kizz
03.03.2024 09:17
Öz-özüňizi açyň!

Türkmeniň bir gowy aýtgysy bar: „Özüni tanan – weli“. Eger-de öz gylyk-häsiýetiňizi, öz-özüňizi tanamak isleseňiz, bu sowallara jogap bermäge synanyşyň! Bu soraglar size öz-özüňizi açmaga kömek eder. Hany, synanyşyp görüň!

1.Siziň ýantorbaňyz hemişe…

a)Kitap-depderden, kagyz-galamdan dos-doly.

b)Kitap-depderden başga artykmaç zatlar hem bar.

ç)Ýeňiljek.

2.Siz üçin esasy zat…

a)Belli bir hünäriň, käriň eýesi bolmak.

b)Özüňi ykrar etdirmek.

ç)Wezipe, iş.

3.Siz ýöräniňizde…

a)Howlukman, endigan ýöreýärsiňiz.

b)Diýseň çalt ýöreýärsiňiz.

ç)Elleriňizi galgadyp, howlukmaç ýöreýärsiňiz.

4.Siz dost-ýarlaryňyz bilen

a)Ýygy aragatnaşyk saklaýarsyňyz.

b)Iş, sebäp bolmasa kän bir gatnaşyk saklamaýarsyňyz.

ç)Hemişe jogapkärli bolýarsyňyz.

5.Siz…

a)Kimdir biri bilen bile işleşmegi gowy görýärsiňiz.

b)Özbaşdak işlemegi halaýarsyňyz.

ç)Işleri töweregiňizdäkilere tabşyryp, olara gözegçilik etmegi halaýarsyňyz.

6.Siz öz işiňizde…

a)Maksada okgunly.

b)Haýal-ýagal, oýlanyşykly.

ç)Howlukmaç, çalt.

Netije: „a“ jogaby köp bolanlarda dury garaýyşlylyk, erkinlik, işeňňirlik bar. Olar her bir zatda oýlanyşykly, akylly hereket etmegi halaýarlar. Bir işiň başyna barjak bolanlarynda, „ýedi ölçäp, bir kesýärler“. Dost-ýarlaryna, töweregindäkilere sylanyşykly, gadyrly garaýarlar. „b“ jogaby köp bolanlar özdiýenli, ynjyk adamlardyr. Olar her bir işde maksada okgunly hereket edip, öz islän arzuwlaryna, maksatlaryna ýetmegi hem başarýarlar. Bu adamlardan guramaçy, ýolbaşçy çyksa gerek. „ç“ jogaby köp bolanlarda biperwaýlyk, durmuşa ýüzleý garaýyşlylyk, ýaltaçylyk bar. Olar başlan işleriniň soňuna ýetip bilmeýärler. Olar arzuw etmegi söýse-de, hereket etmegi o diýen halamaýarlar.
28
154
efsane_tm
4 Mart 2024
heh 6njy jogapda ç) howlukmaç çalt diyya, netije ç bolsa yaltalykmyş.. ay🤦‍♂️
efsane_tm
4 Mart 2024
1) yantorba? bir yere gidemde arkama papka alyp eşiklemi salyba gidyan :).. 2) a-b.. 3) a-b.. 4)ç.. 5)b.. 6) a-ç..
fhny
4 Mart 2024
1A 2a 3a 4a 5a 6a hemmesi a meñkiñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.