kizz
16.02.2024 17:30
Bir düwün daňylan rewolwer. Düwün bilen daňylan rewolwer görnüşindäki ýadygärlik Nýu-Ýorkda ýerleşýär. Onuň awtory — şwesiýaly suratkeş Karl Fridrih Reýterword bolup, ýadygärlik Jon Lennonyň ölüminiň hatyrasyna gurlupdyr.
▪️▪️▪️

Las Kolinasyň Mustanglary. Tehasyň Irwing şäheriniň meýdançalarynyň birinde adatdaky görnüşinden az-kem uly bolan bürünçden ylgap barýan mustanglaryň birtoparynyň heýkelleri oturdyldy. Heýkeltaraşlyk kompozisiýasy ýabany atlaryň suwdan ylgaýan dinamikasyny ajaýyp şöhlelendirýär. Haýwanlaryň aýaklarynda suwuň syçramagyny alamatlandyrýan ýörite kiçijik çüwdürimler bar.
▪️▪️▪️

«Syýahatçylar». Howa garylýan ýaly görünýän, adaty bolmadyk bir topar adamyň şekili Fransiýanyň Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän Marsel şäherinde oturdyldy. Olaryň awtory — heýkeltaraş Bruno Katalano. Olaryň merkezi bölegi ýok diýen ýaly bolup, ýokarsynyň howada nädip saklanýandygy hem belli däl, ol hamala ählumumy agyrlyk kanunyny inkär edýän ýaly görünýär.
▪️▪️▪️

Nelson Mandelanyň GAR-daky ýadygärligi. Bu heýkelde oturdylan 50 sany polat sütün Günorta Afrikanyň meşhur syýasatçysy we ýerli halklaryň hukuklaryny goraýjy, aktiwist Nelson Mandelanyň ýüzüniň keşbini emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň ýüzüni diňe belli bir burçdan görmek bolýar, başga gyralaryndan seretseňiz welin, ol adaty görnüşdäki «diwar» mysalydyr.
▪️▪️▪️

Suwa bökýän çagalar Singapurdaky derýanyň kenaryny bezeýär. Bürünçden ýasalan bäş ýetginjek diri ýaly bolup görünýär — olardan biri çalasynlyk bilen suwa bökýär, ýene biri aýaklaryny oýnadyp kenarda otyr, ýene biri basym suwa çümmek niýeti bilen eşiklerini zyňýar. «Suwa düşüjiler» diýlip atlandyrylýan heýkeliň awtory Çong Fah Çongdyr.
▪️▪️▪️

Adam kellesiniň yzygiderli üýtgäp durýan görnüşi bolan «Metamorfoz» çüwdürimi Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherinde ýerleşýär. Kellesi ýaldyrawyk örtük bilen örtülen heýkel metal plitalardan ýasalandyr. Plastinalaryň hersi dürli tarapa aýlanýar, bu aýlanma hem internet arkaly uzakdan dolandyrylýar. Öwüşginli kelle şekilli heýkeliň agzyndan hemişe suw çüwdürilip çykyp dur.
26
100
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.