kizz
18.04.2024 19:54
Sabryň miwesi


Garaşmak ynsany ýadadýar. Egin silkip: «Men näme üçin isleýan zadymy almak üçin garaşmaga mejbur edilýän?!» diýen soragy özüne ençeme gezek gaýta-gaýta berer. Darygan göwnünden çykýan bu soraga jogap tapmaýan ynsanlar üçin owal okan kitabymda gabat gelip, hiç ýadymdan çykmaýan bir sözi aýtmakçy: «Sabyr etmek – ýöne durup garaşmak däldir, öňdebaryjy garaýyşly bolmak diýmekdir. Sabyr näme? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi  hyýalyňda janlandyryp bilmekdir».

Biziň «garaşmak» diýen sözümiz sabyr çeşmesiniň bir damjasydyr. Aýamyza düşen şol damjany igenip däl-de mähir bilen özümize siňdirsek her bir işiň soňy haýyrly tamamlanar. Sabyryň beren miwesini ýygnaýan ynsan bol bereketiň açaryny tapan ynsandyr. Ol datly miweleriň tagamyny asla unutmaz.

Sabyr-takat bilen ýörelen ýol jennet bakjasynyň gapysyndan elter. Geçen kynçylyklaryň, döken gözýaşlaryň bakjanyň owadan bolmagynyň esasy sebäbi bolup, azabyň, sabryň bilen guran bakjaňda ýaşamak dünýäde  hiç zatdan alyp bilmejek lezzetiňi berer. Bu bolsa seni geljege ruhlandyrar. Aýagyňdaky badyň, eliňdäki güýjüň, beýniňdäki zehiniň, ýüregiňdäki ynanjyň bolar.

Gözlerimi ýumdum-da oýlanyşdym. Sabyr etmek, gör, maňa nähili owadan dünýäni peşgeş berýän ekeni. Sabryň berjek miwesini datmak ýaly zat ýokdur jahanda…
27
73
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.