möjek_daýy🐺
18.04.2024 07:17
Hy­ta­ýyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý özü­ne çe­ki­ji ýer­le­ri­niň bi­ri hem Týan­men dagy bo­lup, Hu­nan we­la­ýa­ty­nyň Çžanszýasze şä­he­rin­den
10 ki­lo­metr gü­nor­ta­da ýer­leş­ýär. Bu dag ge­riş­le­ri­niň be­ýik­li-pes­li dik ga­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da Týan­men dag mil­li se­ýil­gä­hi, «Jen­net der­we­ze­si» (Týan­men go­wa­gy), as­ma bag­lar ýa­ly tä­sin­lik­le­ri gör­mek bol­ýar. Her ýyl mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýän Týan­men da­gy, esa­san, ýaz pas­lyn­da we güýz­de köp adam­ly bol­ýar.
Da­gyň iň owa­dan ýer­le­ri­niň bi­ri hem «Jen­net der­we­ze­si» bo­lup, de­pä çyk­mak üçin 999 bas­gan­çak geç­me­li. 999 bas­gan­ça­gyň gu­rul­ma­gy ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi hy­taý me­de­ni­ýe­tin­de 9-lyk san ba­ky­ly­gy aň­lad­ýar. Iki ga­ýa­nyň bir­leş­ýän ýe­rin­de te­bi­gy ýag­daý­da süýn­mek açyk gi­rel­ge gör­nü­şin­de go­wak eme­le ge­lip­dir. Edil da­gyň gi­rel­ge ga­py­sy ýa­ly gö­rün­ýän bu ýe­re «Jen­net der­we­ze­si» diý­lip at ber­lip­dir. Da­gyň gi­rel­ge­si­ne bar­mak üçin jül­ge­den ýo­kar­ly­gy­na beý­ge­lip gid­ýän bas­gan­çak­lardan çyk­ma­ly. Daş-tö­we­re­gi to­kaý bi­len gur­şa­lan bu ýer­den ýo­ka­ry çyk­mak, esa­san hem, 1 müň 260 metr be­lent­lik­de bu­lut­la­ryň ara­syn­da ýö­re­mek sy­ýa­hat­çy­lar­da täsin duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Bas­gan­çak­ly jül­gä­niň be­ýik­li­gi 131 met­re ba­ra­bar bo­lup, ini 50 metr tö­we­re­gi. «Jen­net der­we­ze­sin­den» ge­çip, Tan ne­be­re­si döw­rü­ne de­giş­li Týan­men­şan yba­dat­ha­na­sy­na ba­ryp bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da 2 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän bu yba­dat­ha­na Tang di­nas­ti­ýa­sy döw­rü­niň bi­na­gär­lik nus­ga­la­ry esa­syn­da gur­lup­dyr.
Týan­men dag­la­ry­nyň or­ta­ça be­ýik­ligi 1 müň metr­den geç­ýär. Bu ýer­de da­gyň de­pe­si­ne çyk­mak we da­gyň de­pe­sin­dä­ki to­kaý gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­mak üçin as­ma ula­gy he­re­ket ed­ýär. As­ma ýo­luň uzyn­ly­gy 7 müň 455 met­re deň. Çžanszýasze şä­he­rin­den as­ma ula­ga mü­nüp, tä­sin ge­ze­len­ji baş­dan ge­çi­rip bol­ýar.
Týan­men­şan dag şa­ýo­ly hem bu ýe­re gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri dö­red­ýär. «Jen­net mer­du­wan­la­ry» hem diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ýo­luň uzyn­ly­gy ba­ry-ýo­gy 11 ki­lo­met­r töweregidir. Öw­rüm-öw­rüm ýo­luň be­ýik­li­gi
200 metr­den 1 müň 300 met­re çen­li beý­gel­ýän­di­gi se­bäp­li, meş­hur dag ýo­ly ha­sap­lan­ýar. Do­kuz öw­rüm­li bu ýol da­gyň üs­tün­de ýa­tan až­dar­ha çalym edýär. Bu ýol­da tür­gen­le­riň ara­syn­da dag we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry hem ge­çi­ril­ýär.
Týan­men da­gyn­da dag şa­ýo­lun­dan, as­ma ýol­dan we «Jen­net der­we­ze­sin­den» baş­ga-da, Týan­men dag mil­li se­ýil­gä­hi ýer­leş­ýär. Da­gyň esa­sy bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýän se­ýil­gäh­de Týan­men­şan yba­dat­ha­na­sy, Týan­men aka­de­mi­ýa­sy, aý­na­dan ýa­sa­lan as­ma ýol, geçmesi kyn dag ýo­ly, «Awa­tar» dag sütünleri bar.
zamanturkmenistan
33
86
soyg
19 Aprel 2024
Hytaý tasinliklere bay ýurt hemmе zat gorsen bolýarat
soyg
19 Aprel 2024
Hytaý tasin ýurt her rai
soyg
19 Aprel 2024
Hytaý tasin ýurt her rai
atakulyyewa_humay
18 Aprel 2024
Dogry 👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.