kamil
20.07.2023 13:08

Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarynda, ähli ýagdaýlarda aljyran pursatym, kömege mätäç pursatlarym, men ony ýa-dyma salmasam‐da, ol meni unutmaýar. Arkamy tutýar, derrew kömek edýär.

Ol meniň ýolumy açýar.
 Ol maňa garaşmaýan ýerlerimden rysgal eçilýär.
 Ol meni çagasyna mährini berip, gujagyna gysýan mähriban eneden hem has gowy mähir bilen bakýar.

Kimdir biriniň göwnüne degsem, şol adam mäňa azgyrylar, igener, «bolmady» diýip zeýrener, emma Ol şeýle bir geçirimlilik eder. Munuň üçin meniň ýüzüm gyzarmaz, ýöne müýnüm ýadymda galar. Indiki säwligime çenli bu geçirimlilik huşumdan çykar gider, ýöne her hili ýag-daýlarda Oňa bil baglaýşym ýaly, Ol maňa umydymdan hem beýik ýagşylyk bilen bakar. Ol öňki unudaganlygym üçin öýkeläp durmaz.

Ýene‐de Özünden umyt edenime begener we muňa monça bolup, elin-den gelen ýagşylygy eçiler. Şonda men özümiň ýeke däldigime, arka-lydygyma, arkamyň bardygyna şükür ederin.

Hawa, biz her demde şükür edilmäge mynasyp Beýik Taňryny her günde ýürekden ýatlamzok. Onsoň beýleki adamlary ýadyňda göterip ýörmek uslyp däl bolmaly. Emma biz özümize ýagşylyk edýänleri unudýarys‐da, haýrymy‐şeri – haýsy tarapy agdyk boljagy näbelli adam-laryň yzynda aň‐hyýallarymyzy, göwünlerimizi sergezdan edip ýöris.

Men Onuň berýän nygmatyna şükür edýärin, emma çeýnän çöregim bokurdagymdan ötensoň, ýetiren ýüpek lybaslaryny egnime atamsoň, Ony bir sellem ýadymdan çykarýaryn. Käteler oturyp şeýle pikir edýärin: «Bir pursatlyk garnydokluk Ýagşylyk edýänleri unutdyryp bilýän bolsa, dynuwsyz guýulýan eşretleriň öňünde mesirgemän, az-man saklanmak aňsat iş bolmaly däl» diýýärin.

Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Elmydama häsiýetime görä ýolumy açýar. Emma melekleriň seýilgähi bolan kalbym, şeýtanyň şüdügärine öwrülip, garaňky oý‐hyýallara gurşalan pursatlarym, ho‐ol uzakdan bir ýagtylygyň göni maňa sary gelýändigini görýärin. Bolmasa men Oňa telefon bilen jaň hem edemok, elektron poçtanyň üsti bilen habar hem ýollamok, ýa‐da beýik depä çykyp gygyramogam. Ýöne maňa kömek edip dur. Özi hem edýän ýagşylygyna minnet edenok, öwezine hak‐heşdek, berim‐peşgeş soranok. Diňe ýagşy adam bolup, ilimi‐ günümi söýüp gezmegimi isleýär. Adamlara ýüz saraltman, göni Özünden soramagymy isleýär. Ýagşylyk edýäni synamak gowy gylyk hasaplanmaýar. Emma durmuş Onuň haçan has gowy görüp, haçan öýkeleýändigini aýan edýär. Bitmeýän işim üçin ilki Özünden haýyş et-män, gaýry gapylary kaksam gaty görýär. Özünden özgelere az‐kem ar-tykmaç umyt bilen baksam gaty görýär. Otugan nebsiň ugruna görä ters hereket etsem gaty görýär. Şol pursat bedew çapuwly ykbal keçjal düýe ýaly ýoluň ortasynda bögürip ýatyberýär. Onsoň, men Onuň öýkeländigine düşünip galýaryn. Ol bolsa iň bolmanda şoňa düşünenim üçin hem begenjinden iki bolup bilmeýär. Aslynda‐da Oňa birlik mahsus diýýärin. Onuň hemme kişä sözi ýöreýär. Özi hem ähli zat Onuň ýekeje sözüne bitýär. Sebäbi onuň sylagy hem, hormaty hem, güýji‐gudraty hem ýetik. Ol «Bol!» diýmese, beýlekiler «Bolýar!» diýmeýär. Şonuň üçin hem men elmydama Oňa arkalanýaryn. Sebäbi Ol meni gowy tanaýar. Gowy tanany üçin hem Özi gelip, görnüp dur-masa‐da, Özüne has ýakyn ýagşy adamlaryň üsti bilen kömek edýär.

Hawa, bu hut şeýle, ýokarda biri bar. Şol ýokardaky Biribar meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarymda Ol maňa elmydama kömek edýär.



Rahmet Gylyjow " Aýtmaly habarym bar" kitabyndan.

26
168
kamil
19.07.2023 00:49

1. Eger-de sen hemişe durmuşa ýylgyryp bilýän bolsaň, durmuşam saňa hemişe ýylgyrar.

2. Möhüm pursat: edýän zatlaryňyzyň 95%i - siziň endikleriňiz.

3. Belki-de, adamzat taryhyndaky iň beýik açyş şeýleräkdir: " Siz näme barada köp pikirlenseňiz, şolam bolarsyňyz".

4.Pikirlenişiňi üýtget-durmuşyňy üýtgedersiň.

5. Hiç wagt eýe bolmadyk zadyňy almak isleseň, hiç wagt bolmadyk görnüşiň bol.

6. Kagyzda pikirleniň. Planlamak üçin sarp edilen her bir minut, plan durmuşa geçirilende 10 minut tygşytlaýar.

7. Dolulygyna dolandyryp biljek ýeke täk zadymyz-pikirlerimiz. Ondan dogry peýdalanyň.

8. Biziň nireden gelendigimiz däl-de, nirä barýandygymyz möhüm.

9. Hiç kim sizden ökde däl. Hiç kim sizden akyllam däl. Olar diňeje öňüräk başladylar.

21
88
kamil
17.07.2023 22:45

Jon Rokfellerden "biderek" maslahatlar:

1. Puly tygşytla. Harydy nireden arzan ýa-da lomaý alyp boljagyny gözle. Satyn alynmaly zatlaryňy öňünden ýaz we diňe şol ýazylan zatlary al.

2. Eger puluňyz az bolsa, işewürlik ediň. Eger asla ýok bolsa, işewürlige şu wagt başlaň.

3. Ummasyz baýlyga barýan ýol diňe passiw girdejidedir. Ol seniň sarp edýäň güýjüňe garaşsyzdyr.

4. Passiw girdeji çeşmesini döret we öz erkiňe ýaşa!


5. Gürleş. Pul saňa diňe beýleki adamlaryň üsti bilen gelýär. Az gürleşýän adamlar örän seýrek ýagdaýda baý bolýarlar. Öz durmuşyň üçin 100% jogapkärçilik.

6. Dünýäniň baý adamlarynyň pikirlerini we terjimehalyny öwren.

7. Arzuwlar-seniň durmuşyňdaky esasy zat. Arzuw etmek we olaryň hasyl boljagyna ynanmak möhümdir! Adam arzuw etmesini goýanda, ölüp başlaýar.

8. Adamlara kömek et! Pul üçin däl-de, päk ýürekden!

21
110
kamil
14.07.2023 00:17

Kerim Gurbannepesow - "Maňlaýyndan öp"


Nämä beýdip tukat otyrsyň şahyr,

Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr,

Ola Zöhre bolsa sen bolup Tahyr,

Barda onuň edil maňlaýyndan öp ,


Maňlaydan öpende seretse aşak,

Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap,

Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap,

Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp,


Gabakdan öpende çytmasa gaşyn,

Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk,

Onsoň burun diyilýwn galadan aşyp,

Nepese maý bermän dodagyndan öp,


Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar,

Demler deme degip pyşyrdaşarlar,

Elinde titrwnde balyk goşarlar,

Maňlaýyny degirip dyrnagyndan öp,


Gysyp, gysyp,gysyp ýene-de gysyp,

Onsoň dil bilen dil deňzin susup,

Onsoň gapak döşüň ak memma basyp,

ýürek bagryň bilen ýüreginden öp,


Körpäniň içine çümdürip sagryn,

Kurçuk towuk kimin owkala bagryn,

Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun,

Goşa ternäň bally sapagyndan öp,


Bagytlysyň, bagytlysyň, bagytlysyň onsoň,

Niresinden öpseň öpüwer sen soň,

Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň soň,

Jorabyny çyykarda aýagyndan öp.


16
53
kamil
13.07.2023 20:48

Näme üçin köplenç ýagdaýda adamlar garradygyça ýüregi ýuka, mylakatly, mähirli bolýalarka? Onda-da geçmişinde näçe ýowuz bolan bolsalaram. Birhilli sogap gazanmak üçin, gowy adam bolup bu dünýäden gitmek üçin soňkyja energiýalaryny gaýgyrmazdan sarp edýärler. Ýaş wagtlary "ýolda" bolup, garranlarynda "molla" bolýarlar. Hökman garramak barada däl, rak keseli, beýleki keseller sebäpli öljegi öňünden aýdylan adamlaryňam köpüsi gowy adam bolup gitmeklige ymtylýarlar. Ýa-da öz söýýän pişeleri bilen meşgul bolýarlar. Ýagny wagtlaryny bisarpa ulanmazlyga çalyşýarlar. Bular ýaly ýagdaýlara mysallar sanardan kän...

Onda özümiz, ýagny ýaşlar barada aýdanymyzda bir gowulyk etmegimiz, söýýän işimiz bilen meşgullanmagymyz, wagtymyzy ýerlikli ulanmagymyz, üstünlikli, maliýe taýdan garaşsyz gelejek gurmagymyz üçin , umuman "nusgalyk şahsyýet" bolup dünýäden ötmegimiz üçin öljek senämiz aýdylmalymyka? Toba, toba...

23
53
kamil
11.07.2023 20:18

1.Eger iki ynsany söýýän bolsaň, ikinjini saýla. Birinjini söýen bolsaň, ikinjä aşyk bolmazdyň.

2. Eger hemmeler saňa saga sowul diýseler, bat alyp gelip çepe sowul. Iliň aýdany bilen däl, öz islegiň boýunça ýaşa.

3. Men motiwasiýa kino, kitaplara düşünemok. Isleýän adam şol zady edýä, islemese-de edenok. Bar bolany

4. Eger bir zat etmeli ýa-da ýok bolsa, şol işi ediň. Söýseňiz aýdyň, gujaklasyňyz gelse gujaklaň.. goý bolgusyzlyk ýüze çyksyn, ýöne şol işi etmedim diýibä ökünmersiňiz .

5. Hemmeler uçarda wagtlary dindara öwrülýärler.

6.Adamlar ejizligi üçin aglamaýar, olar şol wagta çenli güýçli bolandyklary üçin aglaýarlar.

7. Duşmanlardan gorkmaň, dostlardan gorkuň. Duşmanlar saňa ikilik edenok, dostlar edýär

8. Öz pikirleriň bilen ýeke galmak, howply iş... ýöne örän peýdaly.


Jonny Depp

24
130
kamil
10.07.2023 04:33

"Her kim özünde kem zat barada köp gürrüň edýär, meselem garyplar pul barada... baýlar ahlak barada"

Awtory ýadyma düşmedi

15
35
kamil
03.05.2023 03:29
*Ýewreýleriň aglabasy sosial mediada hiç zat goýmaýarlar. Sebäbi olar paýlaşmak ( поделиться, share) sözünden gorkýarlar.

~

-Monýa sen näme üçin gamgyn otursyň?

+ Ogluma täze köwüş alyp berdim we oňa köwşüni köp wagtlap geýip bilmegi üçin ýörände iki ädimden ätmegini aýtdym.

- Onsoň, näme boldy?

+ Ol samsyk 3 ädimden ädip jalbaryny ýyrtaýypdyr.

~

-Izýa, sen näme edýän?

+ Körler üçin Braýlyň elipbiýini öwrenýän.

- Näme üçin? Seniň görüşiň gowy ahyryn.

- Ont öwrensem garaňkylykda hem okap bilýärin. Tol gidirmek aladam ýok.


~

Eger kimdir biri soraga sorag bilen jogap berýän bolsa ol ýa ýewreý ýa-da talypdyr.

~

-Alo, Salam. Saşa bilen gürleşip bolarmyka?

+ Ol şu wagt ýatyr.

- Eger oýansa Artyom jaň etdi diýip aýdanyňda.

+ "Eger " näme aňladýar?

~

Ýakynda logika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýeňiji ýeňiş gazandy. Sowgat sowgat berdiler.

~

Eger öýde ýeke özüň galsaň, çyralary öçür we gorkunç kino görüp başla. Tizara sen özüňi ýeke duýmarsyň.

~

-Beýnim hany bol pikirlen, bol: Lada Sedan.

+ Baklajan.

- Bl_t. Pikirlenäýow

~

Budilnik. Indi hemme zat gutardy. Maňa indi hiç wagt jaň etme.
25
357
kamil
01.05.2023 20:11
Awtobusda iş aladaryna çümüp oturşyma duralgadan münjek bolýan adamlaryň arasyndan 5-6 ýaş töweregindäki kiçijik oglanjyga ünsüm sowuldy. Näme üçindir ony synlap başladym. Awtobusa münüp gelşine oglanjyk ýygy-ýygydan yzyna seredip birzatlar diýýärdi. Soňra has düşnükliräk eşidilip başlandy: " Ata, ata, gel mün. Öwrülen ýeriňde boş ýer bar. Seresap bol. Hawa otyraý. (Atasy pahyr kör eken). Atasy gowuja ornaşanyndan biraz soňra bütin adamlary azajyk bolsa-da oýlandyran sözler aýdylypdy: \" Ata men seniň ýanyňda..."
23
221
kamil
17.03.2023 00:03
1. Şowsuzlyk-diňeje täzeden başlamak üçin mümkinçilik, ýöne has paýhaslyrak.(Genri Ford)
2. Eger meseläni çözüp bolýan bolsa, ol barada aladalanmak gerek däl. Eger-de meseläni çözüp bolmaýan bolsa, ol barada aladalanmak manysyz.(Dalaý Lama)
3. Eger siz örän zehinli bolsaňyz we köp güýç sarp edýän bolsaňyzam, käbir netijeler üçin diňeje wagt gerek: eger siz 9 aýaly göwreli etseňizem bir aýdan çaga dogulmaz.( Uoren Baffet)
4. Her adamyň durmuşynda bagt bir gezek onuň gapysyny kakýar, ýöne ol wagt adam köplenç golaýdaky piwnoýda oturýar we hiç hili gapy kakylýanyny eşitmeýär. (Mark Twen)
5.Biziň uly kemçiligimiz tiz el üzýänligimizde. Üstünlige has dogrurak ýol-hemişe ýene bir gezek synanyşmakdyr. ( Tomas Edison)
6. Irden turyp, özüňden \"Men näme etmeli\" diýip sora. Ýatmazdan öň bolsa \"Näme etdim\" diýip. (Pifagor)
7.Garyp, şowsyz, bagtsyz, näsag adam bu \"ertir\" sözüni köp ulanýan adamdyr. ( Robert Kiýosaki)
8.Men muny isleýärin. Diymek, bu bolar. ( Genri Ford)
9.Men utulmadym, men sadaja 10000 sany işlemeýän usul tapdym. (Tomas Edison)
10. Agyr iş- bu etmeli wagtyňyz etmän üýşüren ýeňil işleriňiziň toplumydyr. ( Jon Makswel)
11. Men öň \"Hemme zadyň üýtgejegine garaşýaryn\" diýýärdim. Soňra men hemme zadyň üýtgemegi üçin birje ýoluň bardygyna-meniň özümiň üýtgemelidigime düşündim.(Jim Ron)
12. Bu gün başgalaryň islemeýän zadyny et, ertir başgalaryň ýaşap bilmeýän durmuşynda ýaşarsyň!
9
91