BIR ömrümi abraý bilen ýaşasam,
IKI dünýä arzuwlarma ýetdigim.
ÜÇ doganym garbap dursa daşymy,
DÖRT pasyldan rysgal döwlet tapdygym.
BÄŞ günlük dünýede, gün görmek üçin,
ALTY gün irmezden zähmet çekýäris.
ÝEDI gat Ýer şaryñ kynçylygyny,
SEKIZ bent goşguda zörledip ýörüs...
DOKUZ aýlap ene garnynda ýatyp,
ONA-da ýetenok aýdan hoş sözüm.
ON BIRIMDE başym çararyn öýtsem,
ON IKIMDE ejem ýuwdurar ýüzüm.
ON ÜÇ ýaşda, on üç gezek tolgunyp,
ON DÖRDI gijäniñ aýydeý gyza.
ON BÄŞ sany hat ýazarsyñ jogapsyz,
ON ALTYNJY gezek çökersiñ dyza.
ON ÝEDI ýaşyñda eräp ol gözel,
...ON SEKIZ şygryña özüni dözer.
ON DOKUZ ýyl pulun sowup kakamyñ,
ÝIGRIMIMDE edip Ilki gazanjym,
ÝIGRIM BIRE ýetdim ynha-da bu gün,
Ýarysy ökünjim, ýary guwanjym.
Kerim Hallyyew