Näme üçin köplenç ýagdaýda adamlar garradygyça ýüregi ýuka, mylakatly, mähirli bolýalarka? Onda-da geçmişinde näçe ýowuz bolan bolsalaram. Birhilli sogap gazanmak üçin, gowy adam bolup bu dünýäden gitmek üçin soňkyja energiýalaryny gaýgyrmazdan sarp edýärler. Ýaş wagtlary "ýolda" bolup, garranlarynda "molla" bolýarlar. Hökman garramak barada däl, rak keseli, beýleki keseller sebäpli öljegi öňünden aýdylan adamlaryňam köpüsi gowy adam bolup gitmeklige ymtylýarlar. Ýa-da öz söýýän pişeleri bilen meşgul bolýarlar. Ýagny wagtlaryny bisarpa ulanmazlyga çalyşýarlar. Bular ýaly ýagdaýlara mysallar sanardan kän...
Onda özümiz, ýagny ýaşlar barada aýdanymyzda bir gowulyk etmegimiz, söýýän işimiz bilen meşgullanmagymyz, wagtymyzy ýerlikli ulanmagymyz, üstünlikli, maliýe taýdan garaşsyz gelejek gurmagymyz üçin , umuman "nusgalyk şahsyýet" bolup dünýäden ötmegimiz üçin öljek senämiz aýdylmalymyka? Toba, toba...