Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarynda, ähli ýagdaýlarda aljyran pursatym, kömege mätäç pursatlarym, men ony ýa-dyma salmasam‐da, ol meni unutmaýar. Arkamy tutýar, derrew kömek edýär.
Ol meniň ýolumy açýar. Ol maňa garaşmaýan ýerlerimden rysgal eçilýär. Ol meni çagasyna mährini berip, gujagyna gysýan mähriban eneden hem has gowy mähir bilen bakýar.
Kimdir biriniň göwnüne degsem, şol adam mäňa azgyrylar, igener, «bolmady» diýip zeýrener, emma Ol şeýle bir geçirimlilik eder. Munuň üçin meniň ýüzüm gyzarmaz, ýöne müýnüm ýadymda galar. Indiki säwligime çenli bu geçirimlilik huşumdan çykar gider, ýöne her hili ýag-daýlarda Oňa bil baglaýşym ýaly, Ol maňa umydymdan hem beýik ýagşylyk bilen bakar. Ol öňki unudaganlygym üçin öýkeläp durmaz.
Ýene‐de Özünden umyt edenime begener we muňa monça bolup, elin-den gelen ýagşylygy eçiler. Şonda men özümiň ýeke däldigime, arka-lydygyma, arkamyň bardygyna şükür ederin.
Hawa, biz her demde şükür edilmäge mynasyp Beýik Taňryny her günde ýürekden ýatlamzok. Onsoň beýleki adamlary ýadyňda göterip ýörmek uslyp däl bolmaly. Emma biz özümize ýagşylyk edýänleri unudýarys‐da, haýrymy‐şeri – haýsy tarapy agdyk boljagy näbelli adam-laryň yzynda aň‐hyýallarymyzy, göwünlerimizi sergezdan edip ýöris.
Men Onuň berýän nygmatyna şükür edýärin, emma çeýnän çöregim bokurdagymdan ötensoň, ýetiren ýüpek lybaslaryny egnime atamsoň, Ony bir sellem ýadymdan çykarýaryn. Käteler oturyp şeýle pikir edýärin: «Bir pursatlyk garnydokluk Ýagşylyk edýänleri unutdyryp bilýän bolsa, dynuwsyz guýulýan eşretleriň öňünde mesirgemän, az-man saklanmak aňsat iş bolmaly däl» diýýärin.
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Elmydama häsiýetime görä ýolumy açýar. Emma melekleriň seýilgähi bolan kalbym, şeýtanyň şüdügärine öwrülip, garaňky oý‐hyýallara gurşalan pursatlarym, ho‐ol uzakdan bir ýagtylygyň göni maňa sary gelýändigini görýärin. Bolmasa men Oňa telefon bilen jaň hem edemok, elektron poçtanyň üsti bilen habar hem ýollamok, ýa‐da beýik depä çykyp gygyramogam. Ýöne maňa kömek edip dur. Özi hem edýän ýagşylygyna minnet edenok, öwezine hak‐heşdek, berim‐peşgeş soranok. Diňe ýagşy adam bolup, ilimi‐ günümi söýüp gezmegimi isleýär. Adamlara ýüz saraltman, göni Özünden soramagymy isleýär. Ýagşylyk edýäni synamak gowy gylyk hasaplanmaýar. Emma durmuş Onuň haçan has gowy görüp, haçan öýkeleýändigini aýan edýär. Bitmeýän işim üçin ilki Özünden haýyş et-män, gaýry gapylary kaksam gaty görýär. Özünden özgelere az‐kem ar-tykmaç umyt bilen baksam gaty görýär. Otugan nebsiň ugruna görä ters hereket etsem gaty görýär. Şol pursat bedew çapuwly ykbal keçjal düýe ýaly ýoluň ortasynda bögürip ýatyberýär. Onsoň, men Onuň öýkeländigine düşünip galýaryn. Ol bolsa iň bolmanda şoňa düşünenim üçin hem begenjinden iki bolup bilmeýär. Aslynda‐da Oňa birlik mahsus diýýärin. Onuň hemme kişä sözi ýöreýär. Özi hem ähli zat Onuň ýekeje sözüne bitýär. Sebäbi onuň sylagy hem, hormaty hem, güýji‐gudraty hem ýetik. Ol «Bol!» diýmese, beýlekiler «Bolýar!» diýmeýär. Şonuň üçin hem men elmydama Oňa arkalanýaryn. Sebäbi Ol meni gowy tanaýar. Gowy tanany üçin hem Özi gelip, görnüp dur-masa‐da, Özüne has ýakyn ýagşy adamlaryň üsti bilen kömek edýär.
Hawa, bu hut şeýle, ýokarda biri bar. Şol ýokardaky Biribar meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarymda Ol maňa elmydama kömek edýär.
Rahmet Gylyjow " Aýtmaly habarym bar" kitabyndan.