Seniň gözleýän zadyň hem seni gözleýär
Kümşüň ýa-da altynyň bölejigi bolmadyk hakyky baýlyk — bu saglykdyr.
Öz akyllylygyňa gaty ynamly bolmaklyk hem akylsyzlykdyr.
Gelejek häzirki edýän zadymyza baglydyr.
Adamzadyň beýikligi adam bolmakda däl, rehimli bolmakda.
Hakyky bagt dünýäniň ähli pulundan-da köp baýlyk getirýär.
Her öý bir uniwersitetdir we öýdäki ene-atalar bolsa şol uniwerstetiň mugallymlarydyr.
Mahatma Gandi.
***
Geljegiňi geçmişiňe seredip tapmarsyň.
Ben Kubassek
***
Bilim seniň dünýäni üýtgetmekde ulanyp biljek iň kuwwatly ýaragyňdyr.
Nelson Mandela
***
Bagt taýyn duran zat däldir. Bu seniň öz işjeňligiň esasynda döreýär.
Dalaýi Lama
***
Oýun gutarar welin, şa-da, pyýada-da yzyna şol bir guta girer.
Italýan nakyly
***
Ýüzünde ýylgyryş bolmadyk adam dükan açyp oturmasyn.
Hytaý nakyly
***
Ajaýyp pursatlary ödemegiň iň gowy ýoly ondan lezzet almakdyr.
Riçard Baç
***
Seniň gözleýän zadyň hem seni gözleýär.
Jelaletdin Rumy