Gara dag deý harmanyña buýsanma,
Bahany bererler çäjiñe görä.
Eý,gardaşym ejizligiñi duýsañda,
Gydyrdap işläber güyjüñe görä.
Ýagşa ýeter Biribaryñ ýardamy,
Dünýäni gülleder äriñ är demi.
Ornuñ gapyñ agzyndamy, tördemi?
Dünyä belli eder işiñe görä.
Göroglumyñ? Daglara ur gadamyñ,
Köpetdagy ýaly bolsun çydamyñ.
Tumşugyñda ary bardyr gedemiñ,
Özüñi goragyn döşüñe görä.
Kimde bolsañ bu dünýäde arman bar,
Müñ bir derde, müñde iki derman bar,
Munda ýaşaýşyña görä sarpañ bar,
Sarpañy tutarlar bolşuña görä.
Soltan bolup bu dünýäni tutan ýok,
Dünýä yşkdyr, yşkdan doýup öten ýok,
Arşda Allañ paýhasyna ýeten ýok,
Adyñ galar seniñ işiñe görä!!!