king_tm
27.09.2023 17:51

Bu gün kim nähili nahar bişirýä?

18
153
king_tm
27.09.2023 13:50

Çilim çekmegiň ýetginjekleriň bedenine täsiri


Statistikalara görä, ýetginjekleriň her üçden biri 15 ýaşyna çenli çilim bilen tanyşýar. Mundan başga-da, olaryň ýarysy üçin bu “degişmä” we uly ýaşda hem dowam edýän endige öwrülýär.

Çilim çekip başlaýan uly ýaşly adam, haýsy töwekgelçilige uçrandygyny öňden bilýän bolsa, gynansak-da, ýaşlar diňe garaşsyzlygyny bellemäge synanyşýarlar. Ýetginjegiň bedeni temmäki tüssesine gaty ýiti reaksiýa berýär. Geliň indi, temmäkä garaşly adamlaryň bedeninde ilki bilen ejir çekýän ulgamlary bilen tanyş

bolalyň:

Beýni. Çilim çekýän ýetginjekleriň beýni öýjükleri kislorod ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Görüş. Temmäki tüssesinden, görüş korteksiniň patologiýasy ösýär, reňkler garalýar, solýar we çal bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şeýle kemçilik doly daltonizmiň döremegine sebäp bolup biler.

Köpeliş ulgamy. Hatda 20-25 ýaşa çenli bu endigi taşlap başaran ýa-da çilimi seýrek ýagdaýlarda çekýän ýetginjekler hem önelgesizligi başdan geçirýärler. Mundan başga-da, çilim çekýän zenanlarda, çanaklyk organlarynda ýüze çykýan çişmeleri has agyr geçýär, erkekler bolsa 1,5 esse köp impotensiýa (gowşaklyk) duçar bolýarlar.

16
43
king_tm
26.09.2023 18:29

Matematika dersi bilen baglanşykly mysallarda we meselelerde π (pi) sany giňden peýdalanylýar.

π sanynyň matematik manysy bo‎‎‎‎ýunça, töweregiň uzynlygynyň onuň diametrine bolan gatnaşygyny aňladýar. π sany beýleki ugurlarda hem giňden ulanylýanlygy üçin, bütin dünýäde her ýylyň 14-nji marty π sanynyň güni diýip bellenilýär. Bu sanyň doly bahasyny kesgitlemek üçin birnäçe matematikler dürli işleri geçirseler-de, olar diňe belli bir bölegini kesgitlemegi başarypdyrlar. Soňky maglumatlara görä, onuň oturdan soňky 2 trillion 700 milliard sandan ybarat bölegini kompýuteriň kömegi bilen Fabrice  Bellard hasaplapdyr.


π sany ilkinji gezek alym Arhimed tarapyndan hasaplanylýar. Arhimed ilkinji hasaplamasynda 3,14285, ikinji hasaplamasynda bolsa, 3.14084  bahalary alýar. Bu iki sanyň aralygyndaky sany alyp, π sanyň bahasy π=3.14 diýip kesgitleýär.

Arhimedden öň hem birnäçe mesopotamiýaly, gadymy gresiýaly we müsürli alymlar ýalňyş hem bolsa, bu sanyň bahasyny kesgitläpdirler. Mysal üçin mesopotamiýaly alym Heron “Metrika” atly eserinde onuň bahasynyň 3.71 –e deňdigini aýdypdyr.

π sanynyň nyşany grek elipbiýiniň 16-njy harpy bolan  π  harpydyr. Şwe‎‎‎‎ýsariýaly alym Leonard Euler 1737-nji ýylda bir eserinde bu nyşany ulanypdyr.

π sanyny dolulygyna ýat tutmak  boýunça birnäçe bäsleşikler  geçirilýär. 2005-nji ýylda Hytaýly Chao Lu bu sany ýat tutmak bäsleşiginde onuň 93 müň belgisini ýat tutupdyr, emma 67 müň 891-nji belgide ýalňyşýar we 67 müň 890 belgi bilen π sanyny ýat tutmakda dünýä rekordyny goýýar.

22
208
king_tm
26.09.2023 07:58

Awstriýa –  2023-nji ýylda Ýewropada iň köp syýahatçylary kabul ýurt boldy. Hünärmenler her birinde hemişelik ilaty bolan has gelim-gidimli şäherleri we ýurtlary deňeşdirip, syýahatçylar bilen doly ugurlaryň reýtingini düzdüler.

Maglumatlara görä, Awstriýada her bir ýerli ýaşaýja 3,6 syýahatçy düşýär. Ýurduň umumy ilaty 8,9 million adam bolup, ol ýere her ýylda 32 million töweregi syýahatçy barýar. Sanawda ikinji orny Gonkong, üçünji orny bolsa Gresiýa eýelemegi başardy.

Has isleg bildirilýän şäherleriň reýtinginde Tailandyň Phuket we Krabi, Pattaýýa ýaly ilatly ýerleri öňdebaryjydyr. Muňa garamazdan, Tailandyň özi reýtingde pes orny eýeleýär.

18
33
king_tm
25.09.2023 08:32

Halkyň öz saglygyna garaýşy durmuşyň kadaly ýagdaýy hasaplanýar . Iýmitleniş medeniýetini, zähmetiň we dynç almagyň tertibini öwrenmek, bedenini berkitmek üçin sport, syýahat ýaly çäreler bilen meşgullanmak saglygy goramagyň amatly usullary bolup durýar.

Halkyň saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň arassalygyna bagly bolup, zähmetiň, rejeli we kadaly iýmitiň işlemek bilen dynç almagyň sazlaşygyndan kemala gelýär.

Sagdyn bolmaklyk üçin biz dürli nygmatlardan her gün iýip durmalydyrys. Biziň iýýän iýmitimiz bize lezzet bermeli. Her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr: iýeniňizde howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli-dürli iýmitler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Gök önüm iýmeli, köp hereket etmeli we beden maşklaryny köpeltmeli. Adamlar öz gündelik iýmitlerinde miweli, ir-iýmişleri, gök we däne önümlerini köp mukdarda ulanmalydyr. Sagdyn bolmaklyk üçin adamlaryň öz gündelik iýýän naharlarynda esasy azyk önüminden başga iýmitleriň her dürli görnüşlerinden az-azdan goşmaklary möhümdir. Bu bedeniň saz işlemekligi üçin gerek bolan minerallaryň we witaminleriň çeşmesidir.

Häzirki döwürde adamlaryň köpüsi irden turup, ertirlik edinmeýärler. Biz bu pikiriň tarapdary däl. Islendik ýaşdaky adama ertirlik edinmeklik saglyk üçin örän möhümdir. Käbir adamlar bolsa irden turanda gyssag arada içilen bir käse çaý ýa-da köfe ýeterlik diýip hasap edýärler. Emma bu nädogry pikirdir.

Gowy ertirlik bir gije-gündizdäki kaloriýanyň üçden birini berýär. Eger siz günüňizi mümkin boldugyndan ýarma, bütewi däneden taýýarlanan şüleden başlasaňyz, iri döwülen undan bişen çörekden, bir-iki alma ýa-da miweden haýsy bolsa-da iýseňiz, onda siziň gujuryňyz we işjeňligiňiz günüň birinji ýarymynda bir kada-da saklanar.

Soňky döwürde uly ýaşly adamlar, çagalar ertirlik edinmän ýa-da diňe çaý bilen gurak garbanyp oňýarlar. Eýsem munuň nämesi erbet?

Beýle ertirlikde kletçatka örän az, iýmitiň düzüminde şeker bolandygy sebäpli ol örän çalt gana geçýär. Netijede, gandaky süýji artýar, soňam pese düşýär, ol bolsa günüň birinji ýarymynyň soňky sagatlarynda gujuryň ýitmegine getirýär.

Köp adamlar agşamlyk agyr naharlanyp, irden bolsa ertirlik kabul etmek islemeýärler. Eýsem näme etmeli? Eger agşamlyk edinjek bolsaňyz, ýeňiljek iýmitlenmeli. Agşamlykdan soň gök önümleriniň şiresini içmeli ýa-da islendik miweden iýmeli.

Bu bolsa siziň ertirine işdäňiziň açyk bolmagyna ýardam eder. Adamlaryň köpüsi ertirlikden el çekseler artykmaç agramyndan dynmagyna ýardam edýändir diýip pikir edýärler. Bu bolsa tersine. Adam ertirine iýmekden el çekip, aşa ajygýar-da, günüň galan wagtynda şonuň öwezini dolýar. Şeýle adamlaryň iş başarjaňlygy günüň birinji ýarymynyň soňky sagatlarynda has pese düşýär.

Säher bilen ir turup, maşk ediň, açyk howada gezim ediň, suwa düşüp, özüňizi tertibe getiriň. Şu endikleri çagalara-da öwrediň. Olar ertirine öz wagtynda turup, maşgalanyň beýleki agzalary bilen bile ertirlik edinmäge ýetişmeli we endik etmeli. Ýokardaky berlen maslahatlar siziň şähdaçyklygyňyzy, iş başarjaňlygyňyzy, gujurlylygyňyzy saklamaga ýardam eder.

Ir säher turup günüňizi haýyrly endiklerden başlaň!

25
138
king_tm
25.09.2023 08:23

Iň uzyn rus sözüni bilýäňizmi?


Islendik dilde bolşy ýaly, rus diliniň hem özüniň rekordlary bar. Mysal üçin, rus dilindäki iň uzyn sözi alyp göreliň Ol şeýle okalýar: «превысокомногорассмотрительствующий». 

Söz 35 harpdan durýar we Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girizilen. Onuň näme aňladýandygy bilmek üçin birnäçe gezek okamak gerek. Bu ýerde gürrüň jemgyýetde ýokary derejeli, akylly, parasatly we seresap adam barada gidýän bolmaly. Bu sözüň okalyşy sanawajy okan ýaly bolup eşidilýär.

16
37
king_tm
24.09.2023 13:04

Ejem bilen düşen suratym ýok…


Dünýäniň işleri, elmydama aýaga çolaşyp gyssaýar adamy.

Adatdaky ýaly dik aýakda durup mesge çalynan çöregi gyssanmaç iýip durdum. Ejem her gezekki ýaly meni rahatlandyrdy:

– Oglum gyssanma, arkaýyn oturyp çaýyňy iç.

– Ýok eje, işe gijä galýan. Boldy men gitdim!

– Gyssanma oglum! Ejem gözume adatdakysyndan başgaça seretdi. – Gürrüň bar!

Howlugyp sagada seretdim: Häzir ulagyma benzin guýdurmaly, işe barmaly, ýygnak…

– Näme gürrüň eje?

Ejem entägem gözlerime mähir bilen seredip durdy:

– Surata duşeli – diýdi tötänden.

Haýran galdym.

– Näme uçin?

– Ýakynda men ölýärin! Ejem bu sözi edil “goňşylara çykyp geleýin” diýen äheň bilen aýtdy. Gülip goýberdim.

– Goýsana eje! – diýdimde çykdym gitdim.

Aradan iki hepde geçdi….. Gijelerine tisginip turýanda, pikire çümýärin: sen namart, sen akmak. Şo mahal nämä güldiň, nämä? Surata düşmäne wagtyň ýokmudy? Gerek bolsa tapýaňa žurnal üçin, kitap üçin, ýaryň üçin, dostlaryň üçin, işiň üçin… Sen näme kino ýyldyzmy? Ana, bir desse suratyň ýatyr. Her hili, her ýerde…

Diňe… Diňe ejeň bilen düşen suratyň ýok…

24
46
king_tm
23.09.2023 21:33

Ýaşlyk – munuň özi adamyň ýaşaýşa bolan hyjuwynyň mizemezligidir.Adam öz ýaşlygyny ömrüniň iň gözel döwri hasaplaýar. Ýaşlykda geçiren her bir pursadyny hemişe hakydasynda saklaýar. Ýaşlykdaky güýç-kuwwat, gujur-gaýrat näçe  köp bolan hem bolsa, seriniň badyhowalygy, ham-hyýallygy sebäpli ol gujur-gaýratyň, güýç-kuwwatyň juda az ulandygy hakynda  asla oýlanmaýar…

*****

Kämillik – mähek daşy. Onuň kömegi bilen altynyň sap altyndygyny ýa-da galpdygyny kesgitläp bolýar. Adam ömrüniň “güýzi” hem mähek daşyna kybapdyr. Akyly goýalyp, kämilleşen adam öz  ýaşan ömrüniň menzillerine ser salýar. Goýberen ýalňyşlyklaryny, dogry we nädogry hereketlerini seljerýär hemde netije çykarýar…

*****

Dostluk — lezzetleriň we düşünjeleriň ylalaşmagydyr. Hiç garaşmadyk pursadyňda ýüregiňde döreýän yssy bir duýgudyr, begençdir. Durmuşda ömürlik ýoldaş boljak bu hakyky dostlukdyr. Dostlukda  wagt çägi bolmadyk, başyňa iş düşende ýetişip, gapysyny kakanyňda gözleriňe seredip aňýan, mätäç bolanyňda, gerdeniňe başyny goýup, dogan ýaly syryny paýlaşyp bilýän ynsan bu çyn dostlukdyr.  Dostluk hiç bir zada daýanmaýan söýgi bilen gurulsa uzaga çeker. Ýogsa ellerimize alan gum däneleri ýaly barmaklarymyzyň arasyndan duýman durkak ýitip gider…

*****

Söýgi – bu Zeminde düşündirip hem, düşünip hem bolmaýan gudratdyr. Söýgi adamy we dünýäni döredýän güýçdür. Söýgi ýaşaýşyň baş maksady, doganlygyň ýüze çykmasy, ýokary ahlak kadalarynyň özeni, hyzmatdaşlygyň esasydyr. Söýgüde dostluk, ýoldaşlyk, umumy bähbitler bolup bilýär.  Ol hemişe ähli ýerden, islendik ýagdaýlarda-da, ýagşyny gözleýär, şony hem tapýar.

18
35
king_tm
21.09.2023 21:31

“Güller solmaz!”— diýip, ynandyr meni…


Atajan Taganyň poeziýa ummanyndan damjalar



SÄHER  ÇAGY  DEŇIZ KENARYNDA DÖRÄN  GOŞGY


Eger  bakyşyňy bagyş etseň maňa,

Giň dünýä gözellik ýaýradardym men.

Nazarňy dirilik suwuna deňäp,

Kalby matamlyga  haýyr ederdim men.

Eger-de, sözlerňi bagyş etseň maňa,

Gargany bilbil dek saýradardym men.


Säherler näziňi bagyşla maňa,

Yşgyňa çal daňdan oýkasyn bagryn.

Suw perisi maýyl bolsun kenarda,

Tapan ýaly müň ýyl agtaran höwrün.


Ädim uruşyňy gönükdir maňa,

Seň basan yzyňa bezelsin älem.

Düzelsin seň düzüw basyşyň görüp,

Gyşaran  ýoda-da egrelen ýolam.


Ajap ýylgyrşyňy bagyşla maňa,

Tukat dünýäň gamgyn göwnün açaýyn.

Goşawujym ýylgyryşdan doldurup,

Hasratlylaň ýüz-gözüne seçeýin.


«Jak-jak» uruşyňy bagyşla maňa,

Haýran  bolsun, käkilikler, bilbiller.

Seň «jak-jakyň»  ömür goşar ömüre,

Ondan many almaz diňe dilbilmez.


Kalbyň päkligini bagyşla maňa,

Ony duýup ömre guwansyn her kim.

Gapdalyndan seýkin basyp geçeňde,

Garalyk  aklyga çalyşsyn durkün.


Hasratyň  bar bolsa, bagyşla maňa,

Senden ýaman görüp, kese bakmaýyn.

Katrasynam dünýä  bilen  paýlaşman

Baryny öz gursagymda saklaýyn.

***

Eýýäm bar zat hakydamdan çykypdyr.

Göz öňe gelenok saçyň tary-da.

Bilemok, niçiksi geçdi gijeler,

Şol gijeler—müňkürligiň ýary-da.


Bilemok,biz daňy garşy aldykmy,

Ýa-da garşy aldymyka daň bizi.

Bilemok, gülkämi ýa-da hasrata,

Nämä şaýat boldy asman ýyldyzy.


Niçik nazar bilen bakýardy gözleň,

Gülüpmidiň? Şolam çykdy ýadymdan.

Howa siňdi aýdan gabahat sözleň,

Diňe nyşan galypdyr seň adyňdan.


Hakykatçy duşman, töhmetçi dosty

Saýgarmak üçinem bar eken bir çäk.

Dostlaryň şatlygma begenmändigem,

Ýat-oýumdan çykyp gidipdir birçak.


Ýaň salsa-da geçip giden ýaşlygym,

Kalbyň salgymlara gulak asmasyn.

Bolýandyr ters işiň bähbit berýänem,

Gördüm ýagşylygňam ýaman nusgasyn.


Näziň nähilidi, özüň nähili,

Oturyp-turşuňam kem-kem unutdym.

Şol günleriň ýagşy-ýamanbaryny

Ýatlajak bolmagyn,senem unutgyn.


Haýsy nazar bilen bakýardy gözleň?

Gara kül döräpdir sönen oduňdan.

Emma bagtly günleň yzda galany,

Nämüçindir, hiç çykanok ýadymdan.

21
60
king_tm
21.09.2023 10:17

«The Economist» -iň aňtaw bölümi tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde, ýylyň iň gowy şäherleriniň sanawy yglan edildi. Ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň arasynda dürli ýerden dürli ýurtlar bar. Sanaw «Economist Global Vitality Index 2023», «Economist Intelligence Unit» (EIU) tarapyndan seljerilen maglumatlara esaslanýar.

Awstriýanyň Wena şäheri EIU kompaniýasy tarapyndan düzülen «Global Liveability Index 2023» sanawynda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäheri adyna mynasyp boldy. Awstriýanyň paýtagty, esasan, durnuklylygy, ygtybarly infrastrukturasy, nusgalyk bilimi we saglygy goraýşy, şeýle-de, ösen medeniýet derejesi bilen öňe saýlandy. Hasabatda Wenanyň birnäçe ýyl bäri yzygiderli birinji orunda durýandygy bellenilýär.


Bu sanaw düzülende, aýratyn hem, durnuklylyk, saglyk, bilim, infrastruktura, medeniýet we daşky gurşaw ýaly kategoriýalary boýunça şäherlere baha berilýär.


Ynha ilkinji onluga giren şäherleriň sanawy:


Wena (Awstriýa);


Kopengagen (Daniýa);


Melburn (Awstraliýa);


Sidneý (Awstraliýa);


Wankuwer (Kanada;.


Sýurih (Şweýsariýa);


Kalgari (Kanada);


Ženewa (Şweýsariýa);


Toronto (Kanada);


Osaka (Ýaponiýa) we Oklend (Täze Zelandiýa).


Barlaglaryň awtorlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň şäherleriniň hem sanawa goşulandygyny bellediler. Mysal üçin, Gonkong 13-nji orny eýeledi. Hasabata görä, bu ýagdaý pandemiýadan soň kadaly durmuşa geçmek bilen baglanyşyklydyr.

20
79