kizz
10.02.2024 22:46
Gadym zamanda bir ýigidiň ýüz ýaşa ýeten garry atasy bar eken. Günleriň birinde ýigit atasynyň ýanyna geleninde ýaşuly ondan ilde nämeleriň bolup geçýändigini soraýar. Ýigit:

— Ata, bir täsin waka bolup geçýär, şony size gürrüň bereýin — diýip, bolan wakany gürrüň bermäge başlaýar.

— Bagdatdan gelýän kerweniň düşlän ýerindäki serhowzuň düýbünde hozuň ululygy ýaly iki sany göwher bar. Kerwenbaşy ýigitleri howza girizip, göwherleri gözledýärem welin, suw bulanyp, göwherler gözden ýitýär. Ýöne suw durlanandan soň, olar görnüp dur. Bu ýagdaý 2-3 gün bäri dowam edýär.

Ýigidiň atasy gürrüňi diňläp, köp manyly ýylgyrýar-da, şeýle diýýär:

— Oglum, göwherleri sen tapyp beräý!

— Ata, şonça adamyň tapyp bilmedik zadyny men nädip tapaýyn?

— Oglum, ol göwherler suwda däl, howzuň boýundaky agaçlaryň birinde mekan tutan guşuň höwürtgesinde bolmaly, ol göwherleri niredendir bir ýerden guşlar getirendir. Howuzdaky göwherler bolsa ýokardaky göwherleriň suwa düşýän şekilidir.

Atasyndan bu gürrüňi eşiden ýigit kerwenbaşa göwherleri özüniň tapyp berjekdigini aýdýar we agaja çykyp, guşuň höwürtgesindäki göwherleri alyp berýär. Kerwenbaşy ýigitden göwherleriň agaçdadygyny nädip bilendigini soranynda, ýigit atasynyň aýdyp berendigini aýdýar. Şonda kerwenbaşy: — «Garry bilenini peri bilmez» diýleni çyn eken — diýip, ýigidiň atasyna salama baryp, ýaşula köp sylag-serpaý ýapýar.
37
106
melodie_me
10 Fewral 2024
👏🏽👏🏽
yurek
10 Fewral 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.