kizz
15.02.2024 23:26
Bu gün men diýseň bagtly. Çünki sekiz ýaşly oglum boýnumdan gujaklap:

— Siz dünýädäki iň gowy eje! — diýdi. Sekiz ýaşly oglumyň uly ynam bilen aýdan gepine ýylgyrdym we:

— Sen nireden bilýäň meň dünýädäki iň gowy ejedigimi? Näme, sen dünýädäki ähli ejeleri tanaýaňmy? — diýip, buýsanç bilen soradym.

Onuň beren jogaby diýseň üýtgeşik boldy we men ony berk gujaklap bagryma basdym.

— Men öz dünýämi tanaýaryn. Meniň dünýäm sizsiňiz, eje jan! — diýdi.
27
44
kizz
14.02.2024 17:51
Aşyk-magşuklaryñ bayramçylygy hasaplanylyan Walentina Güni eyyäm yarym müñ
ýyldan bäri dowam edip gelyär.Emma onuň sebäpkari hasaplanyan Walentin barada maglumatlar ujypsyzdyr.
Rowayata görä, Walentina Gadymy Rim imperiýasynda yaşap geçen , takyk ylymlar bilen gyzyklanan, lukman , ruhany bolupdyr.
Onuň yashan döwüri Klawdiy II hökumdarlyk eden dowrüne gabat gelipdir. Ol goşuna gaty jogapkarçilik bilen garap, legionerlere oylenmegi gadagan edipdir. Sebäbi öýlenensoňlar maşgala aladalary esgerleriň ünsüni sovyamyshyn. Legionerleriň bagtyna Valentin atly ruhany bolupdyr. Ol ashyklara gizlinlikde nika gyýypdyr ve hökümdaryň gazabyndan çekinmändir.
Yerin astynda yylan gäwşesede bilinyär diyilişi yaly , bu syryň usti achylypdyr. Hökümdar Valentiny jezalandyrmak barada kanun çykarypdyr. Jezalandyrylmasyndan öñ ol zyndanda bolupdyr we zyndan gozegçisiniň gyzyna aşyk bolupdyr. Yone onuň ruhany bolmagy soygüsini mälim etmeklige mumkinçilik bermändir.Sheyle-de bolsa ol öluminin oñ yany 13-nji fewralda söygülisine hat yazypdyr ve ol hat ölüminden son gyza gowshurylmagyny gazanypdyr.
496njy yylda papa Gelasius 14 -nji fewraly KERAMATLY WALENTIN güni diyip yglan edipdir.

Ine, şondan bäri hem her ýylyň 14-nji fewralynda "Söýgüliler " güni bellenilýär.
30
79
kizz
13.02.2024 16:12
Aşakdaky dokuz sany suratdan birini saýlaň. Bu saýlawdan ugur alyp, şahsyýetiňizi gysgaça  düşündirmäge synanyşarys! 

1. Birinji suraty saýlan şahsyýetler adamyň durmuşynda çalt orun gazanýan adamlardyr. Ýöne özlerini adamlardan daşlaşdyrmakdan töwekgelçilik etmek we ýaralanmak has gowudyr diýip pikir edýärler. Gorkularyny we ynamlaryny hiç kime görkezmän içinde saklaýarlar. Başgalara kömek edip ýaralaryny bejerýän adamlardyr.

2. Ikinji suraty saýlan şahsyýetler. Pedantik şahsyýetler. Olar hemişe gowy täsir galdyrmaga we dogry zady etmäge synanyşýan adamyň görnüşidir. Hereketleriniň başgalaryň durmuşynda möhümdigine ynanýarlar. Adamlara tolgunmasyny, gaharlanmasyny görkezmeýärler we başgalaryň ynamyna çalt girip bilýän adamlardyr.

3. Üçünji suraty saýlan şahsyýetler. Mümkin boldugyndan rahatlygy tapmaga synanyşýan adamlardyr. Bu bulaşyk dünýäde öz ýerini gözleýän adamlar. Bu suraty saýlan adamlar özlerinden başgalara garaňky pikirlerini açmaýarlar.

4. Dördünji suraty saýlan şahsyýetler. Pikirlenmäni, göz öňüne getirip çuň oýlanmalary başdan geçirýän adamlar. Zatlaryň çuň we gizlin manysyny tapmagy gowy görýän adamlar. Käbir başga zatlara bolan ynamsyzlygyny görkezmeýärler. Elbet-de bir zada düşünip bilýärler ýöne henizem bu barada ynamsyz bolup bilerler.

5. Bäşinji suraty saýlan şahsyýetler. Täsin adamlar. Keýpini aňsatlyk bilen üýtgedip, gapma-garşylyk toruna meňzeýän adamlar. Bu suraty saýlan adamlar az sözli we başgalary bulaşdyrýan adamlar. Beýle adamlar hat-da käbir hereketlerde-de gepleşige başlamazdan ozal adamy synlamagy makul bilýär. Şeýle-de olar diňe öz ynanýan pikirlerini öňe sürýän adamlardyr.

6. Altynjy suraty saýlan şahsyýetler. Duýgur adamlar. Bular ýaly adamlar hemme zady görýän we ýadyndan çykarmaýan adamlardyr. Olar ýokary derejeli duýgur, hat-da islendik ownuk zatlar hem olary haýran galdyryp bilýär. Bu adamlar ýeňillik bilen göz ýaş döküp we gülüp bilerler. Özüniň näzikligini köp adamlara bildirmeýärler. Olar geljekde durmuşynda boljak ýagdaýlary öňünden görüp bilýär.

7. Ýedinji suraty saýlan şahsyýetler. Güýçli şahsyýet. Gujurly we elmydama aşyk bolýan adamlardyr. Bu adamlar aşa islegli we aşa ýigrenýän adamlardyr. Olar kellesinde aşa köp pikirleri jemleýärler we meseleleri çalt çözmäge ymtylýan adamlardyr. Energiýasy köp ýöne köplenç tolgunýarlar.

8. Sekizinji suraty saýlan şahsyýetler. Bu adamlar üýtgeşik gyzyklanmalary we ynançlary bolan adamyň görnüşidir. Aslynda düzgünleri halamaýarlar. Köplenç prinsip boýunça hereket edýärler.

9. Dokuzynjy  suraty saýlan  şahsyýetler. Düşünjeli  şahsyýetlerdir. Bu adamlar dünýä we beýleki adamlara gaty gowy düşünýän  adamlaryň görnüşidir. Adamlaryň ses äheňinden we ýüz keşbinden olaryň içindäki pikirleri okap bilýän adamlardyr. 

 
31
289
kizz
12.02.2024 20:24
Gülüni söýen, tikeninem söýer

Ir zamanlarda bir kerpiç örüji ussa ýaşaýarmyşyn. Onuň galdyran ymaratlaryny bir ýola synlan üşükli kişi, gözi kaklyşandan “Bu jaý pylan ussaň elinden çykan bolmaly” diýip ýalňyşman kesgitleýär eken. Bu ussa şägirt bolup, hünär öwrenmäge höwesekler gaty köp bolanmyşyn diýýär. Hatda alys ýoldan gatnamak kyn bolýar diýip, olaryň ussanyň ýaşaýan obasyna göçüp gelenleri-de bolanmyşyn.
Zehinli kişileriň aglabasyna mahsus bolşy ýaly, bu ussa-da bir töwra häsiýetli eken. Ol işe gijä galyp gelseň, şol bir manydaky soragy üç gezekden köp gaýtalasaň halamandyr. Ussanyň bu häsiýeti erjelligi pes, saly gowşak şägirtleriň käbirlerine ýaramandyr. Hatda olaryň içinde başga halypa gol ýapyp, gidenleri-de bolupdyr.
Kakasynyň pikirine eýerip, bu ussadan tälim alýan ýigitleriň biri her gün agşamlyk işden dolanyp, nägile halda hüňürdeýärmişin.
— Kaka, salgy beren ussaň bolşuna çydar ýaly däl. Jynly ýaly-laý, ol. Şu sapar-a ýylgyrsa gerek diýip, oglanlar bilen dilleşip, eşiden gürrüňlerimizi aýdyp berýäs weli, göwni bir ýaly. Gaýta, bedredäki laýy dessine boşadyp, öňküsinden çalt işleýär. Men-ä başga bir ussa şägirt duraýsam diýýän, käte-käte.
Kakasy oglunyň sözüni diňläp, her sapar şol bir sözüni gaýtalaýarmyşyn.
— Oglum, kyn işiň bähbit diýlen zat bilen çörňeşýänini durmuş görkeze-görkeze gelýär.
Şu halypaň derejesindäki başga bir ussa häli-häzir-ä ýok. Gülüni söýen tikenini hem söýmeli bolar.
Şu gürrüňden soň hepde geçipdir, aý geçipdir. Bir gün ýigit keýpiçag halda öýüne dolanypdyr.
— Kaka, şu gün ussanyň ýanyna alysdaky obalaryň birinden täze ymarat galdyrmak isleýän adam geldi. Ussa ony meniň ýanyma getirip tanyşdyrdy. Soňundanam: “Siziň jaýyňyzy şu oglan salyp berer! Özü-de mendenem has çalt, has gelşikli edip salar. Sebäbi bu häzire çenli ýetişdiren şägirtlerimiň iň zehinlisi, iň ussady, iň ynsaplysy” diýdi. “Gülüni söýen, tikeninem söýer” diýenlerine indi düşündim — diýip, ýigit begenjini gizlejegem bolmandyr.
27
87
kizz
12.02.2024 15:38

Bagt pulda däl: söýgüde bagty çüwmedik meşhur zenanlar.



Baý we meşhur bolmagyň özi, megerem, ýeterli däl bolsa gerek. Sebäbi dünýäde hiç bir pul bagtyň ýerini tutup bilmeýär. Munuň subutnamasy hökmünde-de söýgüde bagty çüwmedik meşhur zenanlaryň birnäçesini ýada salalyň:



🔸Pamela Anderson

Tommi Li, Kid Rok, Rik Salomon — bularyň hemmesi Pamela Anderson bilen durmuş guran erkekler. Hatda Rik Salomon bu aktrisa bilen iki gezek durmuş gurýar. Pamela Anderson karýerasy babatynda öz ýetmek islän derejesine ýetmek isläp, hiç wagt erkekleriň ünsüni özüne çekmegi başarmandyr. Şeýlelikde, Rik Salamon bilen agzybir maşgala gurup bilmändir.

Andersonyň nobatdaky ýanýoldaşy futbolçy Odil Ramini fiziki zorlukda we jenaýat etmekde aýyplanyp onuň bilen aýrylyşýar. Soňra bolsa ol öz tansçysy Dan Heýhurst bilen durmuş gurýar. Toýundan 13 aý geçenden soň, onuň bilen hem gatnaşygyny kesýär.



🔸Naomi Kempbell

Model meşhur adamlaryň birnäçesi bilen tanşyp görüşipdir. Olaryň birnäçesine ser salyp görsek Maýk Taýson, Silwester Stallone, Erik Klapton, Robert de Niro, Flawio Briatore, Adam Kleýton hat-da rus oligarhy Wladislaw Doronin ýaly meşhur adamlar bar.

Naominiň diňe ispan tansçysy Hoakin Kortes bilen uzak möhletli gatnaşygy bolupdyr, ýöne resmi taýdan nikadan geçip durmuş gurmandyrlar. Ýakynda 50 ýaşy dolan model täze dünýä inen gyzyny hem tanyşdyrdy.



🔸Rene Zellweger

“Brigit Jonesiň gündeligi” filminiň ýyldyzy uzak möhletli romantika kanagatlanyp bilmeýär. Onuň söýgi gatnaşyklary örän tiz wagtda tamamlanýar.

Aktrisanyň sözlerine görä, ol hiç wagt erkekler bilen nädip aragatnaşyk saklamalydygyny bilmändir. Rene hakyky söýgä hiç haçan ynanmandyr. Maşgala gurup biljekdigi barada umyt hem etmändir.



🔸Lindseý Lohan

Lindseý Lohan diňe bir daşky keşbiniň owadanlygy bilen däl, eýsem, filmlerde janlandyran keşpleri arkaly, şeýle-de özüniň dürli meselelere goşulmak häsiýeti bilen hem tanalýar.


Aktrisanyň durmuşynda ýene bir möhüm mesele bar. Ýagny bu mesele onuň romantik gatnaşyklary saklap bilmezligi. Häzirki wagta çenli onuň söýgi babatyndaky gatnaşyklarynyň ählisiniň soňy şowsuz tamamlanýar.



🔸Meg Raýan

2001-nji ýylda aktrisa bagyşlap bolmajak düşünişmezlikler sebäpli adamsy bilen aýrylyşýar. Şondan bäri hem öz arzuwyndaky söwer ýaryny tapmagyň ugrunda. Gynansak-da, ýyllar geçdigiçe Meg henizem ýalňyz we bagtsyz. Geçiren şowsuz plastik operasiýasynyň netijesinde, aktrisanyň ýüzüniň ýagdaýy bir maska ýaly görünip, onuň özüne bolan ynam duýgusyny ýitirmegine sebäp bolýar.



🔸Koko Şanel

Hakyky ady Gabriel Şanel ýöne Koko Şanel ady bilen tanalýan meşhur zenanyň  ýeke-täk söýgülisi Artur Kapldy. Emma ol durmuşda haýsydyr bir zady gazanýança onuň bilen bile bolmaly däl diýen karara gelýär.

Ýaş ýigit oňa garaşmakdan ýadapdyr. Şeýdibem ýokarky gatlakly aýal Diana Lister bilen durmuş gurmak isleýär. Emma Kapl Diana bilen durmuş gurandan soňam Gabrieli söýmegini dowam edýär. Artur Kapl 1919-njy ýylda aradan çykýar we şol wagt Koko Şaneliň özi rowaýata öwrülen gara köýnegi döredýär. Soňra Gabrieliň hem wagtlaýyn gatnaşyklary bolup geçýär, ýöne meşhur aýal soňky günlerini ýalňyzlykda geçiripdir.

36
412
kizz
11.02.2024 11:59
— Mugallym, näme üçin maňa kän ýumuş bereňizok, beýleki okuwçylara bolsa täze ýumuşlary yzygiderli berýäňiz? — diýip, okuwçy mugallymdan sorapdyr.
— Saňa jogap bermezden ozal, gel, ikimiz naharlanaly. — Mugallymyň bu teklibine okuwçy höwes bilen razylaşdy. — Ýöne meniň özüm seni naharlajak — diýip, mugallym sözüniň üstüne goşdy.
Okuwçy mugallymyň bu sözüni geňlese-de razylaşdy, sebäbi beýleki okuwçylara seredende mugallym özüne hormat edýändir diýip öz ýanyndan pikir etdi.
Orta saçak ýazyldy, mugallym palawdan bir çemçäni dolduryp, okuwçynyň agzyna saldy. Okuwçy tagamy bal ýaly süýji palawy işdämenlik bilen iýip, ýaňy bir nähili süýji bolan palaw diýip-diýmänkä, mugallym ýene bir çemçäni dolduryp okuwçynyň agzyna saldy. Okuwçy agzyndaky palawy doly çeýnäp ýetişmänkä, agzy ýene palawdan doldy. Näçe çalt iýjek bolsa-da, şonça-da mugallym agzyna çalt palaw saldy. Ahyry okuwçy çydaman agzy doly palaw bilen mugallyma ýüzlenip:
— Mugallym, biz bir ýere gyssanýasmy? — diýdi. — Agzymdakyny iýip ýetişmänkäm, ýene agzyma palaw salýaňyz. Özara gürrüň başynda gyssanman naharlansak bolmazmy?
— Bolýa, ýöne sen beýle bolanda halaňoga — diýip, mugallym jogap berdi.
— Men? Size aýtdymmy? Beýle diýip aýdan däldirin.
— Hawa, ýarym sagat öň aýtdyň.
— Men?
— Elbetde sen. Ýaňy sapakdan soň meniň ýanyma gelip, täze ýumuş soran sen dälmidiň? Öňki beren ýumuşlarymy özleşdirmedik ýeriňe ýene saňa täze ýumuş bersem, edil nahardan doly agza ýene nahar bermek ýaly bolýar. Kän ýumuş almaga gyssanma. Birden ählisini özleşdirip bilmersiň. Akyldarlaryň aýtmagy boýunça, haýaldan gyssan. Şonda durmuşa düşünersiň. Her bir berilýän ýumşy yhlas bilen howlukman ýerine ýetir. Durmuşy kowga öwürme. Durmuşyň tagamyny bil we ondan lezzet al.
27
104
kizz
10.02.2024 22:46
Gadym zamanda bir ýigidiň ýüz ýaşa ýeten garry atasy bar eken. Günleriň birinde ýigit atasynyň ýanyna geleninde ýaşuly ondan ilde nämeleriň bolup geçýändigini soraýar. Ýigit:

— Ata, bir täsin waka bolup geçýär, şony size gürrüň bereýin — diýip, bolan wakany gürrüň bermäge başlaýar.

— Bagdatdan gelýän kerweniň düşlän ýerindäki serhowzuň düýbünde hozuň ululygy ýaly iki sany göwher bar. Kerwenbaşy ýigitleri howza girizip, göwherleri gözledýärem welin, suw bulanyp, göwherler gözden ýitýär. Ýöne suw durlanandan soň, olar görnüp dur. Bu ýagdaý 2-3 gün bäri dowam edýär.

Ýigidiň atasy gürrüňi diňläp, köp manyly ýylgyrýar-da, şeýle diýýär:

— Oglum, göwherleri sen tapyp beräý!

— Ata, şonça adamyň tapyp bilmedik zadyny men nädip tapaýyn?

— Oglum, ol göwherler suwda däl, howzuň boýundaky agaçlaryň birinde mekan tutan guşuň höwürtgesinde bolmaly, ol göwherleri niredendir bir ýerden guşlar getirendir. Howuzdaky göwherler bolsa ýokardaky göwherleriň suwa düşýän şekilidir.

Atasyndan bu gürrüňi eşiden ýigit kerwenbaşa göwherleri özüniň tapyp berjekdigini aýdýar we agaja çykyp, guşuň höwürtgesindäki göwherleri alyp berýär. Kerwenbaşy ýigitden göwherleriň agaçdadygyny nädip bilendigini soranynda, ýigit atasynyň aýdyp berendigini aýdýar. Şonda kerwenbaşy: — «Garry bilenini peri bilmez» diýleni çyn eken — diýip, ýigidiň atasyna salama baryp, ýaşula köp sylag-serpaý ýapýar.
37
106
kizz
10.02.2024 19:31
7-nji synpy göreldeli bahalar bilen tamamlan ýetginjek munuň üçin ene-atasynyň özüni oňatja sylaglamalydygyny pikir edipdir. Şu maksat bilen kakasynyň ýanyna baryp, synpdaşlarynyň ählisinde welosipediň bardygyny, özünde bolsa ýokdugyny ýaňzydyp, ony satyn alyp bermegini talap edipdir. Kakasy: «Işle-de özüň al» diýip jogap beripdir. Beýle jogaba garaşmadyk ýetginjek näme diýjegini hem bilmän galypdyr.

Kakasy ýanlaryndaky dükandan bir bedre limon alypdyr-da, şulary satyp gazanan puluňa welosiped alyp boljakdygyny aýdypdyr. Ýetginjek bu hadysa juda gaharlanypdyr. Onda-da syr bildirmän, razy bolupdyr. Ertesi gün bazara çykyp, limonlary satmaga başlapdyr. Her gezek tanyş-bilişlerini görende utanjyndan ýüzi çym gyzyl bolupdyr. Synpdaşlary ýetginjegiň limon satýandygyny eşidip, oňa kömege gelipdirler. Her haýsy on-ondan limon satyşypdyrlar.

Birnäçe hepdeden soň, limonlaryny satyp gutaran ýetginjek toplan pullaryny getirip, kakasynyň öňünde goýupdyr-da: «Git-de maňa welosiped alyp ber» diýip, gaharly ýagdaýda çykyp gidipdir. Kakasynyň özüni beýle güne salanyna entegem düşünip bilmän, ondan öýkeli gezipdir. Kakasy oňa iň döwrebap welosipedi alyp beripdir.

Wakadan ençeme ýyl geçensoň, ol limon satyp gazananja puluna welosiped-ä beýle-de dursun, onuň pedalyny hem alyp bilmejegine göz ýetiripdir. Kakasynyň bildirmän, gazanjyň hem yhlasyň gadyryny öwretmek isländigine-de şonda düşünipdir. Gaýdybam kakasyndan pul soramandyr. Bir zat satdyrmagyndan gorkusyna däl, gazanmagyň gymmatyna göz ýetirendigi üçin.
34
94
kizz
08.02.2024 21:42
GÖZLERIM ŞOL GYZYŇ ZARY, DURNALAR!

Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!

Erbet eken galsa göwün göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!

Al-asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!

Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary-ýazy, durnalar!

Atamyrat ATABAÝEW
21
11
kizz
08.02.2024 18:11
Suw üýtgedimi ýa-da adamlar?

Bir sapar Musa pygamberiň halypasy Hydyr adamlara şeýle duýduryş bilen ýüzlenipdir:

― Günlerde bir gün dünýäde ýörite ýygnalan suwdan başga ähli suwlar ýok bolar. Soňra onuň ornuna başga suw geler. Ony içen adamlar aklyndan azaşarlar.

Diňe bir adam bu sözleriň asyl manysyna düşünipdir. Ol suwy başardygyndan köp toplap, ynamdar ýerde gizläpdir. Şeýdip, ol suwuň üýtgemegine garaşyp başlapdyr. Hakykatdan-da, aýdylan güni derýalaryň suwy çekilip, guýular gurapdyr. Ýaňky adam gaçybatalgasyna girip, özüniň taýýarlap goýan suwundan içip başlapdyr. Birnäçe wagt geçenden soňra suw ýene gaýdyp gelipdir. Ýaňky kişi hem adamlaryň ýanyna barypdyr. Şonda olaryň öňkülerinden başgaça gürleýändiklerini, başgaça pikir edýändiklerini, özlerine ozal berlen duýduryşy unudandyklaryny görüpdir. Ýaňky kişi adamlar bilen gepleşjek bolanda, olaryň özüne düşünmän, duşmançylykly garaýandyklaryna, özüni aklyndan azaşan adam ýaly kabul edýändiklerine göz ýetiripdir.

Ol adam başda täze suwa barmagyny hem batyrman, her sapar özüniň aýap saklaýan suwuna gaýdyp gelipdir. Ýöne ahyrsoňy ol hem täze suwdan içmegi ýüregine düwüpdir. Sebäbi özgeleriňkä meňzemeýän hereketi we pikirlenişi onuň ýaşaýşyny çydamaz derejedäki ýalňyzlyga uçradypdyr. Ol täze suwdan gana-gana içip, beýlekiler ýaly adama öwrülipdir hem-de öňki toplan suwuny bütinleý unudypdyr. Töweregindäki adamlar bolsa ony gudrat bilen öz derdinden açylan diwana hökmünde kabul edipdirler.
30
62