kizz
19.04.2024 14:35
Pikir ýoly
Bir obanyň ýaşuly enesi elmydama aglap, alada-da ýörer eken. Onuň iki gyzy bolup, biri saýawan söwdagärine, beýlekisi bolsa aş satýan ýigide durmuşa çykypdyr. Şonuň üçin gyzlaryň ejesi, haçan-da, howa yssy bolsa: «Daşarda Gün çykýar, beýle gowy howada gyzymyň dükanyndan hiç kim saýawan satyn almaz» diýip, aglap zeýrener eken. Howa bulaşyp, ýagyş ýagsa: «Beýle howada gyzymyň aşlary çyglanyp, ony hiç kim satyn almaz» diýip, gözleri ýaşa dolarmyş.
Şeýdip, ol her howada gynanyp, bir-de uly gyzy, bir-de kiçi gyzyna gynanyp aglapdyr. Günlerde bir gün enäniň aglap oturan sesini eşiden bir ýaşuly onuň deňinde saklanyp, näme üçin aglaýandygynyň sebäbini soraýar. Ene ähli arzyny gürrüň berip bolandan soňra ýaşuly mylaýym ýylgyryp: «Sen howanyň ýagdaýyny üýtgedip bileňok, gowusy sen öz pikiriňi üýtget. Gün çykanda sen uly gyzyň saýawanlary barada pikir etme-de, kiçi gyzyň aşlary barada oýlan. Gün çykyp dur. Diýmek, meniň gyzymyň aşlary gowy gurar-da, olaryň söwdasy köp bolar diýip pikir et» diýýär. Haçan-da, ýagyşly howa bolsa: «Beýle howada ähli adamlar saýawana mätäç bolarlar-da, ony uly gyzymyň dükanyndan satyn alar» diýen pikiri ýöret.
Ene ýaşulynyň beren ündewlerine begenip, ýaşula minnetdarlygyny bildirdi. Şeýlelikde, ol gynanyp aglamagyny goýdy we gyzlarynyň işlerine guwanyp başlady.
Eger-de sen ýagdaýy üýtgedip bilmeseň, oňa bolan garaýşyňy üýtgetmegi başar. Ana, şol ýagdaýda durmuş başga bir tarapa üýtgär!
30
83
kizz
18.04.2024 19:54
Sabryň miwesi
Garaşmak ynsany ýadadýar. Egin silkip: «Men näme üçin isleýan zadymy almak üçin garaşmaga mejbur edilýän?!» diýen soragy özüne ençeme gezek gaýta-gaýta berer. Darygan göwnünden çykýan bu soraga jogap tapmaýan ynsanlar üçin owal okan kitabymda gabat gelip, hiç ýadymdan çykmaýan bir sözi aýtmakçy: «Sabyr etmek – ýöne durup garaşmak däldir, öňdebaryjy garaýyşly bolmak diýmekdir. Sabyr näme? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi hyýalyňda janlandyryp bilmekdir».
Biziň «garaşmak» diýen sözümiz sabyr çeşmesiniň bir damjasydyr. Aýamyza düşen şol damjany igenip däl-de mähir bilen özümize siňdirsek her bir işiň soňy haýyrly tamamlanar. Sabyryň beren miwesini ýygnaýan ynsan bol bereketiň açaryny tapan ynsandyr. Ol datly miweleriň tagamyny asla unutmaz.
Sabyr-takat bilen ýörelen ýol jennet bakjasynyň gapysyndan elter. Geçen kynçylyklaryň, döken gözýaşlaryň bakjanyň owadan bolmagynyň esasy sebäbi bolup, azabyň, sabryň bilen guran bakjaňda ýaşamak dünýäde hiç zatdan alyp bilmejek lezzetiňi berer. Bu bolsa seni geljege ruhlandyrar. Aýagyňdaky badyň, eliňdäki güýjüň, beýniňdäki zehiniň, ýüregiňdäki ynanjyň bolar.
Gözlerimi ýumdum-da oýlanyşdym. Sabyr etmek, gör, maňa nähili owadan dünýäni peşgeş berýän ekeni. Sabryň berjek miwesini datmak ýaly zat ýokdur jahanda…
27
75
kizz
18.04.2024 06:34
Näme üçin çagalara okamak beýle möhüm?
Okamak – adamzadyň iň möhüm endiklerinden biri. Ene-atalar käwagt öz-özüne: «Näme üçin çagalara okamak beýle möhüm?» diýen soragy soraýarlar. Sebäbi bizi özüne çekýän we pikirlenmäge mejbur edýän predmetleriň içinde kitapdan gowy zat ýokdur.
Çagalykdaky iň aýdyň ýatlamalaryňyzy ýada salyň. Çagalarda ýadynda ömürboýy ertekileriň gahrymanlary galýar. Çagalar üçin sesli okamak täze dünýälere ýol açýar. Olary güldürýär, käte gözýaşlarynyň akmagyna hem getirýär, aňlarynda şekil döredip, pikirlenmäge mejbur edýär. Käte kitaplar şeýle bir tolgundyrýar welin, olary ýapmak juda kyn. Batly ses bilen kitap okamak çaganyň aňynyň ösmegine goşant goşýar Bilimiň geljegi üçin okuw irki çagalykda, okamak we ýazmak zerur bolanda bolýar.
Gaty sesli okamagyň çaganyň ösüşine oňyn täsir edýändigi hemmelere mälim bolsa gerek. Hünärmenler, ene-atalar çagalygyndan çagalaryna köp kitap okasa, şonça-da peýdasy uly bolar diýip pikir edýärler. Çagalar bilelikde wagt geçirmegi, ejesi ýa-da kakasy bilen oturmagy we kitap okamagy gowy görýärler. Galyberse-de, sesli okamak diňe bir tekste düşünmek däl, eýsem, mugallym bilen gatnaşyk gurmak diýmekdir. Şonuň üçin bilelikde okamak hem gatnaşykdyr: baglanyşygy güýçlendirýär we bilelikde çap edilen sahypalarda garaşýan başdan geçirmelere çümmek ýakymly.
Mundan başga-da, çagalar sesli okaýarka üns bilen diňlemegi öwrenýärler, her bir ownuk zada üns berýärler we şol bir wagtyň özünde olary okaýan adam bilen söhbetdeşlige girýärler. Kitapdaky belli bir mowzuk hakda, özüňiz we başgalar hakda. Bu duýgudaşlygy ösdürýär, üstesine-de çagalar öz pikirlerini söz bilen aýtmagy öwrenýärler.
Şeýlelik bilen, çagalar öz ünsüni, ýat we dil endiklerini bilmän öwrenýärler. Bu bolsa öz gezeginde mekdep sapaklaryna we synp çekişmelerine möhüm taýýarlykdyr.
30
105
kizz
25.03.2024 00:09
Ugratmak
Al şapagy ýapragyna çaýypdyr
Miwesin bireýýäm seçelän erik.
Ýol berdim, duşumdan geçdiň-de gitdiň,
Saklajak bolmadym gollarym gerip.
Düzülmedik, sazlanmadyk kirişleň
Owazy barybir hoş ýakmaz jana.
Goý, seň owsun atýan tüm gara saçlaň
Özgeleň kalbyny salsyn heýjana.
Sen indi bigäne, başga ykbally,
Bolarsyň bar zady unutmak bilen.
Maňa seniň tanyş pyşyrdyň galdy
Ýapragynda gurap giden mekgeleň.
Ýok, saňa ýalbaryp epmedim dyzym,
Diňe ak ýol diläp golum buladym.
Saňa şowhun-şagalaňyn gündiziň,
Hem gijeleň rahatlygyn diledim.
Bilýän, meniň gussam, bu günki ünjim
Başga biri üçin şatlyk hem owsun.
Ykbalymda ýok bolsaňam, şoň üçin
Gyýylmaz ýüregim, agyrmaz nebsim.
Bagtly bol,
Ýaşa sen şatlanyp-gülüp.
Bu iň uly dirilişdir, keýipdir.
Ýaşa sen meň üçin elýetmez bolup,
Elýetmez zatlaryň bary beýikdir.
Atajan ANNABERDIÝEW
19
16
kizz
03.03.2024 09:17
Öz-özüňizi açyň!
Türkmeniň bir gowy aýtgysy bar: „Özüni tanan – weli“. Eger-de öz gylyk-häsiýetiňizi, öz-özüňizi tanamak isleseňiz, bu sowallara jogap bermäge synanyşyň! Bu soraglar size öz-özüňizi açmaga kömek eder. Hany, synanyşyp görüň!
1.Siziň ýantorbaňyz hemişe…
a)Kitap-depderden, kagyz-galamdan dos-doly.
b)Kitap-depderden başga artykmaç zatlar hem bar.
ç)Ýeňiljek.
2.Siz üçin esasy zat…
a)Belli bir hünäriň, käriň eýesi bolmak.
b)Özüňi ykrar etdirmek.
ç)Wezipe, iş.
3.Siz ýöräniňizde…
a)Howlukman, endigan ýöreýärsiňiz.
b)Diýseň çalt ýöreýärsiňiz.
ç)Elleriňizi galgadyp, howlukmaç ýöreýärsiňiz.
4.Siz dost-ýarlaryňyz bilen
a)Ýygy aragatnaşyk saklaýarsyňyz.
b)Iş, sebäp bolmasa kän bir gatnaşyk saklamaýarsyňyz.
ç)Hemişe jogapkärli bolýarsyňyz.
5.Siz…
a)Kimdir biri bilen bile işleşmegi gowy görýärsiňiz.
b)Özbaşdak işlemegi halaýarsyňyz.
ç)Işleri töweregiňizdäkilere tabşyryp, olara gözegçilik etmegi halaýarsyňyz.
6.Siz öz işiňizde…
a)Maksada okgunly.
b)Haýal-ýagal, oýlanyşykly.
ç)Howlukmaç, çalt.
Netije: „a“ jogaby köp bolanlarda dury garaýyşlylyk, erkinlik, işeňňirlik bar. Olar her bir zatda oýlanyşykly, akylly hereket etmegi halaýarlar. Bir işiň başyna barjak bolanlarynda, „ýedi ölçäp, bir kesýärler“. Dost-ýarlaryna, töweregindäkilere sylanyşykly, gadyrly garaýarlar. „b“ jogaby köp bolanlar özdiýenli, ynjyk adamlardyr. Olar her bir işde maksada okgunly hereket edip, öz islän arzuwlaryna, maksatlaryna ýetmegi hem başarýarlar. Bu adamlardan guramaçy, ýolbaşçy çyksa gerek. „ç“ jogaby köp bolanlarda biperwaýlyk, durmuşa ýüzleý garaýyşlylyk, ýaltaçylyk bar. Olar başlan işleriniň soňuna ýetip bilmeýärler. Olar arzuw etmegi söýse-de, hereket etmegi o diýen halamaýarlar.
28
156
kizz
29.02.2024 14:17
Söýgüniň bir sagady ömre barabardyr.
O.Balzak
Söýmek ─ birek-birege seretmek däl-de, bilelikde bir tarapa seretmekdir.
A.Sent-Ekzýuperi
Söýgi göz bilen däl-de, ýürek bilen seredýär.
Söýgi ─ tebigatdan asyllylyk berilmedik adama hem ony bagyş edip bilýär.
W.Şekspir
Söýgüniň salan ýarasy öldürmeýär, ýöne hiç wagt ýitmeýär.
J.Baýron
Söýgi ─ bu erkek kişi bilen zenanyň arasyndaky birek-birege bagty köp bermek ýaryşydyr.
Stendal
Söýgi, edil pul ýaly, öýde gowy saklanýar.
W.Goddes
Är-aýalyň arasyndaky söýgi adamzat nesliniň dowamly bolmagyny üpjün edýär, dostluk söýgüsi ony berkidýär, azgyn söýgi ony ýumuýar we ýok edýär.
F.Bekon
Söýgi kämil kalplarda ösmek üçin, iň owadan göz öňüne getirmelerde ýaşamak üçin Asmandan berilýän sowgatdyr.
Gelwesiý
Söýgi biziň kalbymyzyň iň gowy ýüze çykmasydyr.
L.Tolstoý
Söýgi hakynda akylly sözleri aýdýan kişiniň söýgüsi ýürekden däldir.
Ž.Sand
Ýigrenje öwrülen söýgi bilen hiç bir hyjuw deňleşip bilmez.
W.Kongriw
Kimden çekinýän bolsaň, ony söýüp bilmersiň. Senden çekinýän-de seni söýüp bilmez.
Siseron
Söýgi durmuşyň köküdir.
Biz söýgi üçin dogulýandyrys.
N.Berdýaýew
Söýgüniň syrly duýgularyny başdan geçirýän adam şöhlesi bilen däl-de, hakykatyň hut özi bilen duşuşýar.
Sokrat
Haçan-da, adam öz söýgülisine bakna bolmadyk ýagdaýynda söýgüniň çür depesine dyrmaşyp bilýär.
Söýgüliň üsti bilen söýgä hyzmat et.
Oşo
Hakyky söýgi ýeke-täkdir, ýöne onuň ýasama görnüşi welin, müňlerçedir.
Diňe söýýän wagtlary adamlar bir-birini bagyşlap bilerler.
Gabanmaga diňe gabandyrmaga çalyşmaýan adam mynasypdyr.
Söýmegini bes edip, başdan geçiren söýgüsinden utanmaýan adam ýokdur.
Şeýle söýgüler bolýar, olar öz ýokary derejesine ýetende, gabanjaňlyga ýer galmaýar.
Söýgüniň bar ýerinde birek-biregi bagyşlamak hem bardyr.
F.Laroşfoku
26
38
kizz
25.02.2024 14:15
Hümmetli häsiýetler.
Şu dört häsiýet her kişiniň kämilliginden söz açýar: dosty bilen maslahatlaşmagy, duşmanyň alyna çydamagy, ajy sözi ýuwutmagy we gazap oduny öçürmegi başarýan hakyky är ýigitdir.
* * *
Şu üç usul bilen üç maksada ýetip bolýar: dost bolup duşmandan gutulmak, sabyr-kanagat bilen arzuwyňa gowuşmak we ylalaşyk bilen özgeleriň söýgüsini gazanmak.
* * *
Adam häsiýetleriniň dördüsi şu ýagdaýlaryň üstünden eltýär: özdiýenlilik — utanja, gyzmalyk — ökünje, gödeklik — goh-galmagala, ýaltalyk — kemsidilmä getirýär.
* * *
Şu dört häsiýet adamlary sandan çykarýar: men-men diýen ärleri — gysyklyk; alymlary — şöhratparazlyk; zenanlary — haýasyzlyk; başdantutma hemmesinem aldawçylyk ýekän-ýekän ýakyp-ýandyrýar.
* * *
Iň peýdaly häsiýet hem, edil şonuň ýaly, iň zyýanly häsiýet hem öwrenişmek.
* * *
Durmuşda bize her hili häsiýetdäki adamlar duşýar. Biri mylaýym, biri ýowuz, biri mähriban ýene biri has-has başgarak. Biz olaryň ýekejesinem düýbünden düzedip bilmeris. Ýöne täsir etmämizi welin bes etmeris.
* * *
Goý, sen özüňe däl-de, il saňa guwansyn. Senden gowy zatlary öwrenjek bolsun!
* * *
Bilim bilen tejribe, kasam bilen wepalylyk biri-birine bagly hazyna.
26
60