king_tm
24.09.2023 13:04

Ejem bilen düşen suratym ýok…


Dünýäniň işleri, elmydama aýaga çolaşyp gyssaýar adamy.

Adatdaky ýaly dik aýakda durup mesge çalynan çöregi gyssanmaç iýip durdum. Ejem her gezekki ýaly meni rahatlandyrdy:

– Oglum gyssanma, arkaýyn oturyp çaýyňy iç.

– Ýok eje, işe gijä galýan. Boldy men gitdim!

– Gyssanma oglum! Ejem gözume adatdakysyndan başgaça seretdi. – Gürrüň bar!

Howlugyp sagada seretdim: Häzir ulagyma benzin guýdurmaly, işe barmaly, ýygnak…

– Näme gürrüň eje?

Ejem entägem gözlerime mähir bilen seredip durdy:

– Surata duşeli – diýdi tötänden.

Haýran galdym.

– Näme uçin?

– Ýakynda men ölýärin! Ejem bu sözi edil “goňşylara çykyp geleýin” diýen äheň bilen aýtdy. Gülip goýberdim.

– Goýsana eje! – diýdimde çykdym gitdim.

Aradan iki hepde geçdi….. Gijelerine tisginip turýanda, pikire çümýärin: sen namart, sen akmak. Şo mahal nämä güldiň, nämä? Surata düşmäne wagtyň ýokmudy? Gerek bolsa tapýaňa žurnal üçin, kitap üçin, ýaryň üçin, dostlaryň üçin, işiň üçin… Sen näme kino ýyldyzmy? Ana, bir desse suratyň ýatyr. Her hili, her ýerde…

Diňe… Diňe ejeň bilen düşen suratyň ýok…

24
46
ahgg
24 Sentýabr 2023
Gynandyrjy
fasat
24 Sentýabr 2023
😥😥😥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.