king_tm
23.09.2023 21:33

Ýaşlyk – munuň özi adamyň ýaşaýşa bolan hyjuwynyň mizemezligidir.Adam öz ýaşlygyny ömrüniň iň gözel döwri hasaplaýar. Ýaşlykda geçiren her bir pursadyny hemişe hakydasynda saklaýar. Ýaşlykdaky güýç-kuwwat, gujur-gaýrat näçe  köp bolan hem bolsa, seriniň badyhowalygy, ham-hyýallygy sebäpli ol gujur-gaýratyň, güýç-kuwwatyň juda az ulandygy hakynda  asla oýlanmaýar…

*****

Kämillik – mähek daşy. Onuň kömegi bilen altynyň sap altyndygyny ýa-da galpdygyny kesgitläp bolýar. Adam ömrüniň “güýzi” hem mähek daşyna kybapdyr. Akyly goýalyp, kämilleşen adam öz  ýaşan ömrüniň menzillerine ser salýar. Goýberen ýalňyşlyklaryny, dogry we nädogry hereketlerini seljerýär hemde netije çykarýar…

*****

Dostluk — lezzetleriň we düşünjeleriň ylalaşmagydyr. Hiç garaşmadyk pursadyňda ýüregiňde döreýän yssy bir duýgudyr, begençdir. Durmuşda ömürlik ýoldaş boljak bu hakyky dostlukdyr. Dostlukda  wagt çägi bolmadyk, başyňa iş düşende ýetişip, gapysyny kakanyňda gözleriňe seredip aňýan, mätäç bolanyňda, gerdeniňe başyny goýup, dogan ýaly syryny paýlaşyp bilýän ynsan bu çyn dostlukdyr.  Dostluk hiç bir zada daýanmaýan söýgi bilen gurulsa uzaga çeker. Ýogsa ellerimize alan gum däneleri ýaly barmaklarymyzyň arasyndan duýman durkak ýitip gider…

*****

Söýgi – bu Zeminde düşündirip hem, düşünip hem bolmaýan gudratdyr. Söýgi adamy we dünýäni döredýän güýçdür. Söýgi ýaşaýşyň baş maksady, doganlygyň ýüze çykmasy, ýokary ahlak kadalarynyň özeni, hyzmatdaşlygyň esasydyr. Söýgüde dostluk, ýoldaşlyk, umumy bähbitler bolup bilýär.  Ol hemişe ähli ýerden, islendik ýagdaýlarda-da, ýagşyny gözleýär, şony hem tapýar.

18
35
king_tm
24 Sentýabr 2023
@1021, saol
1021
24 Sentýabr 2023
Çok guzel 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.