kizz
08.02.2024 21:42
GÖZLERIM ŞOL GYZYŇ ZARY, DURNALAR!

Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!

Erbet eken galsa göwün göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!

Al-asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!

Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary-ýazy, durnalar!

Atamyrat ATABAÝEW
21
11
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.