kizz
25.03.2024 00:09
Ugratmak

Al şapagy ýapragyna çaýypdyr
Miwesin bireýýäm seçelän erik.
Ýol berdim, duşumdan geçdiň-de gitdiň,
Saklajak bolmadym gollarym gerip.

Düzülmedik, sazlanmadyk kirişleň
Owazy barybir hoş ýakmaz jana.
Goý, seň owsun atýan tüm gara saçlaň
Özgeleň kalbyny salsyn heýjana.

Sen indi bigäne, başga ykbally,
Bolarsyň bar zady unutmak bilen.
Maňa seniň tanyş pyşyrdyň galdy
Ýapragynda gurap giden mekgeleň.

Ýok, saňa ýalbaryp epmedim dyzym,
Diňe ak ýol diläp golum buladym.
Saňa şowhun-şagalaňyn gündiziň,
Hem gijeleň rahatlygyn diledim.

Bilýän, meniň gussam, bu günki ünjim
Başga biri üçin şatlyk hem owsun.
Ykbalymda ýok bolsaňam, şoň üçin
Gyýylmaz ýüregim, agyrmaz nebsim.

Bagtly bol,
Ýaşa sen şatlanyp-gülüp.
Bu iň uly dirilişdir, keýipdir.
Ýaşa sen meň üçin elýetmez bolup,
Elýetmez zatlaryň bary beýikdir.

Atajan ANNABERDIÝEW
19
16
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.