täsin duýgulary döredýär. Basgançakly jülgäniň beýikligi 131 metre barabar bolup, ini 50 metr töweregi. «Jennet derwezesinden» geçip, Tan neberesi döwrüne degişli Týanmenşan ybadathanasyna baryp bolýar. Häzirki wagtda 2 gektar meýdany eýeleýän bu ybadathana Tang dinastiýasy döwrüniň binagärlik nusgalary esasynda gurlupdyr.
Týanmen daglarynyň ortaça beýikligi 1 müň metrden geçýär. Bu ýerde dagyň depesine çykmak we dagyň depesindäki tokaý gözelliklerini synlamak üçin asma ulagy hereket edýär. Asma ýoluň uzynlygy 7 müň 455 metre deň. Çžanszýasze şäherinden asma ulaga münüp, täsin gezelenji başdan geçirip bolýar.
Týanmenşan dag şaýoly hem bu ýere gelýän syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. «Jennet merduwanlary» hem diýlip atlandyrylýan bu ýoluň uzynlygy bary-ýogy 11 kilometr töweregidir. Öwrüm-öwrüm ýoluň beýikligi
200 metrden 1 müň 300 metre çenli beýgelýändigi sebäpli, meşhur dag ýoly hasaplanýar. Dokuz öwrümli bu ýol dagyň üstünde ýatan aždarha çalym edýär. Bu ýolda türgenleriň arasynda dag welosiped ýaryşlary hem geçirilýär.
Týanmen dagynda dag şaýolundan, asma ýoldan we «Jennet derwezesinden» başga-da, Týanmen dag milli seýilgähi ýerleşýär. Dagyň esasy bölegini emele getirýän seýilgähde Týanmenşan ybadathanasy, Týanmen akademiýasy, aýnadan ýasalan asma ýol, geçmesi kyn dag ýoly, «Awatar» dag sütünleri bar.
zamanturkmenistan
33
86
möjek_daýy🐺
14.04.2024 19:57
Durmuşyň maksady dogry ýaşamak, dogry pikirlenmek we dogry hereket etmek.
Mahatma Gandi.
Her kimiň soňky demine çenli özüni üýtgetmäge we ösmäge mümkinçiligi bar.
M. F. Raýan.
Şowsuzlyk, täzeden başlamak üçin mümkinçilik, ýöne indi has akylly.
Genri Ford.
Ýüregiňizde näçeräk köp söýgi, paýhas, gözellik, hoşniýetlilik döretseňiz, olary daş-töweregiňizdäki dünýäde şonça-da köp görersiňiz.
Tereza ene.
Özüňiz bilen deňeşdirmeli ýeke-täk adam, ol öňki geçmişiňizdir. Indi ondan hem gowy bolmaly ýeke-täk adam – bu ine sensiň.
Zigmund Freýd.
Has güýçli adamlar bilen türgenleşiň. Başgalaryň boýun synýan ýerinde boýun synmaň. Şonda ýeňip bolmajak ýerde ýeňersiňiz.
Brýus Li.
Sport zallarynda çempion bolup bolmaýar. Çempion adamyň içindäki islegden, arzuwdan, maksatdan döreýär.
Muhammet Aly.
Her kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.
Dýuk Ellington.
Ýyldyzlara ymtylýan adam yzyna öwrülmeýär.
Leonardo da Winçi.
Halaýan käriňizi saýlaň, şonda ömrüňizde bir gün hem işlemedik ýaly bolarsyňyz.
Konfusiý.
Eger-de düýpsüz uçuda uzak wagtlap siňe seredip dursaňyz, uçut hem size seredip başlar.
Fridrih Nisşe.
Ömrümiz paýawlap barýarka biz diňe iki zada: az söýendigimize we az syýahat edendigimize gynanarys.
Mark Twen.
Maksatlar hiç haçan ýönekeý bolmaly däldir. Olar seni işletmek üçin çylşyrymly bolmalydyr.
Maýkl Felps.
Ýaş – bu diňe kelläňizde özüňize goýan çägiňizdir.
Jekki Joýner-Kersi.
Şowsuzlykdan gorkmaň, sebäbi bu üstünlige barýan ýoluňyzdyr.
Lebron Jeýms.
Durmuş özüňi tapmakdan ybarat däl. Durmuş özüňizi döretmekdir.
Bernard Şow.
zamanturkmenistan
33
493