Halkyň öz saglygyna garaýşy durmuşyň kadaly ýagdaýy hasaplanýar . Iýmitleniş medeniýetini, zähmetiň we dynç almagyň tertibini öwrenmek, bedenini berkitmek üçin sport, syýahat ýaly çäreler bilen meşgullanmak saglygy goramagyň amatly usullary bolup durýar.
Halkyň saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň arassalygyna bagly bolup, zähmetiň, rejeli we kadaly iýmitiň işlemek bilen dynç almagyň sazlaşygyndan kemala gelýär.
Sagdyn bolmaklyk üçin biz dürli nygmatlardan her gün iýip durmalydyrys. Biziň iýýän iýmitimiz bize lezzet bermeli. Her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr: iýeniňizde howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli-dürli iýmitler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Gök önüm iýmeli, köp hereket etmeli we beden maşklaryny köpeltmeli. Adamlar öz gündelik iýmitlerinde miweli, ir-iýmişleri, gök we däne önümlerini köp mukdarda ulanmalydyr. Sagdyn bolmaklyk üçin adamlaryň öz gündelik iýýän naharlarynda esasy azyk önüminden başga iýmitleriň her dürli görnüşlerinden az-azdan goşmaklary möhümdir. Bu bedeniň saz işlemekligi üçin gerek bolan minerallaryň we witaminleriň çeşmesidir.
Häzirki döwürde adamlaryň köpüsi irden turup, ertirlik edinmeýärler. Biz bu pikiriň tarapdary däl. Islendik ýaşdaky adama ertirlik edinmeklik saglyk üçin örän möhümdir. Käbir adamlar bolsa irden turanda gyssag arada içilen bir käse çaý ýa-da köfe ýeterlik diýip hasap edýärler. Emma bu nädogry pikirdir.
Gowy ertirlik bir gije-gündizdäki kaloriýanyň üçden birini berýär. Eger siz günüňizi mümkin boldugyndan ýarma, bütewi däneden taýýarlanan şüleden başlasaňyz, iri döwülen undan bişen çörekden, bir-iki alma ýa-da miweden haýsy bolsa-da iýseňiz, onda siziň gujuryňyz we işjeňligiňiz günüň birinji ýarymynda bir kada-da saklanar.
Soňky döwürde uly ýaşly adamlar, çagalar ertirlik edinmän ýa-da diňe çaý bilen gurak garbanyp oňýarlar. Eýsem munuň nämesi erbet?
Beýle ertirlikde kletçatka örän az, iýmitiň düzüminde şeker bolandygy sebäpli ol örän çalt gana geçýär. Netijede, gandaky süýji artýar, soňam pese düşýär, ol bolsa günüň birinji ýarymynyň soňky sagatlarynda gujuryň ýitmegine getirýär.
Köp adamlar agşamlyk agyr naharlanyp, irden bolsa ertirlik kabul etmek islemeýärler. Eýsem näme etmeli? Eger agşamlyk edinjek bolsaňyz, ýeňiljek iýmitlenmeli. Agşamlykdan soň gök önümleriniň şiresini içmeli ýa-da islendik miweden iýmeli.
Bu bolsa siziň ertirine işdäňiziň açyk bolmagyna ýardam eder. Adamlaryň köpüsi ertirlikden el çekseler artykmaç agramyndan dynmagyna ýardam edýändir diýip pikir edýärler. Bu bolsa tersine. Adam ertirine iýmekden el çekip, aşa ajygýar-da, günüň galan wagtynda şonuň öwezini dolýar. Şeýle adamlaryň iş başarjaňlygy günüň birinji ýarymynyň soňky sagatlarynda has pese düşýär.
Säher bilen ir turup, maşk ediň, açyk howada gezim ediň, suwa düşüp, özüňizi tertibe getiriň. Şu endikleri çagalara-da öwrediň. Olar ertirine öz wagtynda turup, maşgalanyň beýleki agzalary bilen bile ertirlik edinmäge ýetişmeli we endik etmeli. Ýokardaky berlen maslahatlar siziň şähdaçyklygyňyzy, iş başarjaňlygyňyzy, gujurlylygyňyzy saklamaga ýardam eder.
Ir säher turup günüňizi haýyrly endiklerden başlaň!