kamil
17.03.2023 00:03
1. Şowsuzlyk-diňeje täzeden başlamak üçin mümkinçilik, ýöne has paýhaslyrak.(Genri Ford)
2. Eger meseläni çözüp bolýan bolsa, ol barada aladalanmak gerek däl. Eger-de meseläni çözüp bolmaýan bolsa, ol barada aladalanmak manysyz.(Dalaý Lama)
3. Eger siz örän zehinli bolsaňyz we köp güýç sarp edýän bolsaňyzam, käbir netijeler üçin diňeje wagt gerek: eger siz 9 aýaly göwreli etseňizem bir aýdan çaga dogulmaz.( Uoren Baffet)
4. Her adamyň durmuşynda bagt bir gezek onuň gapysyny kakýar, ýöne ol wagt adam köplenç golaýdaky piwnoýda oturýar we hiç hili gapy kakylýanyny eşitmeýär. (Mark Twen)
5.Biziň uly kemçiligimiz tiz el üzýänligimizde. Üstünlige has dogrurak ýol-hemişe ýene bir gezek synanyşmakdyr. ( Tomas Edison)
6. Irden turyp, özüňden \"Men näme etmeli\" diýip sora. Ýatmazdan öň bolsa \"Näme etdim\" diýip. (Pifagor)
7.Garyp, şowsyz, bagtsyz, näsag adam bu \"ertir\" sözüni köp ulanýan adamdyr. ( Robert Kiýosaki)
8.Men muny isleýärin. Diymek, bu bolar. ( Genri Ford)
9.Men utulmadym, men sadaja 10000 sany işlemeýän usul tapdym. (Tomas Edison)
10. Agyr iş- bu etmeli wagtyňyz etmän üýşüren ýeňil işleriňiziň toplumydyr. ( Jon Makswel)
11. Men öň \"Hemme zadyň üýtgejegine garaşýaryn\" diýýärdim. Soňra men hemme zadyň üýtgemegi üçin birje ýoluň bardygyna-meniň özümiň üýtgemelidigime düşündim.(Jim Ron)
12. Bu gün başgalaryň islemeýän zadyny et, ertir başgalaryň ýaşap bilmeýän durmuşynda ýaşarsyň!
9
91
ideallider
17 Mart 2023
Nämçün ikije like🙁👍
numa
17 Mart 2023
Entagem yatanzokmy
atakulyyewa_humay
17 Mart 2023
Relax, düşnükli, minnetdar!
Relax
17 Mart 2023
atakulyyewa_humay,spritli içgileñ satylýan ýeri
atakulyyewa_humay
17 Mart 2023
Salam. 4-nji sözlemiňizde ,,piwnoýda" diýen söz bar, şu ýerde piwnoýda sözüniň manysy näme bolýarka?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.